Lebap ýüpek gurçuklaryny zor bilen ýetişdirmek möwsümine girişýär

Ýüpek gurçuklary

Lebap sebitinde ýüpek gurçugyny mejbury ýetişdirmek möwsümi başlady. Ýerli ýaşaýjylar ýüpekçilikde mejbury zähmetiň ulanylmagyndan, häkimiýetleriň býujet işgärlerini we kärendeçi daýhanlary zor bilen pileçilige çekmeginden şikaýat edýär.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy sebitiň Kerki, Hojambaz we Köýtendag etraplarynda ýüpek gurçugyny ýetişdirmek möwsüminiň başlanandygyny habar berýär.

Ýöne pile önüdirijiler sebitde ýüpekçilik üçin zerur şertleriň döredilmändigini aýdýarlar. Zor bilen ýüpek gurçugyny ýetişdirmäge mejbur edilýän býujet işgärleri bolsa pile önümçiliginde mejbury zähmetiň bes edilmegini, oňa derek piläniň döwlet satyn alyş nyrhyny ýokarlandyrmak arkaly bu pudaga gyzyklanma bildirýän daýhanlarda ýüpekçilige bolan höwesiň artdyrylmagyny teklip edýärler.

Degişli maglumat Boş azaba we süteme öwrülen ýüpekçilik üçin ýene adamlardan pul ýygnalýar

“Ýüpek gurçugyny mekdeplerde we edara-kärhanalarda mejbury ýetişdirmeli edýärler” diýip, bir býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, özlerinden mejbury pile öndürmek talap edilýän býujet işgärleri özlerine ‘ynanylan’ ýüpek gurçuklaryny zibile taşlaýarlar.

“Bu ýagdaýda ýüpekden netije alyp bolmaz” diýip, býujet işgäri sözüne goşdy.

Ýüpekçilik bilen meşgullanýan kärendeçi daýhanlar bolsa piläniň döwlet satyn alyş nyrhynyň ujypsyzdygyny, gurçuk ýetişdirmek üçin zerur şertleriň döredilmändigini, tut agaçlarynyň ýetmezçilik edýändigini aýdýarlar.

“Ýüpek gurçugyny ýetişdirýän daýhanlara 1 kilogram pile üçin 25 manat pul wada berýärler” diýip, bir daýhan aýtdy, ýöne bir kilogram pile üçin has az möçberde puluň daýhana gelip gowuşýandygyny sözüne goşdy.

Türkmenistanda pile öndürmek hem pagta önümçiliginde bolşy ýaly döwlet plan borçnamasy esasynda ýerine ýetirilýär.

Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde bir oba hojalyk hünärmeni ýüpekçilik pudagynda döwletiň berk gözegçiliginiň we basyşlarynyň gowşadylmalydygyny, mejbury zähmetden el çekip, pile önümçiliginiň önüm öndürijileri höweslendirmek arkaly ösdürilmelidigini gürrüň berdi.

“Ýüpekçilikde mejbury zähmetden el çekmeli. Adamlara adalatly hak tölemeli we işsizleri iş bilen üpjün etmek strategiýasyny ulanmaly” diýip, hünärmen aýtdy.

Onuň sözlerine görä, günorta Lebapda ýüpek gurçugyndan bir ýylda üç gezek pile öndürilmegini ýola goýmaga mümkinçilik bar.

Degişli maglumat Kärendeçilere edilýän 'pile sütemi' dowam etdirilýär, lebaply daýhanlar nägile

“Günorta Lebapda ýylyň dowamynda üç sapar pile hasylynyň alynmagyny ýola goýmaly. Tut baglaryny artdyrmaly. Eger-de döwlet pile üçin 15-20 dollardan töleg tölese, adamlar öz mellek ýerlerine tut agaçlaryny ekip başlardy. Ýörite pilehanalary gurardy” diýip, oba hojalyk hünärmeni Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanda pileçilik bilen meşgullanýan daýhanlar tut agaçlarynyň ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Ýüpek gurçuklary tut ýapraklary bilen iýmitlendirilýär.

“Häzir pileçilikde bähbit bolmansoň, gyzyklanma-da ýok” diýip, hünärmen aýtdy.

“Döwlet diňe öz-özüni aldaýar. Peýda tas ýok diýen ýaly, çykdajysyny hem ödemeýär” diýip, ol sözüne goşdy.

Türkmenistanda häkimiýetler ýüpek gurçuklaryny ýetişdirmegi kärendeçi daýhanlaryň, galyberse-de käbir döwlet edara-kärhanalarynyň, şol sanda mekdepleriň üstüne ýükleýär.

Soňky sapar apreliň ortalarynda Mary sebitinde mekdep mugallymlaryndan ýüpek gurçugy üçin 20 manatdan 70 manat aralygynda pul ýygnaldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.