Azyk nyrhlary ‘keýigiň şahyna çykdy’, ilat ‘aljyraňňy’ ýagdaýda

"Gymmatçylyga nägilele bolup, içini hümledip ýören adamlary barha köp görse bolýar"

Türkmenistanda gara bazarda dollaryň resmi 3,5 manat çalyşyk bahasyndan tas 12 esse ýokarlanmagyndan soňra, ýurtda onsuz hem ençeme esse gymmatlan harytlaryň, hususanda azyk we iýmit önümleriniň bahalary düýpgöter ýokarlandy. Ykdysady çökgünligiň arasynda hojalyklar günüň dowamynda diňe bir gezek nahar edinip, eti aýda bir gezek satyn alyp oňjak bolýarlar. Galyberse-de habarçylarymyz, işsizligiň we pul ýetmezçiliginiň netijesinde, zibil taşlanýan gapyrjaklary dörýänleriň, köçelerde we bazarlarda dilegçilik edýänleriň, şeýle-de ten söwdasy bilen meşgullanmaga mejbur bolýan aýallaryň sanynyň görlüp-eşidilmedik derejede köpelýändigini habar berýärler.

Geçen hepdäniň aýagynda gara bazarda dollaryň 41 manada ýetmegi bazarlardaky harytlaryň bahalaryna hem dessine öz täsirini ýetirdi.

“Hususy dükanlarda, [gara bazarda] dollaryň durnuksyzlygy sebäpli, harytlaryň nyrhlarynyň günde iki sapar hem üýtgeýän gezekleri bolýar. Onsuz hem pulsuzlykdan kösenýän ilat egin-eşik almakdan geçen, iýmitine hem ýetirnip bilmeýär. Bahalar birçak keýigiň şahyna çykdy” diýip, maryly ýaşaýjylaryň biri 12-nji aprelde habarçymyza nägileligini bildirdi.

Habarçymyz ýurtda ortaça aýlyk hakynyň 1200 – 1300 manat aralygynda bolup durýan mahaly häzir 1 kg etiň bahasynyň 70 manada, günebakar ýagynyň 50 manada, 1 kg şekeriň 30 manada, makaronyň hem 30 manada çenli ýokarlanandygyny habar berdi.

“Marynyň döwlet dükanlarynda gündelik 3 manatdan satylýan çörek hem gaty gitse bary-ýogy 30 adama ýetýär. Uzakly gün nobatda duranyňa garamazdan, çörek alyp biljegiň gümana. Elden satylýan çörek 6-12 manat aralygynda bahalanýar. Muňa köpleriň gurby çatmaýar” diýip, 40 ýaşlaryndaky maryly habarçymyza gürrüň berdi. Atlandyrylmasyzlygyny soran raýat indi hojalyklaryň günde diňe bir wagtyna nahar edinip, güzeran geçirjek bolýandyklaryny hem sözüne goşdy.

Degişli maglumat Manadyň hümmetiniň rekord derejede peselmegi; ortaça aýlyk $24, bir kilogram et bolsa $2 çemesi

Bu aralykda, Lebapdaky habarçylarymyz hem sebitiň bazarlaryndaky bahalaryň Marydaky nyrhlar bilen deňleşendigini aýdyp, ilatyň gün-güzeran babatynda gaty aljyraňňy ýagdaýa düşendigini belleýärler.

“Türkmenabatda gymmatçylyga nägilele bolup, içini hümledip ýören adamlary barha köp görse bolýar. Etiň gymmatlamagy bilen, bazarlardaky kolbasalaryň, börekleriň, somsalaryň bahalary hem tas iki esse ýokarlandy. Mal bazarlarynda hem bir ýaşly goýunlaryň bahasy 1 müň 500 manatdan 2 müň manat boldy; ikiýaşar goýunlaryň bahasy 3 müň manada ýetdi. Adamlar öň hepdede bir gezek et alan bolsalar, indi ony aýda bir gezek satyn alýarlar” diýip, türkmenabatly ýaşaýjylaryň biri 12-nji aprelde habarçymyza maglumat berdi.

Ol sebitde – ozal dini däplere laýyklykda, adatça, degişlilikde kän bir geçginli bolmadyk – doňuz eti üçin hem görlüp-eşidilmedik derejedäki nobatlaryň emele gelip başlandygyna ünsi çekdi.

“Adamlar iri we kiçi şahly mallaryň, goýun we towuk etiniň çenden aşa ýokarlanan bahalaryna döz gelip bilmän, doňuz etini satyn alyp başladylar. Onuň 1 kg-yň bahasy 47 manat. Bazarlarda häzir esasan doňuz etiniň satylýan bölümlerinde adamlar nobata durýar, beýleki mallaryň etleriniň öňünde juda az adam görünýär. Nobatdaky duranlaryň arasynda doňuz etini ilkinji gezek satyn alýanlar hem bar” diýip, türkmenabatlylaryň biri gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, azyk gytçylygynyň arasynda paýtagt Aşgabadyň döwlet dükanlarynda hem möhleti geçip, zaýalanan et önümleriniň söwda çykarylýandygy barada maglumatlar gowuşýar.

“Şu gün paýtagtyň 32 belgili döwlet dükanynda konserwirlenen pomidor şiresindäki towuk buduny satyn aldym. Öýe baranymda, ol zaýa çykdy” diýip, aşgabatly ýaşaýjylaryň biri 12-nji aprelde maglumat berdi.

Azyk we beýleki harytlaryň düýpgöter gymmatlamagynyň arasynda, ýurtda şäherara taksi hyzmatlarynyň bahalary hem ýokarlandy. Lebapdaky habarçymyzyň maglumatyna görä, Darganata-Gazojak ugry boýunça taksi haky 10 manatdan 40 manada, Türkmenabat-Aşgabat ugry boýunça hem 800 manatdan 2 müň 500 manada galypdyr.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda hereket edýän walýutanyň iki kursy, onuň ykdysadyýete, ilata ýetirýän oňaýsyz täsirleri barada dymýarlar. Azatlygyň bu baradaky soraglaryna hem jogap bermekden ýüz öwürýärler.

Degişli maglumat HWF-nyň türkmen ykdysadyýetine berýän bahasy türkmen hökümetiniň sanlaryna çapraz gelýär

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.