Türkmenistanda içimlik suw köpler üçin elýeterli däl

Türkmenistanda suw üpjünçiliginiň gowşaklygy we turba suwunyň hiliniň pesligi sebäpli köpler agyz suwuny satyn almaga mejbur bolýarlar.

Suw ýetmezçiligi Türkmenistanyň ilatynyň ýüzbe-ýüz bolýan iň ýiti meselesi bolmagynda galýar. Köp adama arassa agyz suwy elýeterli däl. Şäherlerde suw üpjünçiligi yzygiderli togtadylýar, oba ýerlerinde köplenç merkezleşdirilen suw üpjünçiligi ýok. Häzirki wagtda ykdysady çökgünlik we ilatyň garyplaşmagy zerarly köpler agyz suwuny satyn almak mümkinçiliginden mahrum bolýar.

Şu günler Türkmenistanyň günbatarynda suw üpjünçiligi düýpgöter ýaramazlaşdy. Azatlygyň welaýatdaky habarçylarynyň maglumatlaryna görä, Türkmenbaşy şäheriniň birnäçe etraplarynda, şol sanda 1,2,3-nji kiçi etrapçasynda, şeýle hem Gyýanlyda we Hazarda suw ýaşaýyş jaýlara iki günde bir gezek irden 8-de 30 minudyň dowamynda berilýär, bu wagt aralygynda 30 litrlik gaby zordan doldurup bolýar, suwuň basyşy we hili gaty pes.

Habarçynyň sözlerine görä, suw üpjünçiliginiň öňküsinden hem azalmagy bir aý töweregi dowam edýär. Mundan ozal suw ýarym sagatlyk berlen hem bolsa, ýöne günde iki gezek irden 8: 00-dan 8: 30-a we agşam 17: 30-dan 18: 00-a çenli bolýardy.

Balkan welaýatynda we umuman tutuş ýurtda suw üpjünçiligi meselesi onlarça ýyl bäri çözülmän galýar. Häzirki wagtda Türkmenbaşy etraby iki sany suw arassalaýjy kärhana we üç sany suw basyş desgasy bilen üpjün edilýär. Deňiz suwlaryny arassalaýan kärhanalaryň biri Awaza kurort meýdançasynyň töweregindäki baglary suwarmak üçin ulanylýar. Bu barada 8-nji aprelde Azatlygyň ýerli habarçysy gürrüň berdi.

Degişli maglumat Agyz suwy desgasy durdy. Balkanda ýatyrylan maýalar 'zyýanyna işleýär'

Ýurduň ýolbaşçylary suw arassalaýjy desgalaryň gurulýandygyny yglan edip, problemanyň gerimini ykrar etmeýärler.

30 ýylyň içinde ýurtda, şol sanda paýtagtyň töwereklerinde we Balkan welaýatynda suw öndürmek we arassalamak üçin desgalar guruldy. Emma Azatlygyň habarçylarynyň we ýerli hünärmenleriň sözlerine görä, täze gurlan desgalar esasan köşklere, çüwdürimlere we gymmat bahaly täze binalara hyzmat edýär, ilat köpçüliginiň ýaşaýan ýerleriniň aglaba bölegi köne kärhanalaryň hasabyna köplenç könelişen we sandan çykýan enjamlar bilen üpjün edilýär.

Mundan başga-da, suw arassalaýan, şol sanda Balkandaky deňiz suwuny arassalaýan zawodlaryň köpüsi doly kuwwatda işlemeýär we olaryň öndürýän suwy gaplara gaplanyp, satylýar. Şeýle suwuň bahasy hem gitdigiçe ýokarlanýar.

Azatlygyň habarçylary agyz suwunyň bahasynyň ortaça 25% ýokarlandygyny habar berdiler. Hususan-da, Aşgabatda 5 litrlik çüýşe suwuň bahasy 6 manatdan 8 manata çenli ýokarlandy. Deňeşdirmek üçin 3,5 ýylyň dowamynda şol bir suwuň bahasy 100% ýokarlandy.

Türkmenbaşyda 5 litrlik gaply suwuň bahasy 14 manat, 20 litrlik gabyň bahasy 25 manat.

Onýyllyklaryň dowamynda şäherlerde ýaşaýyş jaýlaryň merkezleşdirilen suw üpjünçiligi yzygiderli kesilýär, käbir ýerlerde günüň dowamynda adaty ýagdaýda diňe birnäçe sagadyň dowamynda berilýär.

Köp ýyl bäri ýurduň obalarynda agyz suwy düýpden ýok, ilat bu meseläni özbaşdak çözmeli bolýar, şol sanda suwy satyn almaly. Iň meşhur çözgüt, suw howdanlaryny gurup, suwy ulagly getirmekden ybarat bolýar.

Degişli maglumat Darganatada ýuwuş suwy üçin zeýkeşleri ulanmak, şor ýerlere gowaça ekmezlik buýruldy

Döwlet tarapyndan suw üpjünçiligi göz öňünde tutulmadyk obalaryň ýaşaýjylary, öz hasabyna aýda iki gezek suw getirdýärler. Suw satyn almaga maddy mümkinçiligi bolmadyk maşgalalar suwsuz kösenýärler. Maryda bir suw daşaýjy ulagyň bahasy 90 manat. Suw üçin nagt tölemeli. Dekabr aýynda Mary welaýatynyň häkimliginden kömek sorap köpçülik bolup baran birnäçe obanyň ýaşaýjylary suw problemasyny çözmegi hem sorapdy.

Yssy we gurak howaly Türkmenistanyň şäherleriniň we ýaşaýyş ýerleriniň infrastrukturasynda ilat üçin mugt agyz suwly çeşmeler göz öňünde tutulmaýar. Şäheriň köçelerinde ozaldan bäri bar bolan suw çüwdürimleri we kranlary häkimiýetleriň geçirýän gurluşyk we abadanlaşdyryş işleriniň çäginde goparylyp, ýok edilipdi.

Merkezleşdirilen suw üpjünçiligi bilen baglanyşykly problemalaryň fonunda ýurduň häkimiýetleri ýurduň suw baýlyklarynyň ilat tarapyndan hususy ulanylmagyna gözegçiligi hem artdyrdylar. 2019-njy ýylda Türkmenistanyň Döwlet geologiýa gözegçilik gullugy ýerasty suw guýularynyň bellige almak kararyny yglan etdi.

Suw ýetmezçiligi Türkmenistanyň oba hojalygynda hem esasy problema bolýar. Köp ýyllaryň dowamynda suwaryş üçin suw ýetmezçiligi topragyň şorlanmagyna, hasylyň ýaramazlygyna we daşky gurşawyň zaýalanmagyna sebäp bolýar.

Türkmenistanda suw ýetmezçiligi bilen birlikde dürli ýyllarda ýüzlerçe çüwdürim guruldy we ýene gurulýar. Aşgabat suw çüwdürimleriniň sany we uly göwrümi boýunça Ginnes rekordlar kitabyna girdi.

2019-njy ýylda Türkmenistan dünýäde aşa suw ýetmezçiliginden ejir çekýän ýurtlaryň biri hökmünde ykrar edildi. Bütindünýä serişdeler instituty (WRI) tarapyndan çap edilen suw töwekgelçiligi baradaky hasabata görä, Türkmenistan aşa suw ýetmezçiligini başdan geçirýän 17 ýurduň biri.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.