Häkimiýetler din wekillerine ýurt boýunça metjitleriň açylandygy barada ilat arasynda jar etmezligi tabşyrandan soňa, 1-nji aprelde Türkmenistanda metjitleriň işine girizilen çäklendirme ýatyryldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär. Şeýle-de, habarçy ykdysady krizisiň arasynda din wekilleriniň çagyryşlarynyň ýygjamlaşmagynyň yz ýany, üç aý töweregi mundan ozal Maryda bir raýatyň "jadygöýlikde" aýyplanyp tussag edilişi barada habar berdi.
Türkmen häkimiýetleri 2020-nji ýylyň iýul aýynda koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda ýurt boýunça metjitleriň işini çäklendirdi.
Degişli maglumat Maryda howpsuzlyk gulluklary dindarlary soraga çekýär, şugulçylyk talaplaryny güýçlendirýärAzatlyk Radiosynyň habarçysy 2-nji aprelde Marynyň baş metjidinde juma namazynyň okalandygyny habar berýär. Şol bir wagtyň özünde habarçy bilen gürrüňdeş bolan maryly ýaşaýjylar metjitleriň açylmagyndan köp sanly oba adamlarynyň habarsyzdygyny aýdýarlar.
“Juma namazy metjitde jemagat bilen okaldy. Adam köp bolmady. Baş metjidiň ýarysyndan köp ýeri boş galdy. Köp adam metjitleriň açylandygyny bilmeýär” diýip, bir maryly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Habarçynyň maglumatlaryna görä, geçen hepdäniň başlarynda Maryda häkimiýetler welaýat metjitleriniň ymamlaryny ýygnap, 1-nji aprelden başlap metjitleriň açylmagyna rugsat berilýändigini aýtdylar, ýöne din wekillerinden bu barada ilat arasynda jar etmezligi tabşyrdylar.
“Adamlaryň köp bölegi habarsyz galdy. Oba ýerleriniň ymamlary metjitleriň açylandygy barada obalara jar etmediler” diýip, ençeme oba ýaşaýjylary habarçy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Türkmenistanda häkimiýetler geçen ýylyň tomsunda koronawirus pandemiýasynyň arasynda bazarlaryň, dynç alyş merkezleriniň, kafeleriň, restoranlaryň, şäherara transport gatnawlarynyň hem-de metjitleriň işini çäklendirdi.
Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralary ýurt boýunça resmi taýdan hasaba alnan koronawirus hadysasy barada habar bermeýärler.
Häkimiýetler din wekillerinden metjitleriň açylandygy barada ilat arasynda jar etmezligi talap edip, seresaplylyk bilen metjitleriň işine rugsat berýän mahaly, Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan din wekilleri Oraza aýynyň öňüsyrasynda şu aýyň dowamynda metjide gatnajak adamlaryň sanynyň köpeljekdigini çaklaýar. Ýöne din wekilleri bu ýagdaýy adamlaryň din meýilleri bilen däl, eýsem, ýurtda dowam edýän azyk krizisi bilen ilteşdirýärler.
Habarçy bilen gürrüňdeş bolan bir maryly din wekiliniň sözlerine görä, ýurtda iýmit üpjünçiligi bilen bagly dowam edýän problemalaryň fonunda metjitlerde beriljek agzaçarlara umyt baglaýan adamlaryň köpelmegine garaşylýar.
Degişli maglumat Täjigistanda pandemiýa döwründe ýapylan metjitler ýaňadan açyldyOraza aýynda musulmanlar bir aý agyz bekleýär.
Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolýan ýerli ýaşaýjylar häkimiýetleriň dindar adamlary yzarlamagy dowam etdirýändigini aýdýarlar.
Galyberse-de, olaryň sözlerine görä, ýurtda ykdysady krizis ýitileşýän döwri, soňky bir-iki ýylyň dowamynda “mollalaryň dini çagyryşlarynyň ýygjamlaşmagy bilen”, yslam dinine uýup başlandan soňra häkimiýetler tarapynda tussag edilen adamlar bar.
Bir maryly ýaşaýjy dine uýýan kakasynyň üç aý mundan ozal hukuk goraýjylar tarapyndan “jadygöýlikde” aýyplanayp, tussag edilendigini aýdýar. Habarçynyň gürrüňdeşi öz kakasynyň belli bir wagt "halk tebipçiligi" diýilýäniň bir görnüşi bilen meşgul bolandygyny aýtdy.
Ýerli ýaşaýjy kakasynyň dini ynanjy bilen baglylykda tussag edilmegi boýunça din wekillerini aýyplaýar we olaryň öz kakasyny “ýoldan çykarandygyny” aýdýar.
Galyberse-de, habarçynyň söhbetdeşi diňe kakasynyň däl, dine uýýan başga-da ençeme adamyň tussag edilendigini sözüne goşdy.
Azatlyk Radiosynyň bu barada Mary welaýatynyň polisiýa bölüminden goşmaça maglumat almak synanyşygy netije bermedi.
Ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalar Türkmenistany raýatlaryň azatlyklaryny, şol sanda din azatlygyny çäklendirmekde tankyt edýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.