Häkimiýetler metjitleriň işine girizen çäklendirmelerini 'seresaplylyk bilen' ýatyrdy, bir dindar raýaty ‘jadygöýlikde’ aýyplap tussag etdi
Häkimiýetler din wekillerine ýurt boýunça metjitleriň açylandygy barada ilat arasynda jar etmezligi tabşyrandan soňa, 1-nji aprelde Türkmenistanda metjitleriň işine girizilen çäklendirme ýatyryldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär. Şeýle-de, habarçy ykdysady krizisiň arasynda din wekilleriniň çagyryşlarynyň ýygjamlaşmagynyň yz ýany, üç aý töweregi mundan ozal Maryda bir raýatyň "jadygöýlikde" aýyplanyp tussag edilişi barada habar berdi.