Dollar gymmatlýar, hor-homsy köpelýär, prezident öz adyna sahawat gaznasyny döredýär

Şu gün Aşgabatda 1 dollar 34 manatdan alnyp, 34,50 manatdan satyldy, Maryda dollar 35 manatdan alnyp, 35,20 manatdan satyldy.

Synçylaryň käbiri dollaryň gara bazar bahasynyň has ýokarlanyp başlamagyny prezidentiň daşary ýurtlardan karz alnan onlarça milliard dollarlyk kreditler barada eden gürrüňleri bilen baglanyşdyrýar. Tankytçylar hökümetiň daşary ýurt bergileriniň aýdylýanyndan ençeme esse kändigini öňe sürýär.

Türkmenistanda dollaryň gara bazar bahasynyň yzygiderli ýokarlanmagy bilen, elektrik, gaz töleglerini töläp bilmeýän, gündelik çöregine pul tapmaýan adamlaryň köpelýändigi, prezidentiň haýyr-sahawat gaznasyny döredip, öz gazanjyndan ejizlere kömek etjekdigi habar berilýär.

30-njy martda 1 amerikan dollarynyň bahasy 35.50 manat boldy, adamlar 1 dollaryň bahasynyň 31-nji martda 37 manada çykjagyny aýdýarlar diýip, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy habar berdi.

26-njy martda dollar bu sebitde 33,20 manatdan alnyp, 33,50 manatdan satylan bolsa, paýtagtda dollaryň alyş-çalyş bahasy şol gün 33 manatdan geçdi. Şu gün Aşgabatda 1 dollar 34 manatdan alnyp, 34,50 manatdan satyldy. Maryda dollar şu gün 35 manatdan alnyp, 35,20 manatdan satlydy. Bu dollaryň resmi bahasyndan 10 esse gymmatlandygyny görkezýär.

Degişli maglumat Türkmen studentleri pula, hökümet ýeňillikli çalyşyk kursunyň ýatyrylmagyna garaşýar

Adatça bolşy ýaly, resmi bahasy 3,5 manat bolmagynda galýan dollaryň gara bazar bahasynyň yzygiderli ýokarlanmagy bilen durmuş-ýaşaýyş hem gymmatlaýar. Pandemiýa çäklendirmeleri döwründe bu ýagdaý ýurtda dilegçilik edýänleriň görnetin köpelmegine, häkimiýetleriň barha kän göze dürtülýän hor-homsy adamlary görer gözden çetleşdirmek üçin ýörite çäreleri görmegine alyp geldi diýip, Azatlygyň habarçylary habar berýär.

Mundan öň dollaryň bahasy esasan köpräk gurluşyk we senagat harytlarynyň bahasyna täsir ýetiren bolsa, indi azyk önümlerine, hususan-da etiň we çöregiň bahasyna hem göni we güýçli täsir ýetirip başlady.

"Etiň we çöregiň bahasy dollar bilen deň derejede gymmatlap başlady, öň kän edil beýle barabarlyk ýa egindeşlik bolmaýardy, adamlar has kän dowla düşüp başlady" diýip, habarçy aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri manat-dollar gatnaşyklary, esasy azyk önümleriniň bahalarynyň gymmatlamagy bilen bagly hiç bir resmi düşündiriş bermeýär.

"Pensiýalar, aýlyklar öňküligine galýar, nyrhlar bolsa günde diýen ýaly ýokarlanýar, adamlaryň ruhy pes, keýpi ýok" diýip, Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen pensioner aýtdy. Ol öz alýan 350 manat pensiýasynyň maşgalanyň üç günlük azygyna hem ýetmeýändigini, maşgaladaky bir ýa iki pensioneriň aýlygyna göz dikip oturan maşgalalaryň kändigini hem sözüne goşdy.

Resmi bolmadyk maglumatlara görä, Türkmenistanda işsizligiň derejesi birnäçe ýyl mundan öň 50%-den geçdi we ykdysady çökgünligiň güýçlenmegi, pandemiýa çäklendirmeleri sebäpli ýapylan iş ýerleriniň möçberi aýdylmaýar.

Şu aralykda Lebapda tüwiniň bahasy hem gymmatlap başlady.

"Tüwiniň we käşiriň bahasy ençeme aý bäri durnukly saklanýardy, ýöne şu ýyl derýanyň suwunyň pes boljakdygy duýdurylanyndan soň, tüwiniň bahasy her gün 10% çemesi gymmatlaýar; ýarysy süňk, 20%-i mal içegesi we öýkeni goşulan et häzir 80 manat bahalanýar" diýip, habarçy aýtdy.

Degişli maglumat Maryda mallar aç, gotur açýar. Ýarawsyz sygyrlaryň 'arzan eti' Aşgabada aşyrylýar

Onuň sözlerine görä, ýerli ilat Türkmenistany özara gürrüňçilikde "ruly döwlen, tormozy işlemeýän" awtoulaga deňeýär we "haçan, nirede saklanarka, durarka?" diýip, gorkuda ýaşaýar.

Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen dollar söwdagärleri "manadyň hümmetiniň gaçmagynyň soňy ýok" diýýärler we 1 dollaryň bahasynyň gelýän hepdelerde 50 manada çenli galmagynyň mümkindigini aýdýarlar. Emma habarçy bank resmileri bilen gürleşip, bu ýagdaý barada hiç bir düşündiriş alyp bilmedi.

Ýerli synçylaryň käbiri dollaryň gara bazar bahasynyň has ýokarlanyp başlamagyny 11-nji martda geçirilen hökümet maslahaty, prezidentiň daşary ýurtlardan karz alnan onlarça milliard dollarlyk kreditleriň üzülmeli möhletlerini yzy süýşürmek barada eden gürrüňleri bilen baglanyşdyrýar. Hökümet tankytçylarynyň käbiri internetde Türkmenistanyň daşary ýurt bergileriniň resmi habarlarda aýdylýanyndan ençeme esse kändigini öňe sürýär.

Şu aralykda TDH Türkmenistanda döredilýän täze gazna, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat etmek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna prezidentiň adyny dakmagyň teklip edilýändigini habar berdi.

Resmi habara görä, Gurbanguly Berdimuhamedow haýyr-sahawat gaznasyna öz gazanjyndan ilkinji bolup serişde goýýar we onuň "ejize hossarlyk etmegi göwnünde besleýän" ildeşler, daşary ýurtlular üçin hem açykdygyny aýdýar.

Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow hem öz wagtynda haýyr-sahawat gaznasyny döredipdi we ol gazna soň, ýygnalan serişdeleriň harçlanyşy barada açyk hasabat çap edilmezden, hökümet çalşanda ýapyldy.

Degişli maglumat Resmiler telekeçilerden ýetimler öýi üçin “meýletin ýardam” talap edýär

Synçylar Türkmenistanda diňe ýetim çagalaryň däl, maşgaladaky çagalaryň hem müňlerçersiniň ýarym açlyk şertinde ýaşaýandygyny, bu açlygyň sowet döwründen gelýändigini we sebitde çaga ölüminiň derejesiniň ýokary bolmagynyň bir sebäbiniň şu meseleden uç alýandygyny aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.