Azatlygyň çeşmelerine görä, Türkmenistanyň hökümeti talyplar üçin ýeňillikli walýuta çalyşyk kursuny ýatyrmak meselesine seredýär. Häzirki wagtda daşary ýurtlarda bilim alýan türkmenistanly ýaşlara Merkezi Bankyň resmi kursy boýunça geçirmäge rugsat berilýän puluň mukdary yzly-yzyna azaldylyp, iki aýda 50 dollara getirilen hem bolsa, bu ýat ýurtlardaky ýaşlar üçin zerurlyk bolup durýar.
Azatlygyň çeşmeleriniň biri ýeňillikli kursy ýatyrmak planlaryň daşary ýurtlardaky türkmen studentleriniň hemmesine täsir etmejegini aýdýar.
"Talyplar üçin pul çalyşygyny ýatyrmak meselesi ara alnyp maslahatlaşylýar. Ýöne bu aňsat däl. Döwlet kwotalary bilen daşary ýurtlara gidip, okaýan talyplar üçin pul geçirmek dowam etdiriler" -diýip, adyny efirde agzamazlyk şerti bilen gürleşen çeşme 25-nji martda habar berdi.
Onuň sözlerine görä, resmi kurs boýunça pul ugratmak düzgüniniň ýatyrylmagy tassyklanan halatynda, bu özbaşdak giden ýaşlara we olaryň daşary ýutlarda okaýan ugurlarynyň döwlet üçin "maksadalaýyk däl" diýlip ykrar edilenlere degişli bolar.
"Bu kategoriýany ýeňillikli pul çalyşygy mümkinçiliginden mahrum etmek planlaşdyrylýar" - diýip, çeşme aýdýar.
Degişli maglumat Türkmenistan studentlere pul geçirmelerini 'doly ýatyrmagy' meýilleşdirýärHökümetiň studentler üçin pul çalyşyk boýunça planlaryny we Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurtlarda alýan biliminiň maksadalaýyklygyna haýsy esasda baha beriljekdigini resmi taýdan anyklap bolmady. Ýurduň häkimiýetleri pul çalyşyk, ýurduň daşyna pul geçirmek kadalaryna yzygiderli girizilýän üýtgeşiklikler we raýatlaryň daşary ýurtlarda alýan bilimine talaplary barada resmi çykyş etmeýärler. Azatlyk Radiosynyň Merkezi Banka we Bilim ministrligine düşündiriş sorap eden ençeme ýüzlenmesi jogapsyz galdy.
2019-njy ýylyň mart aýynda Türkmenistan ýurtda ykrar edilen daşary ýurt uniwersitetleriniň sanawyny hem azaltdy, şu sebäpden Türkmenistandan daşary ýurtlara resmi kursdan pul ibermek mümkinçiligi Türkmenistan tarapyndan ykrar edilen dary ýurt uniwersitetlerinde okaýan talyplar üçin saklanyp galdy.
Azatlygyň çeşmesi hökümet talyplar üçin ýeňillikli kursy düýbünden ýatyrmak isleýär, ýöne häzirki wagtda ilat arasynda sosial gahar-gazap döremeginden howatyrlanýar we girizmegi göz öňünde tutýan çäreleri ölçäp görýär diýýär.
Mundan öň talyplar üçin ýeňillikli pul çalyşyk kursunyň ýatyrylmagynyň mümkindigi barada ýurduň Merkezi bankyndaky bir çeşme aýtdy.
“Häzir Merkezi Bankda ýurduň daşynda bilim alýan studentlere konwertasiýa arkaly pul ugratmak mümkinçiliklerini doly bes etmek barada çynlakaý gürrüň edilýär. Häzirlikçe anyk karara gelinmedi, ýöne uly ähtimallyk bilen munuň geljek aýdan başlap güýje girmegi mümkin” diýip, Merkezi Bankyň jogapkär işgärleriniň biri anonimlik şertinde 18-nji martda Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.
Degişli maglumat Türkmenistanyň ykdysady çökgünligi – Arkadag ýurdy heläkçilikden çykarmak isleýärmiTalyplar üçin walýutanyň ýeňillikli çalyşyk kursunyň ýatyrylmagyna degişli planlar baradaky habarlar 11-nji martda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady meseleler barada aýdyp, "resmi kurs boýunça walýuta düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçilik etmegi" hökümetden eden talabynyň yzýanyna gabat geldi.
Daşary ýurt uniwersitetlerinde okaýan Türkmenistanyň raýatlary dört ýyl bäri döwlet derejesinde konwertirlenýän walýutanyň mukdaryna girizilýän düýpli çäklendirmeler bilen ýüzbe-ýüz bolup gelýärler.
Ýanwar aýynda Western Union arkaly ýurduň daşyna iberilmegine rugsat berilen aýlyk puluň mukdary dört esse azaldylyp, 200 dollardan 50 dollara getirildi. Fewral aýynda geçirimleriň mukdary iki aýda 50 dollara çenli azaldyldy. Pul geçirmeleriniň çäklendirilmegi ene-atalaryň ýurduň häkimiýetlerine köpçülikleýin ýüz tutmagyna sebäp boldy.
Ýurduň käbir regionlarynda iki aýda 50 dollar möçberinde pul ibermek hyzmaty hemmeler üçin elýeterli däl. Köpler para bermek ýaly dürli hilelere ýüz urmaga mejbur bolýarlar.
Azatlygyň Lebap welaýatyndaky habarçysy hususan-da Farapda pul ibermek üçin nobata durmagyň hem kyndygyny we munuň üçin 30 dollar töweregi para bermeli bolýandygyny 25-nji martda aýtdy.
Türkmenistanyň Merkezi Banky milli walýutanyň resmi hümmetini 2015-nji ýylyň ýanwaryndan üýtgewsiz 3,5 manady 1 amerikan dollaryna barabar derejede saklap gelýär. Gara bazarda amerikan walýutasynyň bahasy gitdigiçe ýokarlanýar we wagtal-wagtal resmi kursdan 8-9 esse ýokary derejelere baryp ýetýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.