Baýramaly: Oba ýaşaýjylary pul nagtlaşdyrmakda kösenýär

Illýustrasiýa suraty. Bankomat nobatyna garaşýan adamlar. Türkmenistan

Türkmenistanda raýatlaryň bankomatlardan pul nagtlaşdyrmak problemalary dowam edýär. Oba ýerlerinde bu problema polisiýanyň gatyşmagy bilen has-da kynlaşýar. “Marynyň Baýramaly etrabynyň Gökdepe geňeşliginde adamlar uly kynçylyk bilen aýlyklaryny nagtlaşdyrýarlar” diýip, bir oba ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Gökdepe geňeşliginiň ýaşaýjylary ýerli bankomata hepdede bir gezek pul salynýandygyny aýdýarlar. Adamlar pul nagtlaşdyrmak umydy bilen ýerli bankomata barýar. “Ýöne bankomatyň öňünde duran polisiýa işgäri adamlaryň bank kartlaryny ellerinden alyp, puly olar üçin özi çekip berýär” diýip, oba ýaşaýjysy aýdýar.

Degişli maglumat Bankomat nobatlary: 'Men sizden karz pul sorap gelemok, meniň daban azabymy beriň'

Geňeşligiň ýaşaýjysynyň sözlerine görä, adamlaryň bankomatlardan öz elleri bilen pul çekmeklerine rugsat berilmeýär.

“Olar bankomaty başga adamlar ellese, çalt döwülýär diýip, bahana tapýarlar” diýip, oba ýaşaýjysy aýdýar.

Ýerli ýaşaýjylar polisiýanyň obalylardan bankomatlara el degirmezlik boýunça edýän talabynyň “oýnuň bir bölegidigini” aýdýarlar.

“Polisiýa 10 töweregi adamyň puluny nagtlaşdyrandan soňra, nobata garaşýan adamlara ýüzlenip: ‘Pul gutardy, indiki hepde geliň!” diýip, aýdýar” diýip, oba ýaşaýjysy gürrüň berdi. “Ýöne adamlar dargandan soňra, ol tanyş adamlaryň kartyndan pullaryny çekip berýär” diýip, sözüne goşdy.

Şeýle-de, oba ýaşaýjysy polisiýanyň adamlar üçin pul nagtlaşdyrmak işlerinde paranyň hem rol oýnaýandygyny aýtdy.

Habarçynyň söhbetdeşlerine görä, oba polisiýasy bankomatlary garawullap, ýerli ýaşaýjylary oňa golaýlaşdyrmaýan mahaly, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri pul nagtlaşdyrmak bilen bagly kynçylyklary başdan geçirmeýärler.

Degişli maglumat Manat çekmek kynlaşýar, howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna 'degişli tabşyryk' berildi

Bir oba ýaşaýjysy hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň päsgelçiliksiz pul nagtlaşdyryp bilýändigini, edaralarynda oturdylan ýörite bankomatlar arkaly özleriniň hem-de maşgala agzalarynyň kartlaryndan pul çekip bilýändiklerini gürrüň berdi.

Ýöne oba ýaşaýjylary welin, şeýle mümkinçiliklerden mahrum bolup, olar bankomatlaryň öňünde uly nobatlar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Olar häkimiýetleriň şeýle problemalary görmezligine nägilelik beýan edýärler.

Galyberse-de, habarçynyň maglumatlaryna görä, adamlaryň bankomatlardan pul çekmekde ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary welaýatyň beýleki obalarynda hem dowam edýär.

“Oba adamlaryna niýetlenen pullardan hem alýarlar, öz jübülerini doldurmak üçin adamlaryň kösençliklerini görmeýärler” diýip, habarçy bilen gürrüňdeş bolan bir oba ýaşaýjysy aýtdy.

Ýurt raýatlarynyň ençemesine görä, Türkmenistanda soňky birnäçe ýyl bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklar, hususan-da adaty halkyň durmuşyna agyr täsir ýetirdi. Nagt ýetmezçiliginiň fonunda obalaryň we şäherleriň ýaşaýjylary bankomatlardan pul çekmekde uly kynçylyklara sezewar boldy. Galyberse-de, bazarlarda we hususy söwda nokatlarynda bahalaryň aşa ýokarlanmagy adamlary esasan döwlet dükanlaryndan arzan bahadan azyk harytlaryny satyn almaga mejbur etdi.

Türkmenistanyň hökümeti koronawirus pandemiýasynyň fonunda dünýäde emele gelen ýagdaýlaryň türkmen ykdysadyýetine ýaramaz täsir edendigini boýun alsa-da, çekilen zyýanyň gerimini äşgär etmeýär.

Habarçy bilen gürrüňdeş bolan bir maryly ýaşaýjynyň sözlerine görä, zordan gün görýän oba ýaşaýjylary bankomatlaryň öňünde uly kösençlikleri başdan geçirýär.

Degişli maglumat Türkmenistanyň ykdysady çökgünligi – Arkadag ýurdy heläkçilikden çykarmak isleýärmi

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.