Marynyň welaýat prokuraturasy “Türkmengazüpjünçilik” edarasynyň “Marygazüpjünçilik” şahamçasynda barlag geçirýär. Käbir welaýat ýaşaýjylarynyň sözlerine görä, geçirilýän bu derňewler “para” diýmegi aňladýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy maglumat berýär.
17-nji martda "Türkmengazüpjünçiligiň" baş edarasy Marynyň welaýat we etrap gaz üpjünçilik edaralaryna telefon arkaly jaň edip, prokuratura işgärleriniň barlaga barýandygyny habar berdi. Telefon jaňynda her etrapdaky edara ýolbaşçylarynyň 5000 manat möçberinde "para" taýýarlamalydygy aýdyldy.
Bir etrabyň gaz üpjünçilik edarasynyň başlygynyň sözlerine görä, ýerli edaralar bu puly bermek islemeýär. “Sebäbi birden ol prokuratura işgärleri etraplara aýlansa, biz olary elimiz boş kabul etmelimi?” diýip, etrap gaz üpjünçilik başlygy habarçy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Degişli maglumat Prezident ýangyç-energetika toplumyndan nägile bolýar, bäş resmi “berk käýinç” aldyŞol sebäpden häzirlikçe aýdylýan parany bermekden saklanýan ýerli ýolbaşçylar bar.
Beýleki bir gaz üpjünçilik edarasynyň ýolbaşçysynyň sözlerine görä, etraplaryň gaz üpjünçilik ulgamlarynda derňweçiler üçin "bahanalar" az däl.
Türkmenistanda 2019-njy ýylyň ýanwarynda ilatyň gaz, suw we tok üpjünçiligi tölegli görnüşe geçirildi. Munuň bilen bir hatarda, häkimiýetleriň her hojalykdan gaz hasaplaýjy enjamlary oturtmak talaplary güýçlendi.
"Bize barlagçy gelse, bahana kän" diýip, bir ýerli ýolbaşçy mysal getirdi.
"Meselem, haýsydyr bir hojalykda gaz hasaplaýjy enjam ýok bolsa, biziň işgärlerimiz şol öý hojalygyndan her aý üçin 1000 kub metr gaz ýakandyr diýen çaklama bilen, 20 manatdan pul alýar" diýip, ol aýtdy.
Ýöne resmi bu tölegiň ýerli düzgünlere gabat gelip-gelmeýändigini aýdyňlaşdyrmady, diňe muny derňewçilere "bahana" hökmünde mysal getirdi.
Ýerli resminiň sözlerine görä, eger-de bir hojalykda bäş ýyl bäri ulanylýan gaz hasaplaýjy enjamlar Türkmenstandartlary edarasy tarapyndan öý hojalygyň öz çykdajylarynyň hasabyna barlagdan geçirilmedik bolsa, onda ol öýde gaz hasaplaýjy enjam ýok hasaplanýar.
Türkmenistanda soňky ýyllarda öýlere gaz hasaplaýjy enjamlaryny oturtmak işleri ýygjamlaşdy. Ýöne ýerli resminiň sözlerinden çen tutulsa, heniz hem gaz hasaplaýjylaryny oturtmadyk hojalyklar aýda 20 manat töleg bilen sypýar.
Ýagdaýdan habarly bir maryly ýaşaýjynyň sözlerine görä, gaz üpjünçilik edarasynyň işgärleri tarapyndan öý hojalyklardan çöplenýän pullaryň belli bir möçberi edara ýolbaşçylarynyň öz "jübülerine gidýär".
Degişli maglumat Maryda döwlet edaralarynyň işgärlerinden gaz, tok töleglerini subut etmek talap edilýärHabarçy bilen gürrüňdeş bolan bir etrap gaz üpjünçilik edarasynyň başlygynyň sözlerine görä, ýerli resmiler bu pullary "derňewçilere berilmeli para bilen" düşündirýärler.
"Her ýylda bir-iki sapar barlagçy gelýär. Her ýylda bir sapar welaýat ýolbaşçylarymyza para-pul eltip berýäris" diýip, korrupsiýa ähtimallygy barada habar beren ýerli resmi aýtdy.
Onuň sözlerine görä, öz gezeginde welaýat ýolbaşçylary bu çöplenen pullary "Türkmengazüpjünçiligiň" baş edarasyna eltip berýär.
Habarçy bilen atlandyrylmazlyk şertinde gürrüňdeş bolan beýleki bir ýerli resminiň sözlerine görä, gaz üpjünçilik edaralarynyň işgärleriniň obalarda pul ýygnamagyny ýaşyrmak üçin dürli usullardan peýdalanylýar.
"Bir ýylyň dowamynda bir obadan näçe puluň getirilendigini bilmezleri ýaly işgärleri çalşyp durmaly bolýarys" diýip, ýerli edara ýolbaşçysy aýtdy.
"Şonuň üçin, biz pul çöpleýän işgärlerimizi bir obadan beýleki oba geçirýäris, ýa-da biz olary işden çykaryp, täzesini işe alýarys" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Türkmenistanyň kanunçylygy korrupsiýa hadysalary barada habar beren döwlet gullukçylarynyň ýa-da beýleki emeldarlaryň goraglylygyny kepillendirýär.
Habarçy bilen atlandyrylmazlyk şertinde gürrüňdeş bolan ýerli ýolbaşçy, merkeze iberilýän pullara garamazdan, derňewçiler etraplara baranlarynda welaýat başlyklarynyň özlerine arka çykmaýandygyny aýtdy. "Geçen ýylda-da şular ýaly boldy" diýip, ol sözüne goşdy.
Degişli maglumat Welaýatlarda gaz ölçeýji gurallar ýetmezçilik edýär"Biz welaýatdaky edara başlygyna jaň edip, bize barlagçy geldi diýip, aýdanymyzda 'özüňiz çözgüt tapyň' diýip aýtdy” diýip, ýerli resmi gürrüň berdi.
Ol barlagçylar etraplara baranlarynda welaýat gaz edarasynyň özlerine ýardam bermeýändigini aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi we şol sebäpden welaýata ugradylýan pullaryň dereksizdigini aýtdy.
Bu aralykda, welaýat we etraplaryň gaz üpjünçilik edaralary prokuratura barlaglaryndan alada galýan mahaly, habarçynyň maglumatlaryna görä, Marynyň köp obalary gazsyzlyk sebäpli odun ýakmaga mejbur bolýarlar. Şeýle-de, söwda üçin tamdyrda çörek bişirýän hojalyklar gazçylara her aý 50 manat töleg tölemeli bolýandyklaryny aýdýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.