Köp adamly hojalyklar döwlet dükanlarynda subsidirlenen iýmit önümleriniň paýlanyşyndan nägile bolýar

Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

12-nji martda Marynyň Garagum etrabynyň köp adamly öý hojalyklarynyň 80 töweregi agzasy döwlet dükanlarynda subsidirlenen iýmit önümleriniň paýlanyşyna nägilelik bildirip, etrap häkimligine bardy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysyna görä, köpüsi aýallardan ybarat topar döwlet dükanlarynda goýberilýän subsidirlenen harytlaryň paýlanylmagynda öý hojalyklaryň düzümindäki her bir maşgalanyň aýratyn hasaplanylmaldygyny aýtdylar.

Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda ozal däp bolan aýlyk un paýoklaryndan daşgary, soňky ýyllarda güýçlenen ykdysady krizisiň fonunda towuk budy, şeker we ýumurtga ýaly önümler hem subsidirlenen azyk önümleriniň hataryna goşuldy. Bu iýmit önümleri döwlet dükanlarynda hususy söwda bilen deňeşdirilende arzan bahadan satylýar, her adama çäkli möçberde satylýar we türkmen häkimiýetleri ýurduň dürli künjeklerinde bu harytlaryň söwdasy üçin geçen ýylyň ýazynda kartoçka düzgünini girizdi, ýagny olar azyk kartlary esasynda satylyp başlandy.

Azatlyk Radiosy ýurt raýatlarynyň döwlet dükanlaryna görkezmek üçin öý müdirliklerinden resminama almakda çekýän hupbatlary barada yzygiderli habar berdi.

Degişli maglumat Türkmenistan ýene bir gezek azyk kartlaryny girizmek bilen 'ýüzbe-ýüz bolýar'

Türkmenistanda däp bolan tejribä görä, aýlyk un paýoklary üçin her maşgalanyň adam sany hasaba alynýardy. Ýöne maryly ýaşaýjylaryň sözlerine görä, beýleki subsidirlenen harytlar, şol sanda şeker döwlet dükanlarynda paýlananda, olar her öý hojalygyna niýetlenýär.

Bir häkimlik işgäri atlandyrylmazlyk şertinde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna adamlaryň ýazan arz-şikaýatlarynyň mazmuny barada habar berdi.

“Men gaýyn enem bilen bir hojalykdan girip çyksam-da, biziň rysgalymyz (paýymyz) aýry. Şol sebäpden, döwlet dükanlary kömek hökmünde arzan nyrhdan satylýan azyk önümlerini, ýagny ösümlik ýagy, towuk budy, şeker we ýumurtga ýaly azyklary her haýsymyza aýry hojalyk hökmünde aýry bermegiňizi soraýarys” diýip, bir aýal özüniň häkimlige ýazan arzasynda aýdýar.

“Köp hojalyklarda adam sany 12-13 adamdan ybarat. Bir öý hojalyga ýarym kilogram şeker köplük bolup ýaşaýan adamlaryň her haýsyna bir çemçeden hem ýetenok” diýip, ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Onuň söhbetdeşleri öý hojalyklarynda köp adamyň ýaşamagyny maşgalalaryň özbaşdak ýaşamagy üçin ýer almakda bar bolan päsgelçilikleri bilen düşündirýärler.

“Garagum etrabynda mellek ýer paýlananok. Özüň pul üýşürip, satyn almaly. Ony hem her bir hojalyk edip bilenok. Sebäbi, iş ýok. Adamlaryň ýagdaýy agyr, çörekleri gaýgy” diýip, bir ýaşaýjy gürrüň berdi.

Häkimlige arz-şikaýat bilen baran köp adamly öý hojalyklaryň käbir agzalary döwlet dükanlaryndan subsidirlenen harytlary ýeterlik mukdarda almak üçin, ýa öz maşgalalarynyň aýry öý hojalygy hökmünde hasaba alynmagyny, ýa-da özleriniň garaşsyz ýaşamaklary üçin özlerine ýer berilmegini talap etdiler.

Habarçy nägile märekäniň arasynda ozal hem bu mesele boýunça häkimlige arza beren adamlaryň bardygyny, ýöne olaryň ýagdaýyň üýtgemeýändigini aýdýandyklaryny habar berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, etrap häkimliginiň öňüne ýygnanan adamlar ýerli resmilerden jogap tapyp bilmänsoň, biraz salymdan goh-galmagal turuzyp başlady. Soňra bir häkimlik işgäri olardan gohlamazlygy talap etdi we arzalara seretmegi wada berip, nägile topary köşeşdirmäge synanyşdy.

Degişli maglumat Türkmenbaşyda azyk harytlaryny kartoçkalar boýunça satmak düzgüni girizildi

Ýöne ýygnananlaryň arasynda ozal hem birnäçe gezek bu mesele boýunça arza bilen häkimlige ýüze tutandyklaryny aýdan aýallaryň käbiri özleriniň etrap häkimi bilen duşuşmak isleýändiklerini gazaply talap etdi.

Olar işsizlikden, pulsuzlykdan we açlykdan şikaýat etdi.

Häkimligiň öňüne ýygnanan adamlaryň gykylygyndan soňra, märekäniň ýanyna iki sany polisiýa işgäri geldi. “Ýöne olar gahar-gazaply aýallaryň arasyna girip bilmän, gapdaldan synlady” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

“Häkim aýallar bilen duşuşmady” diýip, ol sözüne goşdy.

Habarçy häkimligiň bir aýal işgäriniň binadan çykyp, ýygnananlar bilen duşuşandygyny we onuň hem ýygnananlardan gohlamazlygy sorandygyny habar berdi. Ýöne ýygnananlar köşeşmedi.

“Ähli azyklaryň nyrhy öňküden 5-6 manat ýokarlandy. 1 kilogram süňkli et geçen aý 50 manatdy, şu gün 56 manat boldy” diýip, ýygnananlaryň biri häkimligiň işgärine gazaply aýtdy.

Soňra häkimlikden başga bir resmi çykdy we aýallardan öz arzalaryny tabşyrmagy hem-de ýakyn günlerde bu meselä arçynlar bilen serediljegini aýtdy.

“Ol ‘biz siziň talabyňyzy ýerine ýetireris’ diýip, zordan adamlary ugratdy” diýip, beýleki bir häkimlik işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Degişli maglumat Aşgabatda gyt harytlaryň nobatlary 100 metre çenli uzaýar, söwda tekjelerinde azyk harytlarynyň görnüşleri azalýar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.