Türkmenistanda aýal-gyzlaryň sürüjilik şahadatnamalaryny almagynda we täzelemeginde döredilýän emeli päsgelçilikler saklanyp galýar diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy habar berýär.
Halkara aýal-gyzlar güni bolan 8-nji Mart baýramçylygynyň öňüsyrasynda Döwlet ýol gözegçilik edarasyndan jaň edilip, komissiýa bilen duşuşyga çagyrylan aýallar ilki begendiler, emma soň ýitiren wagtlaryna gynanmaly boldular.
On ýyllyk möhleti geçen sürüjilik şahadatnamalaryny täzelemek üçin geçen ýylyň dekabrynda dokumentlerini tabşyran zenanlary 3-nji martda Çoganlyda komissiýa bilen duşuşmaga çagyrdylar.
"Aýallar polisiýanyň komissiýa bilen duşuşyk diýýänine begenip bardylar, sebäbi bu şahadatnama garaşmagyň soňlanyp biljegini aňladýardy" diýip, Azatlygyň habarçysy 250-ä golaý aýalyň hakykatda nobatdaky çäre üçin çagyrylandygyny habar berýär.
Degişli maglumat Aşgabatda 40 ýaşyna ýetmedik aýal-gyzlaryň sürüjilik şahadatnamasynyň möhleti uzaldylmaýarÝerli synçylar Gurbanguly Berdimuhamedow prezident bolaly bäri ilat üçin "artykmaç bir işe" öwrülen dabaraly çäreleriň pandemiýa sebäpli biraz böwşeňländigini, emma garaşsyzlyk baýramyna we Aşgabadyň 140 ýyllygyna görülýän taýýarlyklaryň öňde duran uly dabaralardan habar berýändigini aýdýarlar.
45-60 ýaş aralygyndaky aýallara Çoganlyda köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek barada taýýarlanan filmi görkezdiler. Şeýle-de, bu çärä dürli güýç gurluşlarynyň we Zenanlar birleşiginiň wekilleri çagyryldy.
Telekameralarda ýazgy edilen çärede aýallara köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek zerurlygy barada dilden hem düşündiriş berdiler we olaryň ählisiniň "ir ýa-da giç sürüjilik şahadatnamasyny aljakdygyny aýtdylar.
"Tolgunmak gerek däl, size gelmeli wagtynda jaň ederler" diýip, dekabrdan bäri garaşýan aýallary hiç bir anyk sene aýtman köşeşdirdiler.
"Bu çäre iki sagat töweregi dowam etdi, üstesine ýol hem esli wagt aldy" diýip, çärä gatnaşan aýallaryň biri aýtdy.
"Aýallar biderek wagt ýitirdi, görnüşinden, ýene 2-3 aý jaň edilmegine garaşmaly boljak, dokumentleri 1-nji sentýabrda kabul edip başladylar, şondan bäri garaşyp oturyn" diýip, Azatlygyň ikinji söhbetdeşi aýtdy.
Olaryň gürrüň bermeklerine görä, sürüjilik şahadatnamalaryny ilkinji nobatda ilçihanalaryň işgärleri we degerli ýerlerde tanyşlary bolan aýallar aldy.
Fewral aýynda 60 ýaşdan geçen we maşgalasynda ýarawsyz agzasy bolan aýallar hem sürüjilik şahadatnamasyny aldy, ýöne esasy köpçüligiň şahadatnama möhümini bitirmek işi dowamly süýrenjeňlige salynýar diýip, habarçy aýtdy.
Degişli maglumat Aşgabatda 40 ýaşyna ýetmedik zenanlaryň sürüjilik şahadatnamasynyň möhletini uzaltmak üçin arzalar kabul edilip başlandyAzatlygyň habarçylary türkmenistanly zenanlaryň täze sürüjilik şahadatnamalaryny almagynda we köne, möhleti dolan şahadatnamalary täzelemeginde "görýän görgüleri" barada yzygiderli habar berýär.
Bu kösençlikler geçen ýylyň dekabrynda, "bolanok" diýen bir söz bilen köpçülikleýin kabul edilmeýän dokumentler kabul edilip başlanda, ahyrynda soňlanar öýdüldi.
Şol bir wagtda, türkmen paýtagtynda şäher häkiminiň kömekçisi bolup işlän we soňra türmä basylan aşgabatly zenanyň Moskwa gelip, "Memorial" merkezine beren gürrüňine görä, sürüjilik şahadatnamasyny almak üçin para bermäge mejbur bolýan aýallar hem bar.
Emma türkmen häkimiýetleri sürüjilik şahadatnamasy, ýol gözegçiligi, şeýle-de köçe-ýol hadysalary, adam heläkçiligi bilen bagly korrupsiýa barada hiç bir maglumat çap etmeýär.
Degişli maglumat Öňki tussag Türkmenistandaky 'başdan geçirmelerini' gürrüň berýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.