Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly 6-njy martda Aşgabatda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we türkmen kärdeşi Reşit Meredow bilen aýry-aýrylykda duşuşyp, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ilerletmek maslahatyny etdi, emma türkmen DIM-iniň resmi habarynda Türkiýäniň prezidentiniň Aşgabada sapar etmek ähtimallygy baradaky maglumatlar asla agzalmady.
Şol bir wagtda-da DIM anyklaşdyrmazdan taraplaryň iki ýurduň gatnaşyklarynyň derejesine “ýokary baha berendigini”, “däp bolan ägirt uly mümkinçilikleri durmuşa geçirmek” barada maslahat edilendigini aýdýar.
Degişli maglumat Ankarada Türkmen-Türk we Azerbaýjan hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldyTürk mediasynyň maglumatyna görä, duşuşykda Türkiýäniň prezidentiniň Türkmenistana etjek sapary barada hem gürrüň edilipdir. Mewlut Çawuşogynyň türk metbugatyna aýtmagyna görä, ikitaraplaýyn sammit, belki-de, şu ýylyň tomsunda, iýun ýa iýul aýynda geçiriler.
Bu sammitiň COVID-19 pandemiýasy sebäpli yza süýşürilendigi aýdylýar.
Çawuşogly türkmen TW-sine beren gürrüňinde türk-türkmen we azerbaýjan liderleriniň sammitine görülýän taýýarlyk barada söz açyp, türk prezidentiniň türkmen kärdeşi bilen telefonda gürleşendigini, Berdimuhamedowyň Rejep Taýyp Erdogany Aşgabatda geçiriljek sammite çagyrandygyny aýtdy.
Berdimuhamedow duşuşykda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisi taslamasynyň Türkiýäniň Çalyk energy kompaniýasyna ynanylandygy belledi, türkiýeli myhman bolsa oňa “türk işewürlerine berýän goldawy üçin tüýs ýürekden” minnetdarlyk bildirdi.
Aşgabatdaky gepleşikler Türkmenistanyň baş diplomatynyň golaýda Ankara sapar edip, Türkiýäniň prezidenti bilen duşuşmagynyň, şeýle-de türk-türkmen we azerbaýjan diplomatlarynyň maslahatyna gatnaşmagynyň yz ýanyna gabat geldi.
Türk-türkmen gatnaşyklaryny ýakyndan synlaýan synçylaryň pikiriçe, Aşgabat bilen Ankaranyň arasyndaky gatnaşyklar hem ykdysady, hem syýasy sebäpler esasynda barha çylşyrymlaşýana meňzeýär.
Degişli maglumat Stambulda saklanan türkmen aktiwisti polisiýanyň tussaghanasyndan boşadyldyTürkmenistanyň Türkiýedäki we Ysraýyldaky ilçisi bolup işlän Nurmuhammet Hanamowyň pikiriçe, ýokary derejede guralýan duşuşygyň pandemiýa sebäpli däl-de, başga sebäpler esasynda gijikdirilýän bolmagy hem mümkin.
“Türkiýede ýaşaýan [türkmen] migrantlarynyň soňky döwürlerde aktiw bolmagy Türkmenistan üçin, Berdimuhamedow üçin gaty ýakymsyz habar. Bu [Saparmyrat] Nyýazow döwründe hem şeýledi, o döwürde beýle aktiwlik bolmasa-da, ýurt daşyndaky gazetlerde, Orsýet bolsun, Türkiýe bolsun, Türkmenistan barada bir makala çyksa, ol uly goh edip, iki gijeläp ýatyp bilmän, ähli kişini aýaga galdyryp, DIM, IIM, MHM ýaly guramalardan çäre görmegi talap edýärdi” diýip, Hanamow gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, Türkiýedäki türkmenleriň aktiwleşmegi Berdimuhamedowa “gaty agyr degýär” we ol iki doganlyk ýurduň arasynda “beýle zat bolmaly däl, Türkiýe [muňa] çäre görmeli” diýip pikir edýär, Ankaradan “öýke-kine saklaýar”.
Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň çylşyrymlaşmagynyň ýene bir sebäbi bolsa, öňki ilçiniň pikiriçe, türk işewürleriniň Türkmenistanda eden işleri üçin doly hasaplaşyp bilmezlikleri bilen bagly bolup biler.
Degişli maglumat Taganowa: Meni Tihanowskaýa deňemek ýalňyş. Ýöne biz talap etmesek, hiç kim bize azat we adalatly durmuşy sowgat bermez“Soňky döwürlerde Türkmenistanda işlän türk firmalarynyň bir topary eden işleriniň hakyny alyp bilmän, halkara derejesinde sudlaşmaga çenli baryp ýetdi. Bu uly mesele we onuň gozgalyp durmagy Berdimuhamedowa agyr degýär” diýip, Hanamow aýtdy.
Öňki diplomatyň pikiriçe, türkmen prezidenti nähili görse-de, türk ýolbaşçylary Türkiýäniň iş adamlarynyň hukuklaryny goramaga mejbur we ikitaraplaýyn gepleşikler geçirilen wagtynda bu meselelerden hemişe sowlup geçip bolmaýar.
Şeýle-de, Hanamowyň pikiriçe, Türkiýe Türkmenistandaky amatly iş kontraktlaryny almak üçin, Aşgabada ýaranmak maksady bilen, bu ýurtdaky aktiwistlere belli bir derejede basyş görkezse-de, olaryň has aktiwlerini deportasiýa etmek çäresine ýüz urjaga meňzemeýär.
“Bu Türkiýe üçin gaty agyr mesele. Sebäbi Türkiýe deportasiýa edilen adamyň baran ýurdunda agyr ýagdaýa düşmek ähtimallygyny nazara almak baradaky halkara kanunçylygyna boýun egýär” diýip, Awstriýada ýaşaýan N.Hanamow Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen algy-bergi dawalaryna köp uçraýar. Bu prezident Berdimuhamedow bilen iň uzak we ysnyşykly işleşen Erol Tabança ýa-da “Polimeks" türk kompaniýasy babatda hem şeýle boldy.
Aşgabatda Olimpiýa şäherçesini guran "Polimeksiň" ozaly Aşgabatda öňki täze uçar menziliniň ýerine gurlan has uly howa menziliniň gurluşygynda eden işleriniň hakyny doly alyp bilmändigi barada maglumatlar çykdy, soň bu kompaniýa Aşgabat-Türkmenbaşy ýolunyň gurluşygyny taşlap, ýurtdan çykdy. Emma türkmen häkimiýetleri bu "dawalara" hiç bir düşündiriş bermedi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.