Türkmenistanda işlän döwründe türkmen gurluşyk firmalaryndan zähmet haklaryny alyp bilmeýändigini aýdyp, geçen ýylyň ahyrynda Ankaradaky türkmen ilçihanasynyň öňünde proteste başlan türk işçileriniň bir bölegi Azatlyk Radiosynda özleri barada berlen maglumatlardan soň, üç türkmen gurluşyk firmasyndan biri bilen problemanyň çözülmegi barasynda, ylalaşyga gelinendigini aýdyp, Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna minnetdarlyk bildirdi.
Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan “Ajaýyp bina” atly türkmen gurluşyk firmasynda işlän türk işçilerinden bir gurluşyk hünärmeni şeýle diýdi:
“Biziň problemamyzyň Azatlyk Radiosynda efire berilmeginden soň, Türkmenistandaky degişli taraplar aýaga galdy we töwellalar başlady.
“Ajaýyp bina” atly türkmen gurluşyk firmasynyň baş müdiri 5-nji fewralda Stambula geldi we algysy bolan türk işçileri bilen ylalaşyga gol çekilýänçä, gepleşikler 8-10 sagada çekdi. Sebäbi türk işçileriniň hasaby bilen türkmen firmasynyň hasaby gabat gelmeýärdi. Türk işçileri dawanyň mundan beýläk dowam etmegini islemändigi üçin töwekgelçilik etdi we munyň netijesinde hasaplarda bir ylalaşyga gelindi. Türk işçileriniň tölenmedik zähmet haklarynyň belli bir bölegi kesildi. Soň gol çekmek üçin taýýarlanan ylalaşygyň maddalary närazylyk döretdi we soň protokolyň üstünde köp wagtlap işledik. Galan zähmet haklarynyň ýüzden 20 göterimi manat, ýüzden 80 göterimi bolsa dollar görnüşinde tölenmeli diýen ylalaşyga gelindi. Onsoň türkmen gurluşyk firmasy tölegiň manat görnüşindäki zähmet hakyň ýüzden 7 göterimini Stambulda türk işçilerine paýlap berdi. Zähmet haklarynyň galan bölegini bolsa mart aýynyň başynda tölemäge wada berdiler.
Beýleki tarapdan, türkmen resmileri türk işçileriniň Azatlyk Radiosy bilen yzygiderli aragatnaşykda bolmagyndan biynjalyk bolýarlar. Biz Stambulda ylalaşyga gelenimizden soň, Azatlyk Radiosynda zähmet haklaryny alyp bilmeýän beýleki türk işçileri bilen baglanyşykly bir habarda ulanylan suratdaky şygarda olaryň firmasynyň hem adynyň ýazylandygyny görüp, mundan gaty biynjalyk bolandygyny bildirdiler. Ýagny Azatlyk Radiosynyň habaryndan soň türkmen resmileri bu meseläni yzarlap, yzyny idäp durlar ekeni”.
Beýleki türkmen gurluşyk firmalaryndan zähmet haklaryny alyp bilmeýän türk işçileriniň wekili Ramazan bolsa Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda şeýle diýýär:
“Türk işçileriniň bir böleginiň zähmet hakynyň tölenjegi barasynda ylalaşyga gelinmeginde, Azatlyk Radiosynyň taýýarlan habarynyň diýseň uly täsiri boldy we munyň üçin olar Azatlyk Radiosyna sagbolsun aýdýarlar. Biz 23-nji fewralda Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasynyň öňünde zähmet haklarymyzy tölemeýän türkmen gurluşyk firmalaryny protest etmäge Türkiýede dowam edýän adatdan daşary ýagdaý düzgüninde ýöreýişleriň gadaganlygy sebäpli Ankaranyň welaýat häkimliginden ýörite rugsat soradyk. Indi rugsat berilse-de berilmese-de başga çärämiz galmady, ýagny biz 23-nji fewralda türk işçileriniň zähmet haklaryny tölemeýän beýleki türkmen gurluşyk firmalaryny ähli maşgala agzalarymyzyň gatnaşmagynda, Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasynyň öňünde protest etmek isleýäris”.
Sözi jemläp aýtsak, türk işçileriniň arza-şikaýat edýän degişli türkmen gurluşyk firmalary bu ýagdaý barasynda nähilidir bir kommentariýa bermeýändigi sebäpli, Azatlyk Radiosy olaryň adyny efirde tutmakdan saklanýar.