Türkmenistanda howanyň birde maýlap, birde sowamagy ekerançylyga ýaramaz täsir ýetirdi, daýhanlary hem uly zyýana goýdy. Azatlygyň ýurduň dürli künjeklerindäki, hususanda Lebap we Mary welaýatlaryndaky habarçylary fewralyň başlarynda howanyň ýylylygynyň ilki +18 gradusa çenli maýlap, soňra-da birden sowuk howanyň aralaşyp, howanyň temperaturasynyň -10 gradusdan hem pese gaçmagy netijesinde eken hasyly isrip bolan daýhanlaryň ençemesi bilen söhbetdeş boldular.
“Marynyň Garagum etrabynyň oba ýaşaýjylarynyň köpüsiniň eken ýeralmalaryny, ýagny kartoşkalaryny sowuk urdy. Biz tohumlyk kartoşkanyň 1 kilogramyny 13 manat 60 teňňeden satyn alypdyk. Hojalyklaryň köpüsi, ‘soňundan peýda görerin’ diýen umyt bilen, hatda bergä hem giripdi. Indi olar hasam aljyraňňy ýagdaýa düşdüler” diýip, ýerli daýhanlaryň biri Marydaky habarçymyza 4-nji martda gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, hojalyklaryň köpüsi ýeralmanyň hasylyndan görjek peýdasyndan, bir otagly hem bolsa, jaý galdyrmagy maksat edinipdirler.
“Hojalyklaryň köpüsi mellek meýdanynda dürli demir böleklerinden diwar we üçek galdyryp, şol ýerde ýatyp-turýarlar. Olaryň arasynda 1-2 çagaly maşgalalar hem bar. Olar hasyl ýetişende, çyg kerpiçden iň bolmanda bir otagly jaýy gurmagy arzuw edipdiler. Emma sowuk howa sebäpli hasyllarynyň isrip bolmagy, indi olary girdejiden beter, tohumlyk kartoşka üçin alan karzlaryny üzmek aladasyna goýdy” diýip, maryly daýhan habarçymyza gürrüň berdi.
Degişli maglumat Bagbanlar birde gyzyp, birde sowaýan howanyň miweli baglara zyýan ýetirýändigini aýdýarlarOl daýhanlaryň özlerine bagly bolmaýan şertler sebäpli uly zyýana galmagy netijesinde, ýerli häkimiýetlerden hiç hili hemaýatyň we goldawyň berilmeýändigini hem sözüne goşdy.
Türkmenistan ýurtda eýýäm ençeme ýyl bäri dowam edip gelýän ýiti ykdysady krizisiň, azyk ýetmezçiliginiň arasynda, importuň ornuny tutýan önümleri köpeltmek, eksport edilýän önümleri artdyrmak syýasatyny ilerledýär, şeýle-de azyk bolçulygynyň döredilendigini öňe sürýär. Emma bu ugurdaky ýurduň daşynda çap edilýän maglumatlar Türkmenistanyň azyk önümleriniň, hususanda häzir sowuk uran ýeralmanyň importyny azaldyp bilmeýändigini görkezýär.
Ýewraziýa Ykdysady komissiýasynyň web sahypasynda geçen aý çap edilen maglumata görä, Türkmenistan geçen ýyl Ýewraziýa ykdysady bileleşigine girýän ýurtlardan kartoşka satyn almagyny sekiz esse ýokarlandyrypdyr.
Geçen ýyl özünde gowy ýeralma hasylyny alandygyny aýdan Türkmenistan bu azyk önüminiň importyna bir ýylda 15,75 million dollar harçlap, 60,3 müň tonna kartoşka satyn aldy. Bu kartoşkanyň 2019-njy ýyldakydan 8,6 esse köp satyn alnandygyny görkezýär. Türkmenistanlylaryň iýen kartoşkasynyň 70% -e golaýy Russiýadan, 26% -i Gazagystandan we 4% -i Gyrgyzystandan getirildi.
Türkmenistanyň döwlet metbugaty ýurduň ýokary derejeli oba hojalyk hünärmenleriniň 3-nji fewralda geçiren iş maslahatynda ýurduň dürli künjeklerinde ýeralma we gök-bakja ekinlerini ekmek işleriniň agrotehniki möhletlerde alnyp barylýandygy hasabat berse-de, soňky anomal howa şertleriniň bu azyk önümine ýetiren ýaramaz täsirleri, daýhanlaryň çeken zyýanlary barada hiç zat aýtmady.
Galyberse-de, howanyň temperaturasynyň birden üýtgemegi sebäpli ýurduň Lebap welaýatynda hem ýüzlerçe gektarlyk gül açan miweli baglary sowuk urupdy.
Degişli maglumat Lebaba we Mara sowuk howa aralaşdy, sebite gar ýagdyGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.