Şu gün Türkmenistandan ýurduň daşyna iberip bolýan puluň mukdary 50 amerikan dollaryndan geçmeýär. Daşary ýurt uniwersitetlerinde okaýan türkmen raýatlary üçin niýetlenýän bu puly diňe iki aýdan bir gezek ugradyp bolýar. Puly geçirmegiň düzgünleri-de esli agyrlaşdy. Garaşylyşynyň tersine, pul ibermegiň şertleri ýaramazlaşdy, talonlar girizildi. Indi ene-atalar indiki aprel we maý aýlary üçin 50 dollary ibermek üçin talon almaga gyssanýarlar.
- Şu gün tanyşym "Senagat" bankyndan studente fewral-mart aýlary üçin 50 dollar iberdi. Her kim 10-njy fewraldan soň ýene her aýda 200 dollar ibermäge rugsat beriljekdigine garaşýardy. Emma aprel aýyna talon berdiler. Adamlar ruhdan düşýärler" - diýip, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy 12-nji fewralda gürrüň berdi.
Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylarynyň sözlerine görä, häziri ýagdaý ýurduň ähli banklaryna mahsus. Şol bir wagtyň özünde-de, pul ibermek üçin talyplaryň ene-atalary bellenen banklara ýüz tutmaly bolýarlar, üstesine talonlary diňe belli bir günlerde alyp bolýar. Ýöne soňky döwürde bu düzgün hem bozulyp, bellenilen günde ýüz tutmak pul ibermegi ýa-da talon almagy kepillendirmeýär.
Western Union kompaniýasynyň Türkmenistana degişli web sahypasyndaky maglumata görä, çalt pul geçirmek hyzmaty “Türkmenbaşy”, “Senagat” we “Türkmen-Türk” banklary arkaly üpjün edilýär.
Degişli maglumat Western Union arkaly kimler aýda $50 ugratmakda kösenýär, kimler ‘arkaýyn $200 ugradýar’Ýurduň häkimiýetleri walýuta geçirimleriniň we çäklendirmeleriniň düzgünlerini resmi taýdan anyklaşdyrmaýarlar. "Western Union" halkara pul geçiriş gullugynyň wekilleri hem bolup geçýän wakalary kommentirlemediler.
Bu aralykda ene-atalar bir bankdan beýlekisine ylgaýarlar, bank işgärlerine daşary ýurtlardaky çagalarynyň başdan geçirýän umytsyz ýagdaýlaryny düşündirmek üçin biderek synanyşýarlar. Şeýle ýagdaýy şu günler ýurduň ähli künjeklerinde görmek bolýar.
5-nji fewralda Marydaky habarçymyz daşary ýurt uniwersitetleriniň talyplarynyň garyndaşlarynyň Halk bankynyň Marydaky şahamçasyna baryp pul ibermäge synanyşandygyny, emma bu başa barmansoň Türkmenbaşy bankyna gidendigini habar berdi. Şol gün Halk bankynyň Marydaky şahamçasyna baran 70-80 töweregi adam bank işgärlerinden Türkmenistanyň daşynda okaýan çagalaryna "Western Union" arkaly pul ibermäge ýardam sorapdyr.
Ýanwaryň aýagynda Aşgabatda studentleriň ene-atalarynyň ençemesi soňky çäklendirmelere gaharlanyp, Türkmenistanyň Merkezi bankyna ýüz tutdular. Emma bu ýüzlenmeleriň hiç biri belli bir netije bermedi.
Talyplaryň ene-atalarynyň sözlerine görä, daşary ýurt uniwersitetlerinde okaýan çagalar açlyk çekýär. Kimdir biri işlemäge synanyşýar, emma käbirleri bikanun ýollara çykmaga mejbur bolýar.
"Talyplar açlyk çekýär, kimdir biri ogurlaýar, kimdir biri işlemäge synanyşýar, gyzlar ten satýar" diýip, adynyň efirde tutulmazlygy şerti bilen söhbetdeş bolan aşgabatly zenan gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, köpler 10-njy fewraldan soň bu meseläniň çözülmegine we ugradyp bolýan puluň mukdarynyň 200 dollara çenli gaýtadan ýokarlanmagyna umyt baglapdyr.
“Western Union” ulgamynyň Türkmenistanyň sebit merkezlerindäki hyzmatlary dekabr aýynyň ahyrynda togtadyldy we ýanwar aýynyň başynda bu hyzmat Aşgabatda bes edildi. Ýanwar aýynyň ortalarynda çalt pul geçiriş hyzmatlary gaýtadan işläp başlady, ýöne daşary ýurda iberilmegine rugsat berlen puluň mukdary ençeme esse azaldy.
Habarçymyzyň habar berişi ýaly, ýanwarda "Western Unionyň" Türkmenistandaky işiniň täzeden başlanmagyndan soň, gysga wagtyň dowamynda Aşgabatdan we Marydan 200 dollar, Daşoguzdan we Türkmenabatdan 100 dollar iberip bolýardy. Bu mukdar tiz wagtdan 50 dollara çenli azaldyldy.
Daşary ýurtlarda bilim alýan türkmen talyplaryna ibermek üçin niýetlenýän 50 dollar Merkezi bankyň resmi kursy boýunça çalyşylýar we 175 türkmen manadyna barabar bolýar. Gara bazarda 50 dollar 1500 manada durýar.
Degişli maglumat Ene-atalar daşary ýurtlarda bilim alýan ogul-gyzlaryna Western Union arkaly pul ugratmak üçin ‘ser-sepil bolýar’"Western Union" kompaniýasynyň resmi web sahypasynyň habaryna görä, bäş welaýatda we Aşgabat şäherinde ýerleşýän Türkmenbaşy, Senagat we Türkmen-Türk banklarynyň üsti bilen Türkmenistanda 90-dan gowrak çalt pul geçiriş nokady işleýär.
10-njy fewralda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy Daşary ykdysdy bankyň mundan beýläk daşary ýurt müşderilerine, şeýle hem daşary ykdysady işler bilen meşgullanýan türkmen raýatlaryna we daşary ýurtlara gidýän resmilere hyzmat etjekdigini, şeýle hem bankyň üsti bilen daşary ýurtly we bilelikdäki kärhanalaryň işgärleriniň aýlyklarynyň geçiriljekdigini habar berdi.
Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysynyň aýtmagyna görä, talyplara we ene-atalara hyzmat etmek, olar üçin pul öwürmek we ýerli edara-kärhanalaryň işgärleriniň aýlyk hasaplaryny ýöretmek, kartlary açmak we beýleki hyzmatlar beýleki banklara geçirilipdir.
Türkmenistanyň Merkezi Banky 6 ýyl bäri manadyň amerikan dollary babatyndaky hümmetini 3,5 manat derejesinde saklaýar, ýöne gara bazarda amerikan walýutasynyň bahasy 6 esse ýokarlandy. Dört ýyl töweregi wagt bäri Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda walýutanyň resmi hümmeti bilen gara bazardaky bahasynyň arasynda tapawut yzygiderli artýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.