Türkmenistanda dowam edýän walýuta kynçylyklarynyň fonunda daşary ýurtlarda bilim alýan talyplara Western Union arkaly serişde ugratmak boýunça girizilen çäklendirmeler saklanyp galýar. Ene-atalar daşary ýurtlardaky ogul-gyzlaryna pul ugratmak üçin bir bankdan beýleki banka gatnaýar. Ilat bank resmilerine derdini düşündirjek bolup kösenýär. Şeýle ýagdaý golaýda Mary welaýatynyň administratiw merkezinde ýüze çykdy.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy 5-nji fewralda özge ýurtlarda okaýan türkmen talyplaryna pul ugratmak üçin talyp hossarlarynyň “Halk bankyň” Marydaky şahamçasyna gidişleri, ol ýerde işi bitmedik adamlaryň “Türkmenbaşy” bankyna baryşlary barada habar berdi.
Western Union kompaniýasynyň resmi web-saýtyna görä, Türkmenistanyň “Türkmenbaşy”, “Senagat” we “Türkmen-Türk” täjirçilik banklarynda Western Union hyzmatlary hödürlenýär.
Ýöne Maryda 70-80 töweregi talyp hossary üýşüp, anna güni öýlän sagat 2 töwereklerinde ilki “Halkbankyň” ýerli şahamçasyna bardylar hem-de bank resmilerinden özlerine Western Union arkaly daşary ýurtlarda bilim alýan ogul-gyzlaryna serişde ugratmaga kömek edilmegini soradylar.
Habarçynyň sözlerine görä, adamlar ilkibaşda bankyň işiginde garaşýar. Bankyň ýerli şahamçasynyň müdiri özüniň üýşmeleňden diňe bir adam bilen duşuşyp biljekdigini aýdýar. Adamlar öz aralarynda bir wekil saýlap, ony bank başlygynyň ýanyna ugradýar. Toparyň wekili ilki özleriniň talyp hossarlarydyklaryny, daşary ýurtlarda bilim alýan ogul-gyzlaryna pul ugratmak isleýändiklerini düşündirýär.
Duşuşyk 20 minut töweregi dowam edýär. Soňra talyp hossarlarynyň wekili daş çykyp, “Halkbankda Western Union arkaly pul ugratmak mümkinçiligi ýok ekeni” diýýär, bankyň başlygynyň sözüni getirýär. Ýöne bank resmisi ene-atalara pul ugratmak üçin şäherdäki “Türkmenbaşy” bankyny salgy berýär.
Şol bir wagtyň özünde, ol adamlara ýene bir teklip hödürleýär. Bank resmisi “Halkbankdan” berlen plastik kart arkaly 100 dollar möçberinde nobat bilen pul ugratmak mümkinçiliginiň bardygyny aýdýar.
Onlarça adamlyk üýşmeleň soňra “Halkbankdan” “Türkmenbaşy” bankynyň ýerli şahamçasyna barýar. Üýşmeleňden diňe bir adam bankyň ýerli şahamçasynyň ýolbaşçysynyň ýanyna goýberilýär.
Habarçynyň maglumatlaryna görä, bir salymdan toparyň wekili daşaryk çykýar, ildeşlerine bankyň Western Union hyzmaty bilen diňe 50 dollar ugratmaga mümkinçiligiň bardygyny, ýöne onuň üçin 600 manat möçberinde para soralýandygyny aýdýar, hem-de bank resmisi bilen geçirilen duşuşygyň dartgynly bolandygyny gürrüň berýär.
50 dollar walýutanyň resmi alyş-çalyş nyrhy boýunça 175 manada, gara bazaryň nyrhy boýunça tas 1500 manada barabar bolýar. 600 manat resmi kursdan 170 dollar töweregi, gara bazaryň nyrhynda 20 dollar töweregi bolýar.
Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda walýutanyň ýurduň daşyna iberilmegine tapgyrlaýyn çäklendirme girizildi. Iki hepde töweregi mundan ozal, Aşgabatda, Maryda we Daşoguzda Western Union hyzmatlary wagtlaýyn ýapylyp-açyldy. Şeýle-de, Aşgabadyň “Senagat” banky tiz geçirim hyzmaty arkaly iberilýän serişdäniň möçberini ýanwaryň soňky on günlüginde 200 dollardan 50 dollara düşürdi.
Habarçynyň maglumatlaryna görä, Western Union arkaly iberilýän puluň möçberiniň 50 dollara çenli kemeldilmegi “Türkmenbaşy” bankynyň Marydaky şahamçalarynda-da amala aşyryldy.
Azatlyk Radiosynyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankyndan hem-de “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankyndan geçirim çäklendirmeleri barada kommentariýa almak synanyşygy netije bermedi.
Türkmenistanyň merkezi banky dollaryň resmi alyş-çalyş bahasyny 2015-nji ýylyň ýanwaryndan bäri 3,5 manatlygynda saklaýar. Ýurtda emele gelen walýutanyň gara bazarynda onuň bahasy resmi kursdan 8-9 esse töweregi ýokarydyr.
Bu aralykda, daşary ýurtlarda bilim alýan türkmenistanly ýaşlar köplenç özlerine Türkmenistandaky hossarlarynyň ugradýan maliýe serişdelerine garaşly galýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.