"Таlyban" hereketiniň syýasy edarasynyň ýolbaşçysy Molla Abdul Gani Baradaryň baştutanlygyndaky wekiliýet Aşgabatda ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web sahapasy 6-njy fewralda habar berdi.
Gepleşikleriň barşynda taraplar Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy ýola goýmagyň hem-de saklamagyň derwaýysdygyny bellediler.
Şeýle-de, Türkmenistanyň owgan halkyna berýän goldawynyň, hususan-da energetika, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda owgan ykdysadyýetiniň ösüşine berilýän ýardamyň aýratyn nygtalandygy aýdylýar.
Aşgabatdaky gepleşikler Pentagonyň golaýda "Talyban" toparynyň geçen ýyl ABŞ bilen baglaşan Owgan parahatçylyk ylalaşygy esasynda öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmeýändigini aýdan wagtynyň yz ýanyna gabat geldi.
Degişli maglumat Talyban Owganystanyň paýtagty Kabulda hüjüm etdi"Таlybanyň" syýasy edarasynyň wekiliýeti owgan halkynyň abadançylygynyň we gülläp ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilen infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini hemmetaraplaýyn goldaýandygyny beýan etdi diýip, Türkmen DIM-i ýazýar.
Owgan wekiliýeti metbugata ýüzlenme bilen çykyş etdi, žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi.
"Таlybanyň" syýasy edarasynyň we gepleşikler toparynyň wekili Mohammad Suhail Şahin Türkmenistanyň çakylygy we görkezen myhmansöýerligi üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Ol Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Reşit Meredow hem-de onuň wekiliýeti bilen geçirilen gepleşikleriň açyk we dostlukly bolandygyny, özleriniň "Bitarap Türkmenistanyň Owganystan babatynda alyp barýan syýasatyna", şeýle-de goňşy ýurduň "häzirki wagtda dowam edýän we geljekde hem beriljek köpýyllyk syýasy we ykdysady goldawyna" oňyn baha berendiklerini aýtdy.
"Türkmenistan, musulman, goňşy, Bitarap döwlet bolmak bilen, uzak ýyllaryň dowamynda Owganystanda parahatçylygyň ýola goýulmagyna we ýurduň ösüşine gönükdirilen başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär" diýip, Mohammad Suhail Şahin öz hereketiniň döwletiň çäginde durmuşa geçirilýän ähli milli taslamalaryň goraglylygyny üpjün etmek arkaly, owgan halkynyň abadançylygyna we ýurduň ösüşine saldamly goşant goşmaklyga çalyşýandygyny belledi.
Degişli maglumat "Talyban" azyndan 13 esgeri öldüren hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alýarHusuan-da ol, "Таlyban" hereketiniň TOPH we beýleki infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini hem-de howpsuzlygynyň üpjün edilmegini doly godaýandygyny nygtady.
Azatlygyň Owganystandaky habarçysy “Talybanyň” syýasy wekiliýetiniň başlygy Molla Abdylgany Bradaryň resmi Aşgabadyň çakylygy bilen Türkmenistana barandygyny, owgan mediasyna salgylanyp, irden habar berdi.
Owganystanyň “Ariana News” neşiri hem Molla Baradaryň Aşgabatda Owganystandaky parahatçylyk prosesi, ikitaraplaýyn gatnaşyklar, serhet howpsuzlygy we Türkmenistanyň Owganystandaky taslamalary barada maslahat edendigini habar berdi.
Neşir bu maglumaty “Talybanyň” sözçüsi Mohammad Naeeme salgylanyp ýaýratdy.
Naeemiň sözlerine görä, “bilime goldaw bermek we saglyk bilen baglanyşykly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşykda hususan-da TOPH gaz geçirijisi we demir ýol ýaly uly meseleler barada gürrüň edildi".
Degişli maglumat Pentagon "Talybanyň" owgan parahatçylyk ylalaşygy boýunça öz borçnamalaryny ýerine ýetirmeýändigini aýdýarMetbugat habarlaryna görä, Molla Baradar Kataryň paýtagty Dohada Kabuldaky resmi hökümet we ABŞ bilen geçirýän gepleşiklerine ara salyp, sebitdäki ýurtlara syýahat edýär. Bu saparyň çäginde ol geçen hepdäniň ahyrynda Daşary işler ministri Jawad Zarif bilen duşuşmak üçin Eýrana bardy.
Eurasianet.org neşiri "Talybanyň" TOPH gaz geçirijisine bildiren goldawyny, Aşgabatda bilen Bakuwyň arasynda Hazardaky dawaly gaz ýatagy barada gelnen ylalaşykdan soň, Türkmenistanyň gaz eksporty taslamalary babatda birnäçe hepdäniň içinde gazanan ikinji uly üstünligi hökmünde häsiýetlendirdi.
Sebäbi Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň otuz ýyla çeken dawada ylalaşmagy ahyrynda "Tranhazara" taslamasynyň amala aşmagyna we türkmen gazynyň ýewropa bazarlaryna göni çykmagyna mümkinçilik döreder öýdülýär.
Şeýle-de neşir, "Talyban" toparynyň garaşylmadyk ýerden Aşgabada eden saparynyň arkasynda TOPH taslamasyny uzak wagt bäri goldaýan ABŞ araçylygynyň duran bolmagynyň ähtimaldygyny ýaňzydýar.
Pentagonyň metbugat sekretary Jon Kirbi 28-nji ýanwarda žurnalistlere "Talyban" zorlugy azaltmak we “Al-Kaýda” bilen gatnaşyklaryndan ýüz öwürmek baradaky borçnamalaryny ýerine ýetirmeýär" diýdi.
"Olar terrorçylykdan ýüz öwürmese we Owganystanyň Milli howpsuzlyk güýçlerine garşy amala aşyrýan zorlukly hüjümlerini duruzmak baradaky borçnamalaryny ýerine ýetirmese, .... ylalaşylan utgaşdyrma alyp geljek anyk ýol-ýodany görmek gaty kyn, emma biz henizem muňa ygrarly bolup galýarys"diýip, Kirbi aýtdy.
Degişli maglumat Owganystan, Türkmenistan we ABŞ üç taraply duşuşyk geçirip, hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrdyGeçen fewralda ABŞ-Talyban arasynda gelnen ylalaşyga görä, söweşiji toparyň beren howpsuzlyk kepillikleri, şol sanda "Al-Kaýda" bilen aragatnaşygyny kesmegi esasynda, daşary ýurt güýçleriniň ählisi 2021-nji ýylyň maýyna çenli Owganystandan çykmalydy.
"Talyban" toparynyň sebitdäki ýurtlar bilen Owganystandaky parahatçylyk prosesi we howpsuzlyk, bilim we saglygy saklaýyş meseleleri barada geçirýän gepleşikleri babatda resmi Kabulyň pozisiýasy mälim däl.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Degişli maglumat Owganystan TOPH taslamasynyň amaly işiniň indiki ýyldan başlanjakdygyny aýdýar