Aşgabadyň we Türkmenabadyň döwlet dükanlarynda ösümlik ýagy satylyp başlandy. Nobatlar dowam edýär. Bu aralykda, paýtagtyň bir döwlet dükanynda ýumurtga satyn almak üçin nobata garaşýan adamlara polisiýa haýbat atýar. Bular barada Azatlyk Radiosynyň üç habarçysy 29-njy ýanwarda habar berdi.
“Türkmenabadyň döwlet dükanlarynda pagta ýagy satylyp başlandy” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi. 1,5 litrlik ösümlik ýagynyň bahasy döwlet dükanlarynda 5 manat, bazarlarda 30 – 40 manat.
Dükanlaryň öňünde alyjy köp, ýöne şäheriň “Altyn asyr” dükanynyň öňünde has köp adam nobata durýar. “Sebäbi, bu dükanda alyjynyň maşgala agzalarynyň sany barada kepilnama soralmaýar” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.
Degişli maglumat Azyk krizisi: Ýagyň gapdalyndan rezin şypbyk satyn almak talap edilýär. Hususyýetçilerde bahalar gymmatlaýarMaglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda aýlyk norma bilen satylýan ýeňillikli iýmit önümlerini satyn almak isleýän adamlardan maşgala agzalarynyň sany barada kepilnama talap edilýär.
“Altyn asyr dükanynyň öňünde nobata garaşýan adamlaryň sany 500 adamdan geçýär. Bu dükana obalaryň ýaşaýjylary hem gelýär” diýip, 29-njy ýanwarda habarçy bilen gürrüňdeş bolan beýleki bir türkmenabatly aýtdy.
Ol oba ýerlerinde iýmit önümleriniň üpjünçiliginiň has agyrlaşandygyny aýtdy. Türkmenabatlynyň sözlerine görä, obalaryň döwlet dükanlarynda diňe un bilen ösümlik ýagyndan başga towuk budy we şeker ýaly beýleki ýeňillikli önümler aýlyk norma bilen satylmaýar. “Obalaryň döwlet dükanlarynda diňe ösümlik ýagy bilen un satylýar” diýip, ol aýtdy.
Habarçynyň maglumatlaryna görä, döwlet dükanlarynda bäş baş bir hojalyga bir aý üçin 1,5 litr ösümlik ýagy ýeňillikli bahadan satylýar; şeýle-de bir aý üçin un 5 kilogramdan, sekiz-dokuz adamly hojalyklara un 10 kilogramdan satylýar.
Birnäçe ýerli ýaşaýjy Türkmenabadyň döwlet dükanlarynda ösümlik ýagynyň satylyp başlanmagyny “Türkmenabadyň ösümlik ýag zawodynda geçirilen derňewleriň tamamlanmagy” bilen düşündirýär.
Azatlyk Radiosy bu maglumat boýunça Türkmenabadyň ösümlik ýag kärhanasyndan kommentariýa alyp bilmedi.
Degişli maglumat Türkmenistanyň paýtagtynda ýene-de ýumurtga ýetmezçiligi ýüze çykdyÝatlasak, Azatlyk noýabr aýynda kanun goraýjy edaralaryň Lebabyň önümçilik kärhanalarynda, şol sanda Türkmenabadyň ösümlik ýag kärhanasynda derňew geçirýändigini habar berdi.
Ösümlik ýagy Aşgabadyň döwlet dükanlarynda-da satylýar. “8 belgili dükanda ösümlik ýagy satylýar. Onuň gapdaly bilen 51 manada iki sany ady näbelli şireli içgi satyn almaly” diýip, bir paýtagtly gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, ady näbelli içginiň gabynda onuň ýaramlylyk möhleti, agramy we beýleki maglumatlar ýazylmandyr.
Bu aralykda, şäheriň bir döwlet dükanynda ýumurtga satyn almak isleýän adamlaryň nobaty döredi. Nobata polisiýa gözegçilik etdi.
Beýleki bir paýtagtly habarçynyň maglumatlaryna görä, Aşgabadyň Bagtyýarlyk etrabynyň Kemine we Hojaw Annadurdyýew köçeleriniň çatrygynda ýerleşýän 32 belgili döwlet dükanynda 28-nji ýanwar güni towuk ýumurtgasyny satyn almak isleýän adamlaryň nobaty emele geldi.
Günüň ikinji ýarymynda “dükanyň arka girelgesiniň öňünde uly märeke üýşdi” diýip, ýumurtga nobatyna garaşan bir adam gürrüň berdi. Dükan günortan arakesmeden soň, sagat 2-de adatdakysy ýaly öz işine dowam etdirdi.
“Bir polisiýanyň leýtenandy gelip, adamlardan dükanyň girelgesinden 10 metr yza süýşmegi talap etdi” diýip, bir şaýat aýtdy.
Onuň sözlerine görä, uly ýaşly bir aýal özüniň dyz agyrysyndan ejir çekýändigini aýdyp, yza çekilmedi.
Polisiýa haýbat bilen onuň egninden itip goýberdi. Uly ýaşy aýal polisiýanyň özüne el degirmäge hakynyň ýokdugyny düşündirýär. “Men seniň üstüňden arz ederin” diýip, aýal adam polisiýa gatyrganýar.
Şaýatlaryň sözlerine görä, polisiýa aýal adamyň arz-şikaýatlaryny äsgermezçilik edip, erkeklere haýbat atýar. Erkekler yza çekilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.