Etrap ýaşaýjylary arzan una garaşýar, Türkmenabatda kömekçi hojalyklar ýykylýar

Türkmenabat. Un nobaty. Arhiw suraty

"Döwlet paýogy aýryp, uny 50 manatdan däl-de, 100 manatdan erkin satdyrsa, döwlete ýene 50 manat girdeji bolar, häzir 1000 manatdan satylýan undan döwlete diňe 50 manady barýar, galany korrupsiýany maliýeleşdirýär" diýip, Azatlygyň söhbetdeşi munuň düşünmez ýaly kyn mesele däldigini nygtady.

Azatlygyň Lebapdaky habarçysy döwlet bahasyndan berilýän arzan unuň we ýagyň Darganata bilen Farap aralygyndaky etraplaryň hiç birinde berilmeýändigini, adamlaryň ir ertirden agşama çenli her gün "paýoga" garaşýandygyny habar berdi.

Dänewde her hepdäniň birinji güni her hojalyga iki buhankadan çörek berilýän eken, emma Darganatada, Çärjewde we Farapda bahasy 1 manat 50 teňňelik çörek hiç kime berlenok, towuk budy, ýumurtga barada gürrüň hem ýok diýip, habarçy 20-nji ýanwarda ýerli ýaşaýjylara salgylanyp aýtdy.

Bu ýagdaý, gowuşýan habarlara görä, sebit adamlarynda paýtagtyň ýaşaýjylarynyň özlerinden ileri tutulýandygy baradaky gümanly pikirleri köpeldýär. Ýerli synçynyň pikiriçe, munuň sebäbi adamlaryň arzan harytlaryň Aşgabatdaky ýaşaýjylara berilýändigini eşidip, "belki, lebap halkyna arzan harytlary bermesiz edendirler" diýip, öz ýanlaryndan ünjä galmaklary bieln bagly.

Degişli maglumat Iýmitlenmek hukugy. Marynyň ýaşaýjylary ir sagat 4-den başlap azyk nobatyna durýarlar

"Lebapda adamlar diňe un bilen ýag berilse-de razy" diýip, ol Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Türkmenistan bugdaý ekip, galla garaşsyzlygyny üpjün etmäge girişeli bäri geçen onýyllyklarda ösümlik ýagy hem uly nobatly harytlaryň birine öwrüldi.

Un, ýag paýoklarynyň gijikmeginiň üstüne adamlaryň mellek ýerleriniň ölçenjekdigi baradaky habar hem urna boldy.

Görnüşinden, Farabyň etrap häkimligi şäherde we obada ýaşaýan adamlaryň howly ýa-da mellek ýerlerini ölçemek we döwlet bahasyndan berilýän harytlary adamlaryň kanun boýunça jaý salnan ýerlerine görä kesgitlemek kararyna gelene meňzeýär.

Farap häkimligi sowda edarasyna şäherde howluly jaýda ýaşaýan, ýeri 8 sotukdan kän bolan, obadaky mellegi 12 sotukdan köp bolan hojalyklara arzan un we ýag bermezligi tabşyrypdyr diýip, habarçy öz çeşmelerine salgylanyp aýtdy.

"Indi adamlar ýer katastr edarasyndan mellek ýeri barada güwänama almaly, soňra jemagat hojalygy edaralaryna bergisi ýok, elektrik togy, tebigy gaz we suw üçin bergisi ýok diýen kepilnama almaly" diýip, habarçy sözüniň üstüni ýetirdi.

Azatlyk un we ýag "paýoklarynyň" adamlaryň ýaşaýan mellek ýerleriniň möçberine görä kesgitlenjekdigi barada aýdylýanlara resmi tassyknama alyp bilmedi.

Mundan öň häkimiýetler käbir etraplarda, un we çörek gytçylygy mahalynda tamdyr çöregini bişirip satýan aýallary soraga çekip, un ýetmezçiliginiň sebäbini jemgyýetiň iň bir goragsyz agzalaryndan gözläpdiler. Emma häzir Lebapda bu hili un gytçylygynyň hem duýulmaýandygy, sebäbi hususy söwdada hiline görä 500 we 1000 manatdan satylýan unuň näçe diýseň tapdyrýandygy aýdylýar.

Degişli maglumat Azyk krizisi: Sowuk howada çörek nobatlarynyň aglabasyny çagalar we pensionerler emele getirýär

"Bu unlary zawoddan kimler we nädip çykaryp bilýär, bu garaňky" diýip, habarçy bilen gürleşen söwda işgäri aýtdy.

Onuň pikiriçe, häzirki ýagdaý dowam etse, döwlet tarapyndan ilat üçin goýberilýän arzan harytlaryň töweregindeki gümürtiklik azaljaga meňzemeýär.

"Döwlet paýogy aýryp, uny 50 manatdan däl-de, 100 manatdan erkin satdyrsa, döwlete ýene 50 manat goşmaça girdeji bolar, häzir 1000 manatdan satylýan undan döwlete diňe 50 manady barýar, galany korrupsiýany maliýeleşdirýär" diýip, Azatlygyň söhbetdeşi munuň düşünmez ýaly kyn mesele däldigini nygtady.

Şu aralykda Lebapyň merkezinde adamlaryň köne uçar menziliniň golaýynda ýerleşýän ýarym kanuny "daçalarynyň", kömekçi hojalyklarynyň ýykylýandygy mälim boldy.

"Turkmen.newsiň" maglumatyna görä, Türkmenabadyň ýerli jaý ulanyş edarasy 19-njy ýanwarda ýygnak geçirip, ol ýerdäki bagçylyk hojalyklarynyň, garažlaryň we jaýlaryň aýrylmalydygyny aýdypdyr.

"19-njy ýanwarda geçirilen ýygnakdan soň, öý dolandyryş işgärleri haýal etmän binalary ýykmaga başlady, adamlara taýynlyk görmek üçin bir günem berilmedi" diýip, garaşszty neşir bu ýerde onlarça maşgalanyň öý-emlägini ýirirýändigini habar berýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.