Andijanda ýerli ýaşaýjyny özbaşdak jezalandyran bäş adam ownuk jerime bilen gutuldy

«Spark» kysymly awtoulagyň ýük bölüminde goýlan Andijanyň ýaşaýjysynyň wideosynyň skrinşoty.

Andijan sebitiniň Jalakuduk etrap administratiw işleri baradaky kazyýeti, Özbegistanyň Administratiw jogapkärçilik kodeksiniň 183-nji maddasyna (“Kiçi huligançylyk”) laýyklykda, bäş ýerli ýaşaýjyny administratiw jogapkärçilige çekdi. Olar bazary surata düşürýän ýerli ýaşaýjyny gynamakda günäkär tapyldylar. Töwerekde duran adamlar ol ýigidi ýol hereketini bozanlary surata düşürýändir diýip pikir edipdirler.

Jalakuduk etrabynyň kazyýetiniň wekiliniň Azatlyk radiosyna aýtmagyna görä, bu waka geçen ýylyň 22-nji dekabrynda bolupdyr. Onuň sözüne görä, kazyýet bu işe 25-nji dekabrda garaýar.

Kazyýetiň şu ýylyň 4-nji ýanwaryndan güýje giren kararyna laýyklykda, günäkärlere üç esasy birlik möçberinde, (735 müň sum ýa-da ABŞ-yň 69 dollary) jerime tölemeli edipdir. Taraplar bu karara garşy şikaýat etmediler.

Azatlyk radiosynyň žurnalisti jeza sezewar edilen ýigidiň garyndaşlary bilen gürleşip bildi. Olar kazyýetiň kararyndan hoşaldyklaryny aýtdylar.

Bazardaky “özbaşdak” sud

Andijan welaýatynyň polisiýa bölüminiň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, bu waka 2020-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Andijanyň Jalakuduk etrabynda hasaba alynýar.

«2020-nji ýylyň 22-nji dekabrynda sagat 11: 00-da Andijanyň ýaşaýjysy Jalakuduk sebitiniň merkezinde ýerleşýän daýhan bazarynda miweleriň bahasyny öwrenmäge gelipdir» diýlip, hasabatda aýdylýar.

Ýigit bazary wideo düşürip başlanda, töwereginde duran adamlar ýol hereketiniň düzgünini ýazga alýandyr öýdüp, ony dürli gödek sözler bilen kemsidip başlapdylar.

Ýatlatsak, 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ýol hereketiniň düzgün bozmalaryny wideo kameralary we beýleki surata düşüriş enjamlary, şeýle hem jübi telefonlary arkaly ýazga düşürip bolýar. Şeýle bikanun hereketleri ýazga geçiren şaýatlara bellenen umumy jerime mukdaryndan 5% BRV (11 150 sum) hak tölenýär.

3-nji ýanwarda sosial ulgamlarda ýaýradylan wideoda bir ýigit 60 168 FBA döwlet belgili “Spark” awtoulagynyň ýük goýulýan bölümine daňlypdyr. Ýigidiň seňriginden gan yzy görünýär.

Keseden bir adamyň: «Oňa telefonyny bermäň» diýen sesi eşidilýär. Soňra beýleki erkekler hapa sözler bilen kemsidip başlaýarlar.

Şol wagt duranlaryň biri ýigide oňa jübi telefonyny görkezip, kodyny aýtmagyny talap edýär. Olar şundan soň maşynyň bagažnigini açýarlar. Gorkudan ýaňa titreýän ýigit ol ýerden çykmaga synanyşýar, ýöne maşynyň töweregini gurşap alan erkekler oňa ýol bermeýärler. Ýigit bu işi gurnaýjynyň ýolbaşçysyndan, wakanyň bolan ýerine hukuk goraýjy edaralaryň wekillerini çagyrmagy haýyş edýär. Şeýle-de bolsa, olar ony dürli gödek sözler bilen kemsitmegi dowam etdirýärler. Olaryň biri hatda "günäkäri" agaja daňmagy teklip edýär. Soňra ýigit, töweregindäkileriň talaby bilen olara jübi telefonynyň kodyny aýdýar. Şondan soň märekeden ýigidiň jübi telefonyny açmagyň mümkin däldigi barada sesler eşidilýär.

Jenaýaty inkär ediş

Azatlyk Radiosynyň redaksiýasynyň haýyşy boýunça Andijan welaýatynyň Jalakuduk etrabynyň ýaşaýjysynyň gynalýan wideosyna tomaşa eden aklawçy Marimboý Rajabow bu ýagdaýda azyndan alty jenaýatyň bardygyny aýtdy.

– Ýigidiň seňriginde gan yzlary görünýär. Onuň ýenjilendigi belli. Şeýle hereketler üçin, Özbegistanyň Jenaýat kodeksiniň 105-nji maddasy ("Orta agyrlyk bilen bilkastlaýyn şikes ýetmegi") esasynda jezalandyrylýar. Ýigidi garşylygyna garamazdan, awtoulagyň ýük goýulýan bölümine daňypdyrlar, oňa 110-njy madda (“Gynamalar”) boýunça garalyp bilner. Mundan başga-da, wideoda muny gurnaýjylaryň biriniň ýigidi agaja daňmagy teklip edýändigi eşidilýär. Şeýle çagyryş üçin, 112-nji madda ("Zorlukly öldürmek howpy ýa-da güýç ulanmak") laýyklykda jezalandyrylyp bilner. Elbetde, bu wideodaky esasy jenaýat ýigidiň awtoulagyň bagažnigne daňylmagydyr. Birini jezalandyryjy şeýle hereketler üçin ony gurnaýjylar 138-nji madda (“Zor bilen bikanun azatlykdan mahrum etmek”) jogapkärçiligine çekilip bilner. Mundan başga-da, wideoda bagažnige daňlan ýigide we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine garşy gödek sözler aýdylýar. Munuň üçin 140-njy madda ("Kemsitmek") boýunça jeza berilýär. Şeýle hem özbaşdak jeza çäresini gurnaýjylar ýigidiň telefonynyň kodyny talap edip, ýigidiň jübi telefonyna girmäge synanyşýandyklary wideoda görkezilýär. Şeýle hereketler üçin, bu adamlar 141-nji madda (“Şahsy durmuşyň eldegrilmesizliginiň bozulmagy”) boýunça jenaýat jogapkärçiligine çekilip bilner. Jalakuduk etrap häkimliginiň kazyýeti bu işe administratiw çäreler hökmünde seredip, ony ownuk huligançylyk hereketleri hasaplapdyr, munuň özi hukuk nigilizmi, ýany jenaýatyň inkär edilmegi – diýip, aklawçy aýdýar.

Özbaşdak edilen jeza çäresiniň jogapsyz galdyrylmagy adamlaryň adalata bolan ynamyny öldürýär we täze “özbaşdak jezalary” guraýjylary ruhlandyrýar diýip, žurnalist hem-de aklawçy Zafar Solijonow hasaplaýar.

– Şol maşynyň bagažniginde kazynyň gyzy daňlan bolsa, Andijandaky özbaşdak jezany gurnaýjylara kazyýet has berk jeza bererdi. Siz prokurory ýa-da welaýatyň häkimi bagažnige daňyp, onuň jübi telefonyny alan bolsalar nähili boljagyny göz öňüne getiriň. Kazyýet olara nähili jeza bererdi?! Beýle ýagdaýlary ownuk huligançylyk diýip hasaplap bolmaz. Şeýle özbaşdak hereketler üçin, ujypsyz jerime salynmagy täze "özbaşdak jeza" çäresini guraýjylary ruhlandyryp biler – diýip, žurnalist aýdýar.

Solijonow Özbegistanyň Jenaýat kodeksinde “özbaşdak jeza” çäreleri barada aýratyn maddanyň ýokdugyny, jenaýatyň bu görnüşine garalanda kazylaryň kyn ýagdaýa düşýändigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Synçylar Özbegistanda özbaşdak jeza çäreleriniň sanynyň artýandygyny belleýärler. Olaryň pikirine görä, özbaşdak jeza çäresini esasan jeleplere, jynsy azlykdakylaryň wekillerine hem-de ogrulara garşy ulanýarlar. Bilermenler Özbegistanda özbaşdak jeza çäresiniň sanynyň ýokarlanmagyna gowşak hukuk aktlarynyň sebäp bolýandygyny, ony özgertmegiň zerurdygyny aýdýarlar.

Material Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.