Täze ýyl baýramçylygynyň öňýany göterilen azyk harytlarynyň bahalary gymmatlygynda galýar

Illýustrasiýa suraty. Täze ýylyň öňýany banan satyn alýan adamlar.

Aşgabatda Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda ýokarlanan azyk harytlarynyň bahalary gymmat bolmagynda galýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.

“Täze ýylyň öňýany ähli harytlaryň bahalary birden ýokarlandy. Bu şeýle bolmagynda galýar. Häzir 1 sany ýumurtga 2 manatdan hemme ýerde tapdyrmaýar. Çilimiň bir dänesi 17-18 manat” diýip, bir aşgabatly anonim şertde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna hususy söwdadaky bahalar barada gürrüň berdi.

Paýtagtly ençeme ýaşaýjynyň sözlerine görä, harytlaryň bahalarynyň arasynda dekabryň ortalary bilen deňeşdirilende uly tapawut bar.

“16-njy dekabrda hyýar 17 manatdan bahalanýardy, häzir 33-35 manat” diýip, bir ýaşaýjy gürrüň berdi.

Degişli maglumat Täze ýylyň öňüsyrasynda Aşgabadyň häkimiýetleri arzan miwe we ýumurtga 'bolçulygyny' döretmäge çalyşýar

Döwlet dükanlarynda zerur harytlaryň üpjünçiligi kadasyzlygynda galýar. Käbir harytlaryň satuwa çykarylýan wagty ilata öňünden äşgär edilmeýär.

“Bir tanşym jaň edip, 42 belgili [döwlet dükanynda] agşam 6:10-da ýumurtganyň satylyp başlanýandygyny habar berdi. Satyn alyp ýetişdim. Indi ýumurtga garaşylmadyk ýagdaýda satuwa çykýar, onuň satylyp başlanýan wagty gizlin saklanýar” diýip, bir aşgabatly döwlet dükanynda ýumurtga söwdasynyň ýola goýulyşy barada Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Beýleki tarapdan, döwlet dükanynyň satyjylary ýumurtganyň satuwa çykarylýan wagtynyň kwartalyň ýaşaýjylarynyň bähbidine gizlin saklanýandygyny öňe sürýär. Satyjylaryň sözlerine görä, paýtagtyň etegindäki ilatly nokatlaryň ýaşaýjylary ýerli ýaşaýjylaryň “erkin ýumurtga satyn almak mümkinçiliklerine” dalaş edýärler.

“Satyjy ýumurtga söwdasynyň wagtynyň bu kwartalyň ýaşaýjylarynyň peýdasyna gizlin tutulýandygyny aýtdy. Aşgabadyň etegindäki ýaşaýjylar ýerli ýaşaýjylaryň ýumurtga satyn almagyna mümkinçilik bermeýändigi sebäpli” diýip, bir aşgabatly Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Türkmenistanda dowam edýän azyk gytçylygynyň we gymmatçylygynyň arasynda, mundan ozal, Azatlyk Radiosy merkezi şäherleriň etegindäki oba ýaşaýjylarynyň zerur iýmit önümlerini satyn almak üçin merkeze sapar etmäge mejbur bolýandyklaryny habar berdi.

Bu aralykda, “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri Türkmenistanyň oba ýerlerinde Täze ýyldan öň kadaly azyk üpjünçiliginiň ýola goýulmandygyny habar berýär.

Neşiriň habarçylary Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda ýerleşýän dükanlara sygyr we towuk etiniň getirilmeýändigini, wagtal-wagtal towuk budunyň satuwa çykarylýandygyny, ýöne onuň hem her maşgala ikiden satylýandygyny habar berýärler. Maglumata görä, sebitiň döwlet dükanlarynda bir ýumurtga 60 teňňeden satylýar, ýöne her adam başynda 3 ýumurtga satyn almaga rugsat berilýär. “Şonuň üçin tutuş maşgala bolup, nobata durýarlar” diýip, neşir ýazýar.

Degişli maglumat Aşgabatda ýumurtga alanlar surata düşürilip, ikilenç geleniň tutuljagy duýdurylýar

“Türkmenistanyň hronikasy” Maryda çörek satyn almak üçin hem uly nobatlaryň bardygyny, beýleki harytlaryň bahalary bilen deňeşdirilende ýumurtganyň hem-de çöregiň bahalarynyň arzandygyny, şol sebäpden olaryň pes girdejili oba ýaşaýjylary üçin ýeke-täk iýmit bolmagynda galýandygyny habar berýär.

Neşir obalardaky döwlet dükanlarynyň öňünde adamlaryň, sowuk howa garamazdan, irden sagat 5-den nobata durmaga başlaýandyklaryny we paýtagtyň döwlet dükanlaryndan tapawutlylykda oba ýerlerinde uzyn nobatlaryň gizlenmeýändigini habar berýär. Aşgabadyň döwlet dükanlarynda döreýän nobatlara köplenç polisiýa gözegçilik edýär.

Ondan ozal, neşir täze ýylyň öňýany Lebapda oba ýaşaýjylarynyň döwlet dükanlaryndan azyk haryt satyn almakda çekýän kynçylyklary barada habar berdi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýyl baýramynyň öňýany geçiren hökümet maslahatynda resmilerden baýramçylyk günlerinde ýurtda azyk bolçulygyny döretmegi talap etdi. Döwlet mediasy Türkmenistanda diňe baýramçylyk günlerinde däl, elmydama bazarlaryň elýeterli azyk önümleri bilen doly üpjün edilýändigini öňe sürýär, ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan ençeme türkmenistanly bu aýdylýanlara ynanmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.