Aşgabat: ‘Basgylanýan’ aýal hukuklaryna bagyşlanyp, 'tegelek stol' geçirildi

Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanda aýal hukuklarynyň ‘basgylanýandygy’ barada syzyp çykýan soňky habarlaryň fonunda 28-nji dekabrda Aşgabadyň Halkara gatnaşyklary institutynda zenanlaryň ykdysady, durmuş we medeni hukuklaryna bagyşlanan “tegelek stol” söhbetdeşligi geçirildi. Oňa BMG-niň baş sekretarynyň ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, ýokary wezipeli türkmen zenanlary we beýlekiler gatnaşdy. Bu barada ýarym-resmi Turkmenportal.com neşiri habar berýär.

Hökümete tarapdar habarlary bilen tanalýan neşir söhbetdeşlige salgylanyp, Türkmenistanyň gender deňligi we zenan hukuklaryny giňeltmek boýunça BMG düzüminiň Ýerine ýetiriji geňeşine saýlanmagyny ýurtda gender deňligine subutnama hökmünde hödürleýär.

Degişli maglumat Jebir çeken günäkärmi? Merkezi Aziýanyň kazyýetlerinde gender meselesindäki deňsizlik

“Tegelek stolda” çykyş edenler Türkmenistanda gender deňhukuklylygyny ösdürmek ugrunda halkara guramalar bilen gatnaşyklary berkitmegiň zerurdygyny belläpdirler.

Habardan mälim bolşuna görä, “tegelek stola” Türkmenistanyň parlamentiniň başlygy Gülşat Mämmedowa we Kärdeşler arkalaşyklarynyň hem-de Zenanlar birleşiginiň Milli merkezleriniň başlygy Gurbangül Ataýewa dagylar hem gatnaşypdyr.

Ýurduň döwlet eýeçiligindäki media serişdeleri we ýokary derejeli türkmen resmileri Türkmenistanda gender deňliginiň saklanýandygyny, zenan hukuklarynyň sarpalanýandygyny tekrarlaýar.

Türkmenistan BMG-niň Aýallar barada kemsitmäniň ähli görnüşlerini ýok etmek hakynda halkara Konwensiýasyny 1996-njy ýylda tassyklady.

Ýurduň konstitusiýasy erkekleriň we aýallaryň deňhukuklylygyny kepillendirýär.

Şeýle-de Türkmenistan 2015-nji ýylda “Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda” kanun kabul etdi.

Ýurtdan gowuşýan habarlar, “kagyz ýüzünde” kabul edilýän kanunlara garamazdan, iş ýüzünde ýagdaýyň başgaçadygyny tassyklaýar. Ýöne habardan çen tutulsa, “tegelek stolda” türkmen zenanlarynyň durmuşda anyk haýsy kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz galýandyklary agzalmandyr.

Azatlygyň habarçylary “taýagyň ikinji ujunyň” “tegelek stolda” aýdylmadyk “açyk syryny” dekabryň başlarynda has aýdyň mysallar bilen äşgär etdiler.

Degişli maglumat Lebaply aýallar sürüjilik şahadatnamalarynyň berilmegini talap edip, häkimligiň öňünde protest geçirdi

Habarçylar ençeme lebaply gürrüňdeşlerine salgylanyp, welaýatyň döwlet edara-kärhanalarynda işleýän aýallaryň köpüsiniň iş ýerlerinde jynsy zorluga sezewar edilýändigini, olaryň bolsa ‘işini ýitirmekden’ ýa-da il içinde ‘masgara bolmakdan’ gorkup, bu barada ‘dil ýarmazlygy’ saýlap alýandyklaryny habar berdiler. “Ejize ganym adamlaryň edýän hapa işlerinden etraplaryň MHM we polisiýa işgärleri hem habarly” diýip, bir adam aýallary “ejiz”, olaryň zulumkeşlerini “ganym” atlandyryp gürrüň berdi. Habarçynyň söhbetdeşiniň “ejiz” sözüni ulanmagy hem türkmen giňişliginde aýala “ejiz”, “naçar” hökmünde garalmagynyň duş gelinýän adaty ýagdaýdygyny ýene bir gezek açyp görkezdi.

Zenan hukuklary boýunça halkara derejesinde iş alyp barýan aktiwistler islendik ýurtda aýal hukuklaryny berkitmek üçin ilki bilen öňden gelýän hem-de jemgyýetiň aňynda kök salan, köne, möwriti geçen, yzagalak düşünjelere we şol düşünjeleriň tarapdarlarynyň pikirlerine garşy göreşilmelidigini, “ilkidurmuş obşinasyndan galan instinktiw endikleriň” bes edilmelidigini aýdýarlar.

Ýerli synçylar gender deňliginiň Türkmenistandaky pes ýagdaýyny “Erkekler ‘oňmasa’, aýalda hukuk galarmy!?” diýen ýaly terzdäki soraglar bilen beýan edýärler.

Ýurtdan gowuşýan habarlara görä, jynsy zorluga sezewar galýan käbir aýallar ‘masgara bolmakdan’ we beýleki ar alyş çärelerinden gorkup, dymmagy saýlap alýar, ýöne sürüjilik şahadatnamasy berilmedik beýleki aýallar dymmaýar. Has takygy, 16-njy oktýabrda Azatlygyň habarçysy 100 töweregi aýalyň Türkmenabat şäherindäki welaýat häkimliginiň öňüne üýşüp, protest çäresini geçirendigini habar berdi. “Bu aýal-gyzlar özleriniň sürüjilik şahadatnamalarynyň täzelenip berilmeýändigine nägilelik bildirdiler” diýip, ol aýtdy.

Degişli maglumat Ykdysady şertleriň agralmagy işde 'basgylanýan' aýallaryň sanyny köpeldýär

Soňky “tegelek stol” barada media elýeterli edilen maglumatlardan çen tutulsa, Aşgabatda aýal hukuklaryna bagyşlanyp geçirilen ýokary derejeli ýörite söhbetdeşligiň dowamynda ýurtda aýal-gyzlaryň sürüjilik şahadatnamalaryny almakda çekýän kynçylyklary, olaryň iş ýerlerinde ýa-da maşgalada duçar bolýan zorluklary, şol sanda jynsy zorluklary barada kelam agyz gürrüň edilmändir.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.