Durmuşdaky nobatlar metbugatdaky üstünlikleri ýalana çykarýar. Prezident çäre isleýär

Nobata duran adamlar

Ýerli häkimiýetleriň buýrugyna laýyklykda, ähli nobat alagaraňkyda bolup, daň atanda hiç biri görünmez ýaly bolmaly. Şu sebäpden adamlar 60 teňňe arzan satylýan çörek üçin hem irden 4-de nobata durýar, bankomatlaryň käbiriniň ýylyň dowamynda azyndan bäş ýere göçürilmegi hem şu ýagdaý bilen bagly.

Türkmen häkimiýetleri Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda satylýan arzan harytlar sebäpli köpelen hem-de, manat nagtlaşdyrmak nobatlary bilen goşulyp, döwlet mediasynda aýdylýan bagtyýarlyga kölege salan "basa-baslyklara" garşy alyp barýan göreşlerini güýçlendirdiler, prezident döwletiň gazanan üstünliklerini beýan etmeli çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy.

Ozallar köp adamly nobatlara garşy göreşler harytlary dükanlaryň arka tarapyndan goýbermek bilen ýaşyrylan bolsa, indi olary paýtagt bazarlarynda satylan arzan miweleri Çoganlydaky jygyllyk bazarynda satmak bilen ýaşyrjak bolýarlar diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy habar berýär.

Degişli maglumat 'Bol' ýumurtga güýçlendirilen gözegçilik astynda satylýar, 'emel eden' tutulýar

Onuň sözlerine görä, soňky iki günde paýtagtyň bazarlarynda satylan banan resmi ýagdaýda 12 manat bahalandy, ýöne şu gün lomaý söwda bazarynda (Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy) satylan mandariniň kilogramy 55 manada çenli ýokary galdy.

Köp adamly nobatlary ýaşyrmagyň ýene bir synagdan geçen usuly arzan harytlaryň ir sagatlarda satylmagy hasaplanýar. Adamlar bu söwdadan paýlaryny almak üçin daňdan baryp, dükanlaryň öňünde nobata durýarlar.

Azatlygyň Lebapdaky habarçysy şu gün, daňdan sagat 3-de baryp, Türkmenabadyň 1-nji etrapçasynda satylýan arzan et üçin nobata durdy.

"Garawuly bazaryň derwezesini 6:30-da açdy, şol wagta çenli bu ýerde 500 çemesi adam toplanypdy. Derweze açylandan soň adamlar bir-birinden öňürdip, içerki gapynyň agzyna ylgadylar" diýip, habarçy şondan soň nobatyň bulaşandygyny, adamlaryň bir-birini itekläp, ejizräk adamlary gysyp çykarandygyny gürrüň berdi.

"Nobata duran garry mamalar, aýal-gyzlar gysylyşyga çydaman, 'Waý, elim!', 'Waý, aýagym! Iteklemäň?!' diýip gygyrýardy. Adamlaryň arasynda 'Maňa et gerek däl, meni nobatdan çykaryň' diýip ýalbarýan hem bardy.

Dyknyşygyň arasynda ahyry et berilýän tekjäniň öňüne geldim we, beýlekileriň edişi ýaly, 50 manat uzadyp, elime tutdurylan 2 kilogram etli paketi aldym. Öýe gelip görsem, maňa ýeten arzan etiň esli bölegi ýag, ýene bir bölegi ysly böwrek bolup çykdy. Böwregi dessine kesip, zir-zebile zyňdym we galanyny terezide çeksem, 1,5 kg boldy diýip, habarçy gürrüň berdi.

Degişli maglumat Marynyň bir döwlet dükanynda çörek propiska görä satyldy

Onuň sözlerine görä, Täze ýyla çenli satyljak arzan etiň alyjysy örän kän, ýöne onuň nobatyndaky basa-baslygy görenleriň köpüsi, hususan-da gartaşan adamlar we aýal-gyzlar, et almakdan geçip, öýlerine boş gaýdýar.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen bazar işgäriniň aýtmagyna görä, bazara bir günde 1000 kg et gelse, onuň 200 kilogramy bazaryň öz işgärleriniň arasynda paýlaşylýar, galan et bolsa ýarym sagat içinde satlyp gutarylýar.

Şol bir wagtda, nobatlary ýaşyrmak tagallalarynyň çäginde, her aýda berilýän arzan azyk önümleri, aýlyk paýoklar diýilýänler hem irden 6-dan 7-ä çenli satylyp gutarylmaly, munuň üçin adamlar 4-de turup, nobata durmaly bolýar, bankomatlarda bolsa 6-dan 8-e çenli aralykda pul bolmaly diýip, habarçy aýtdy.

Ýerli häkimiýetleriň buýrugyna laýyklykda, ähli nobat alagaraňkyda bolup, daň atanda hiç biri görünmez ýaly bolmaly. Şu sebäpden adamlar 60 teňňe arzan satylýan çörek üçin hem irden 4-de nobata durýar, bankomatlaryň käbiriniň ýylyň dowamynda azyndan bäş ýere göçürilmegi hem şu mesele bilen bagly diýip, Azatlyga gowuşýan maglumatlarda aýdylýar.

Habarçymyzyň şu gün beren maglumatyna görä, "Garagum" we Türkmenistan" banklaryna degişli bankomatlaryň Türkmenabadyň Göz bazaryndan aýrylyp, köne uçar menziliniň çägine göçürilmegi hem nobatlary il gözünden çete çekmek, gizlemek maksady bilen bagly.

Degişli maglumat Berdimuhamedow ýene gallaçylaryň we žurnalistleriň iş şertlerini ýokarlandyrmagyň 'aladasyny etdi'

Bu maglumaty "Turkmen.news" hem tassyklaýar. Neşiriň habarçylarynyň ýazmagyna görä, köçe bankomatlaryna garşy göreşiň çäginde "Lebap" söwda merkezindäki bankomatlar hem goparylyp aýryldy.

Synçylar döwlet mediasynyň diňe wagyzçylyk, bar bolan meseleleri ýaşyrmak we ähli zady gülala-güllük edip görkezmek üçin işleýändigini aýdýarlar.

Şu aralykda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň medeniýet we metbugat ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňläp, döwletiň gazanan üstünliklerini beýan etjek çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.