COVID-19: Aşgabadyň hassahanasy näsaglardan doldy. Baýramalyda mugallymlara jerime salynýar

Illýustrasiýa suraty

Aşgabadyň bir hassahanasy koronawirus alamatlary bilen kesellän näsaglardan doldy. Ýurtda näsaglara resmi derejede COVID-19 diagnozy goýulmaýan mahaly, paýtagtyň käbir saglyk işgärleri koronawirus testinden geçmek isleýän raýatlara näresmi hyzmatlary hödürleýärler. Mary welaýatynyň häkimiýetleri mekdeplerde maska režiminiň berjaý edilşine gözegçiligi güýçlendirdiler. Düzgüni bozan mugallymlara pul jerimesi salnyp başlandy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary 21-nji dekabrda gürrüň berdiler.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri paýtagtyň Fiziologiýa ylmy kliniki merkezi hassahanasynyň (Demirýol Hassahanasy) koronawirus alamatlary bolan näsaglardan dolandygyny habar berýär.

Habarçy bu hassahananyň anonim şertde söhbetdeş bolan saglyk işgärlerine salgylanyp, bu edara ýüz tutan näsaglara indi öýde bejergi almagyň maslahat berilýändigini aýdýar.

Degişli maglumat Häkimiýetler koronawirusy ykrar edýänçä, ilat öz-özüni bejerýär

"Saglyk ýagdaýy birneme gowulaşan, gyzgyny peselen näsaglary hem dessine hassahanadan çykarýarlar. Olara saglyk bejergilerini öýlerinde dowam etdirmek tabşyrylýar. Sebäbi olara derek başga hassalar alynýar" diýip, saglyk işgäri aýtdy.

Azatlygyň habarçysy ýurtda näsaglara resmi derejede COVID-19 diagnozy goýulmaýan mahaly, paýtagtyň käbir saglyk işgärleriniň ilata koronawirus testinden geçmek boýunça näresmi hyzmatlary hödürläp başlandygyny hem belleýär.

"Aşgabadyň şäher laboratoriýasynyň käbir işgärleri COVID-19 testini 110 manada geçirip berýärler. Köp adam näresmi testden geçmegi saýlap alýar. Sebäbi ýurtda koronawirusyň bardygy resmi derejede ykrar edilmese-de, testi pozitiw netije görkezen näsaglar dessine karantine alynýar ýa-da keselhana ýerleşdirilýär" diýip, saglyk işgäri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, Çoganlydaky morguň golaýynda ýerleşýän saglyk merkeziniň käbir işgärleri hem şuňa meňzeş hyzmaty hödürleýärler. Bu saglyk işgärleri we raýatlar 30-njy etrapçadaky kesgitlenen ýerde duşuşýarlar. Saglyk işgärleri testden geçmek isleýän raýatyň agzyndan we burnundan suwuklyk alýarlar.

"Bahasy 100 manada barabar testleriň analizleri Çoganlydaky saglyk merkezinde geçirilýär. Saglyk işgärleri tölegleri özlerine alýarlar" diýip, saglyk işgäri sözüniň üstüne goşdy.

Azatlyk Radiosynda bu hyzmaty hödürleýän saglyk işgärleriniň telefon belgileri we olaryň nirede duşuşýandygy barada doly maglumat bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli anyk ýer atlaryny hem-de telefon belgilerini agzamakdan saklanýar.

Redaksiýanyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada agzalýan hassahanalardan kommentariý almak synanyşyklary netije bermedi.

Bu aralykda, Mary welaýatyndaky habarçymyzyň maglumatlaryna görä, 21-nji dekabrda Baýramaly şäheriniň polisiýa işgärleri orta mekdepleriň tas ählisine aýlanyp, duýdansyz barlag geçirdiler. Adaty raýat egin-eşigindäki polisiýa işgärleri maska režimini berjaý etmedik mugallymlary we okuwçylary ilki surata düşürdiler.

Degişli maglumat COVID-19 alamatlary bolan ýaş näsaglara pnewmoniýa, garrylara ýürek ýetmezçiligi diagnozy goýulýar

"Polisiýa işgärleri mekdebiň içinde we howlusynda burny açyk ýa-da maskasyz surata düşürilen mugallymlara özleriniň polisiýa edarasyndan gelendigini aýtdylar. Soňra-da olara maska režimini bozandyklary üçin 250 manat pul jerimesini saldylar" diýip, Baýramalynyň mekdepleriniň birinde işleýän bilim işgäri anonim şertde habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, polisiýa işgärleri munuň bilen hem çäklenmeýärler. Olar maska režimini bozan okuwçylar üçin-de mugallymlara pul jerimesini salýarlar.

"Polisiýa işgärleri düzgün bozan okuwçynyň haýsy klasda okaýandygyny we synp ýolbaşçysynyň kimdigini anyklaýarlar. Olar synp ýolbaşçylaryna "siz okuwçylaryňyza buýurmadyňyz we gözegçilik etmediňiz" diýip, her bir okuwçy üçin synp ýolbaşçylaryna 100 manat jerime saldylar" diýip, bilim işgäri sözüniň üstüne goşdy.

Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan mekdep mugallymlarynyň ençemesi mundan ozal şeýle barlaglaryň geçirilmändigini aýdyp, bu çäräni "bilim işgärlerinden pul almagyň ýene bir usuly" atlandyrýar.

"Mugallymlar Täze ýyl baýramynyň öňýanynda, noýabr we dekabr aýlary üçin iki aýlyk birden aldylar. Häzirki çäre edil "baryň-da mugallymlary talaň" diýlen ýaly. Ýöne bu iki aýlygyň ýeri iki aý öňünden gazylgy dur" diýip, adynyň efirde tutulmazlygyny soran baýramalyly mugallym habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy bu barlaglar barada Mary welaýat we Baýramaly şäher häkimliklerinden, şeýle-de polisiýa müdirliklerinden goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Türkmen häkimiýetleri ýurduň çäginde COVID-19 hadysasynyň hasaba alynmandygyny tekrarlasa-da, maska režimini yzygiderli güýçlendirip, ilatyň ähli ýerde maska geýmegini talap edýärler. Olar munuň sebäplerini "ýurda ýiti ýokanç keselleriň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak" tagallalary bilen düşündirýärler.

Bu aralykda, Russiýanyň we Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanalary ýurtdan gitmek isleýän raýatlar üçin çarter reýslerini guramalaşdyrmagy dowam etdirýärler. Bularyň degişlilikde 25-22-nji dekabrda amala aşyrylmagyna garaşylýar.

Degişli maglumat Türkmenistandaky koronawirus bolmasa, onda ol näme?

Bu maglumatlaryň arasynda, Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň Russiýa gitmek isleýän türkmen raýatlaryndan munuň sebäplerini düşündirmegi talap edýändigi barada "Türkmenistanyň Hronikasy" neşiri habar berýär.

"Soňky birnäçe günüň dowamynda paýtagtda ýaşaýan we gitmek üçin rus wekillerine ýüz tutan türkmen raýatlaryny migrasiýa gullugyna "söhbetdeşlige" çagyrýarlar. Olar raýatlardan näme üçin Russiýa gitmek isleýändiklerini we haýsy resminamalar esasynda rus ilçihanasyna ýüz tutandyklaryny görkezmegi talap edýärler" diýlip, neşiriň 20-nji dekabrda çap eden habarynda aýdylýar.

Maglumata görä, rus-türkmen, ýagny goşa raýatlygy bolan adamlara o diýen päsgelçilik döredilmeýär, ýöne olardan jikme-jik düşündiriş talap edilýär.

Türkmenistanda COVID-19 alamatlary bilen dowam edýän köpçülikleýin keseliň bardygyna we keselhanalaryň karantine ýapylýandygyna garamazdan, türkmen häkimiýetleri ýurtda koronawirusyň bardygyny ykrar etmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.