Türkmenistanda raýatlaryň bankomatlardan pul nagtlaşdyrmak problemasy saklanyp galýar.
Täze ýyl baýramçylygynyň öňýany ýurduň dürli regionlarynda adamlar bankomatlardan pul nagtlaşdyrmak üçin uly nobatlarda garaşmaga mejbur bolýarlar.
Sişenbe güni Azatlyga Aşgabatdan gowşan bir wideoda paýtagtyň bankomatlarynyň biriniň öňünde pul nagtlaşdyrmak üçin uly nobata garaşýan adamlary görmek bolýar. Azatlyk Radiosy wideonyň awtorynyň howpsuzlygyny nazarda tutup, ony çap etmekden saklanýar.
Degişli maglumat Bankomat nobatlary: "'Eje öýe gidäýeli' diýip, sowukda ejesine ýalbarýan çagalara nebsiň agyrýar"Anna güni Azatlygyň beýleki bir habarçysy Mary welaýatynda ähli býujet işgärleriniň aýlyk haklarynyň bank kartlaryna geçirilip başlanandygyny habar berdi. Ýöne adamlaryň aýlyk haklary tölense-de, olary nagtlaşdyrmak uly problema bolmagynda galýar.
“Ýene-de geçen aýlardaky ýaly adamlar pullaryny nagtlaşdyrmakda kösenýär” diýip, bir maryly ýaşaýjy Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Habarçy Türkmengala etrabynda bankomat nobatyna ýatymlyk garaşýan adamlaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary bilen gyzyklandy.
Onuň sözlerine görä, geçen hepdäniň başlaryndan başlap, etrap ýaşaýjylary pul nagtlaşdyrmak üçin bankomatlaryň öňüne ýatymlyk gelip başlady.
“Etrapda [bankomatlara] hepdede bir sapar pul salynýar. Ol salynýan pul hem az adama ýetýär” diýip, nobata garaşýan bir türkmengalaly Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.
“Adamlar her gün pul geler diýen umytda bolýarlar” diýip, ol aýtdy.
Habarçy ençeme ýerli ýaşaýjynyň üç gün bäri “Halkbankyň” etrap şahamçasynyň bankomatlaryndan pul nagtlaşdyrmak üçin bankyň gabadynda ýatyp-turýandyklaryny, olaryň gijelerine howanyň sowugyna döz gelmäge mejbur bolýandyklaryny, mümkinçiligi bolan adamlaryň awtoulaglarda ýylanýandyklaryny, käbir adamlaryň tüňçede çaý gaýnadyp, käbirleriniň bolsa demlikden çaý içip, ýylanmaga çalyşýandyklaryny anna güni habar berdi.
“Ýatymlaýyn gelmeseň, pul alyp bolmaýar. 2-3 günläp pullaryny nagtlaşdyryp bilmeýän adamlar bar” diýip, Azatlygyň habarçysy bir ýerli ýaşaýjynyň sözlerini getirdi.
Degişli maglumat Bankomat nobatlary: 'Men sizden karz pul sorap gelemok, meniň daban azabymy beriň'Bankomat nobatyna garaşýan käbir adamlar bank kartlaryndaky pullaryny ýangyç guýujy stansiýalardan nagtlaşdyrmaga-da synanyşýarlar. “Ýöne ‘zaprawkalarda’ ýeterlik nagt pul ýok” diýip, ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, ýangyç stansiýalary nagtlaşdyrylan puluň 10 göterimini tutup galýar. “10 göterim pul tutduryp, pul nagtlaşdyrmaga razy bolsaň-da, tanşyň bolmasa nagtlaşdyryp bolmaýar” diýip, ýene bir türkmengalaly gürrüň berdi.
Ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, wagtal-wagtal aragatnaşygyň ýitmegi hem adamlaryň bankomatlardan pul nagtlaşdyrmak, ýa-da töleg terminallary arkaly nagt däl töleg geçirmek işlerini bökdeýär.
Habarçy 8-nji dekabrda bankomatlaryň, ýangyç stansiýalarynda we nagt däl töleg kabul edýän dükanlarda uzakly gün terminallaryň pes aragatnaşyk sebäpli işlemändigini habar berdi.
Bu aralykda, habarçynyň maglumatlaryna görä, Maryda häkimiýetler býujet işgärlerinden Täze ýyl arçasynyň bezegleri üçin pul ýygnaýar. Edara başlyklary işgärlerden puly nagt görnüşinde talap edýär.
Habarçy işgärlerden 50-100 manat aralygynda täze ýyl bezegleri üçin pul tutulýandygyny habar berdi. Welaýatyň Baş arçasy bu ýyl Marynyň Mollanepes köçesiniň ugrundaky kitaphananyň öňünde oturdylýar.
Türkmenistan alty ýyldan gowrak wagtyň dowamynda maliýe we töleg ulgamyny sanly görnüşe geçirmäge synanyşýar. Synçylar dünýä tejribesinde maliýe ulgamyny elektron görnüşe geçirmegiň, başga maksatlar bilen bir hatada, korrupsiýa jenaýatlarynyň öňüni almaga, pul ýuwulmagyna garşy göreşmäge, maliýe pudagyna aç-açanlyk getirmäge gönükdirilendigini aýdýarlar. Ýöne ýerli synçylar Türkmenistan ýaly nagt däl hasaplaşygyň giň ýaýran ýurdunda maliýe ulgamyny sanly görnüşe geçirmegiň adaty halkyň durmuşyny has-da kynlaşdyrýandygyny aýdýarlar.
Resmi media we hökümet resmileri ýurt raýatlarynyň bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny gaýtalaýarlar. Ýöne synçylara görä, adamlaryň pul nagtlaşdyrmakda ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary resmi medianyň “bagtyýarlyk” wagzyna kölege salýar.
Degişli maglumat Bankomat nobatyna garaşýan adamlar: “Gerek bolsa, şu bankomatyň öňünde ýatyp-turarys!”Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.