Türkmenistanyň bankomatlarynda dowam edýän ýiti nagt ýetmezçiliginiň arasynda, ilatyň öz zähmet haklaryny nagtlaşdyrmak bilen bagly kynçylyklary günsaýyn köpelmese azalmaýar. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde howanyň temperaturasy gijelerine -7 gradusa çenli ýetýän şu günlerde adamlar, şol sanda ýaş çagaly eneler bank kartlaryndaky pullaryny nagtlaşdyrmak üçin bankomatlaryň öňünde gijeden nobata durýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 10-njy dekabrda Türkmenabatdan habar berdi.
Häzirki wagtda türkmenabatlylar, habarçymyzyň tassyklamagyna görä, bankomat dolduryjylaryň iş rejesini ýatdan bilýärler. Şol sebäpli olar irden sagat 7-de pul salynýan bankomatlaryň öňünde gijeden nobata durup başlaýarlar. Bu ýagdaýlara "Amul" bankyň, "Garagum" bankynyň, "Daýhan" bankyn howlusyndaky bankomatlaryň golaýynda synlasa bolýar.
Adyny nobat depderçesine ýazdyrýan adamlaryň sany 1000-den geçýär. Olaryň arasynda ýaş çagaly eneler, ýaşulular we orta ýaşly adamlar bar.
"Adamlar nobatyny ýitirmejek bolup, gijesi bilen bankomatlaryň golaýynda, köçede garaşýarlar. Howa sowuk, ýöne pulsuzlyk adamlary aýazly gijede nobata durmaga mejbur edýär. Muňa garamazdan, bankomatlardan her gün diňe 150-200 çemesi adam pul nagtlaşdyryp bilýär. Soňra pul gutarýar" diýip, adynyň efirde aýdylmazlygyny soran türkmenabatly ýaşaýjy habarçymyza gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, adamlaryň pul nagtlaşdyrmak üçin aýazly gijede ençeme sagatlap köçede garaşmagy olaryň arasynda sowuklama keseline ýolugýanlaryň hem köpelmegine getirýär.
Galyberse-de, nobata durýanlaryň arasynda ýaş çagasy bilen gelýän gelinler hem bar. Çagalaryň ýyly geýimlidigine garamazdan, habarçymyzyň aýdyşyna görä, gijäniň ortlarynda olaryň üşäp, eneleriniň gujagyna girýändigini görse bolýar.
"Eje öýe gidäýeli diýip, sowukda ejesine ýalbarýan çagalara nebsiň agyrýar" diýip, türkmenabatly ýaşaýjy şaýat bolan ýagdaýyny habarçymyza gürrüň berdi.
Munuň bilen bir wagtda, Türkmenabadyň häkimiýetleri, habarçynyň aýtmagyna görä, bankomatlaryň sanyny hem yzygiderli kemeldýärler. Bazar merkezlerindäki käbir bankomatlar bolsa, şäheriň çeträginde ýerleşýän banklaryň howlularyna geçirilýär.
"Bu häkimiýetleriň bankomatlaryň öňündäki uly nobatlary gizlemek tagallalarynyň ýene bir görnüşi" diýip, başga bir türkmenabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.
Türkmenistanda indi dört ýyla golaý wagt bäri ykdysady kynçylyklar dowam edýän mahaly, ýurduň bankomatlarynda nagt ýetmezçiligi we munuň bilen bagly olaryň öňünde adamlaryň uly nobatlary saklanyp galýar. Käte nobatlarda dawa-jenjeller, adamlaryň şikeslenmegi bilen bagly ýagdaýlar hem ýüze çykýar.
13-nji noýabrda Türkmenabadyň "Gök bazaryndaky" bankomat nobatlarynda dörän uruş-dawada birnäçe aýalyň şikeslenendigini we olaryň Lebabyň köpugurly hassahanasyna alnyp gidilendigini, habarçymyzy gürrüň berdi.
Türkmen häkimiýetleri ykdysady kynçylyklary aç-açan boýun almaýar. Ýurduň mediasy hem, munuň bilen bagly ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan kösençlikleri barada gürrüň gozgamaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.