Türkmenistan 2082 tussagyň günäsini geçdi, 2580 adamy raýatlyga kabul etdi

Türkmen türmesiniň daş görnüşi

Türkmenistan soňky 28 ýylda türmeden geçen, türmede ölen adamlaryň sanyny çap etmeýşi ýaly, daşary ýurtlara giden zähmet migrantlary hakynda-da, içerki zähmet migrantlary hakynda hem anyk maglumat bermeýär, ýurtda soňky geçirilen ilat ýazuwynyň netijeleri bolsa şindi hem çap edilmeýär.

Türkmenistanda Bitaraplyk baýramy mynasybetli 2078 raýatyň we 4 daşary ýurt raýatynyň günäsi geçildi, 2 müň 580 adama raýatlyk berilýär.

Günäsi geçilen tussaglaryň sanawy çap edilmeýär, olaryň arasynda halkara hukuk toparlary tarapyndan syýasy tussag ýa-da wyždan ýesiri hasaplanýan bendileriň bardygy ýa ýokdugy anyklaşdyrylmaýar.

Türkmenistan sebitde ilatynyň jan başyna iň kän tussag düşýän ýurt hasaplanýar we, garaşsyzlygyň başky ýyllaryndan başlap, tussagdan hyryn-dykyn dolan türmeleri ýeňletmek maksady bilen, prezidentiň günä geçişlerini yglan etmek kada öwrüldi.

Degişli maglumat Öňki owgan tussagy: "Türkmen türmelerinde mundan 40-50 ýyl öňki eti gaýnadyp berýärler"

Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna gelmegi bilen, neşe gaçakçylygy bilen bagly jenaýatlarda günäli tapylan raýatlaryň günäsiniň geçilmeýändigi aýdylýar. Ondan öň uzak möhlet bilen türmä basylan neşe gaçakçylary hem alty aý, birki ýyl oturyp, türmeden boşap bilýärdi.

Saparmyrat Nyýazowyň prezident bolan ýyllarynda günä geçişlik esasan Gadyr gijesine gabat geçirilen bolsa, soňra olary bölüp, baýramçylyklara gabat geçirmek karar edildi. Şol bir wagtda, günä geçiş prosesinde aýdyňlyk ýok we, ozalky tussaglar bilen geçirilen anonim söhbetdeşlikler bu çäräniň arkasynda “ynsanperwerlikden” başga, korrupsiýa nogsanlygynyň hem bardygyny görkezýär.

Halkara hukuk guramalarynyň çagyryşlaryna garamazdan, Türkmenistan öňki prezident S.Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygy diýilýän iş bilen baglylykda, “gülençiler” diýilýänler we dini ynançlary esasynda harby gullukdan ýüz öwrendigi üçin türmä basylan adamlar barada açyk maglumat bermeýär.

Halkara hukuk goraýjylar koalisiýasynyň “Olary diri görkeziň” kampaniýasynyň ýazmagyna görä, Türkmenistan möhleti dolan halatynda hem, syýasy tussag hasaplanýan adamlary azatlyga goýbermek islemeýär.

1995-nji ýylyň 12-nji iýulynda Aşgabatda hökümete garşy geçirilen parahat protestiň guramaçylarynyň biri, 1995-nji ýylda uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilen we halkara basyşlary esasynda azatlyga çykan Gulgeldi Annanyýazow ýurtda häkimiýet çalşandan soň yzyna dolandy we serhetden bikanun geçmekde günäli tapylyp, 11 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Hukuk goraýjylar kesilen iş möhletiniň tamam bolandygyny, emma onuň şindi hem azat edilmeýändigini aýdýarlar.

Degişli maglumat Türkmenistanda günäsi geçilen 800-den gowrak tussagyň arasynda üç özbegistanly azatlyga goýberildi

Şeýle-de, hukuk goraýjylar Türkiýede okaýan we aldaw bilen Aşgabada getirilen ýaş aktiwist Ömruzak Omarkulyýewiň soňky ykbaly barada alada bildirýärler. Türkmenistanyň pandemiýa döwründe eýelän pozisiýasy bolsa, tussaglaryň saglyk ýagdaýlary baradaky aladany has-da güýçlendirýär diýip, hukuk goraýjylar aýdýar.

Türkmenistandaky işsizlik, raýatlaryň islendik görnüşdäki düzgün bozma üçin galplaşdyrylan jenaýat işleri esasynda uzak möhletli türmä düşmek ähtimallygy köp adamyň daşary ýurtlara çykmagyna sebäp boldy. Käbir hasaplamalara we syzyp çykan maglumatlara görä, soňky ýyllarda iki milliona golaý adam daşary ýurtlara işlemäge gitdi.

Mundan başga, ýurtdaky şertler, korrupsiýanyň derejesi we kanunlaryň köplenç ýerine ýetirilmezligi daşary ýurtlarda gowy bilim alan ýaşlaryň hem yzyna gelmek höwesini gaçyrýar, netijede Türkmenistan her ýyl köp möçberde “beýni ýitirýär” diýip, Azatlyk bilen gürleşen türkmen studentleri aýdýar.

Emma Türkmenistan soňky 28 ýylda türmeden geçen, türmede ölen adamlaryň sanyny çap etmeýşi ýaly, daşary ýurtlara giden zähmet migrantlary hakynda-da, içerki zähmet migrantlary hakynda hem anyk maglumat bermeýär, ýurtda soňky geçirilen ilat ýazuwynyň netijeleri bolsa şindi hem çap edilmeýär.

Ýöne häkimiýetler türkmen raýatlygy berlen adamlaryň sanyny bada-bat çap edýärler.

Degişli maglumat Hukuk goraýjylar möhleti dolan tussaglaryň azat edilmegine, 'türme ýitirimliginiň' bes edilmegine çagyrýar

Bitaraplygyň 25 ýyllyk baýramyndan öň Berdimuhamedow Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk adamlaryň uly toparynyň raýatlyga kabul edilmegi baradaky karara hem gol çekdi.

TDH-nyň maglumatyna görä, 2 müň 580 adamyň Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilmegi boýunça iş geçirildi, olar 19 milletiň wekili bolup durýar.

Mundan başga, häzire çenli daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň 3 müň 119-syna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi, döwlet baştutanyň garamagyna 11 döwletiň raýatlary we 31 milletiň wekilleri bolup durýan adamlaryň 874-sine ýurtda ýaşamak ygtyýarnamasynyň berilmegi teklip edildi.

Şu aralykda, “Turkmen.news”neşiriniň migrasiýa gullugyndaky çeşmelerine salgylanyp ýazmagyna görä, G. Berdimuhamedow şu ýylyň maýynda 319 adamyň Türkmenistanyň raýatlygyndan çykmagy baradaky karara gol çekdi.

Türkmenistanyň kanunlary goşa raýatlygy kabul etmeýär we soňky ýyllarda başga ýurtlarda raýatlyk alan we awtomatiki ýagdaýda öz dogduk ýurdundaky raýatlygyny ýitiren türkmenistanlylaryň anyk sany belli däl.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.