Koronawirus pandemiýasy medisina hyzmatlarynyň hilini erbetleşdirdi we Türkmenistanda ilatyň saglygyny bejertmek mümkinçiligini çäklendirdi. Koronawirusyň bardygyny resmi taýdan ykrar etmedik ýurtda hassahanalarda adam köp, dermanlar ýeterlik däl, saglyk işgärleri ýetmezçilik edýär we enjamlar bejerilmeýär. Häkimiýetler tarapyndan ilatyň hereketine çäklendirme girizilenden soň, agyr hassalaryň köpüsi ýurduň beýleki ýerlerinde ýerleşýän lukmançylyk edaralaryna baryp bilmeýändigi sebäpli zerur medisina kömegini almakdan mahrum bolýarlar. Bu barada Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary ýurt içinden habar berýärler.
Häzirki wagtda Aşgabadyň ýaşaýjylary rak keselleri bejermek üçin radiasiýa terapiýasy üçin ýurduň günbatar sebitine, Balkanabat şäherine gitmeli bolýarlar.
Radiasiýa bejeriş enjamy Türkmenistanyň paýtagtyndaky onkologiki keselhanada işlemeýär. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysynyň sözlerine görä, mundan ozal guralaryň dozimetr ýaly enjamlaryň näsazlygy sebäpli hassalar paýtagtdan Mary şäherine gitmäge mejbur bolupdyr.
Degişli maglumat Marynyň hassahanasy onkologiýa näsaglary Aşgabada ugradýarIndi Maryda hem enjamlar işlemedi, şeýlelikde hassalar Balkanabat şäherine gitmeli bolýarlar. Häzirki wagtda ýurduň içinde syýahat etmek üçin saglyk resminamalarynyň şeýle hem käbir sebitlerde ýörite komissiýa tarapyndan berilýän ýörite rugsat hatyny almak talaby ýaly berk çäklendirmeler haly agyr hassalaryň durmuşyny hasam kynlaşdyrýar.
Sebitleriň arasyndaky hereket çäklendirmeleri şu ýylyň mart aýynda girizildi we 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli uzaldyldy. Şeýle hem çäklendirmeler sebitleriň arasynda otlylaryň, awtobuslaryň we taksileriň hereketiniň bes edilmegini we howa gatnawynyň azalmagyny öz içine alýar.
Bellesek, mundan öň, öňki ýyllarda welaýatlaryň hassahanalary rak keselleriniň bejergisi üçin hassalary paýtagta iberýärdi.
Azatlyk Radiosy Aşgabadyň onkologiýa klinikasyndan şu gün maglumat alyp bilmedi. Öňki gezek telefonymyza jogap beren klinikanyň informasiýa bölüminiň işgäri hassalaryň köpdügini, kabul edilmek üçin nobata durmalydygyny, saglyk ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň hökman bolmalydygyny we hyzmatlaryň töleginiň möçberini lukmanyň kesgitleýändigini aýdypdy.
Azatlygyň habarçylary Aşgabadyň onkologiýa merkezindäki tehniki kemçilikler, şol sanda gyşda ýyladyşyň, tomusda sowadyjylaryň işlemeýändigi barada habar berdiler.
Paýtagtyň Arçabil şaýolunda ýerleşýän Onkologiýa merkeziniň binasy 2009-njy ýylda 45 million dollara guruldy.
Ýurtda bejergi saglyk ätiýaçlandyryş polisiniň esasynda amala aşyrylýar, ýöne käbir hyzmatlar goşmaça tölenýär.
Degişli maglumat Mary bilen Lebabyň käbir etraplarynda keselhana töleglerini töläp bilmeýänler köpelýärAzatlygyň habarçylarynyň aýtmagyna görä, medisina hyzmatlarynyň we dermanlaryň gymmatlygy sebäpli hassalaryň hemmesi bejergi alyp bilmeýär. Bu ýagdaýda köp adam zerur medisina kömegi bolmazdan öýünde ýogalýar.
Türkmenistanda keselçiligiň resmi statistikasy ýok.
BMG-nyň Ykdysady we sosial meseleleri ministrligi tarapyndan hödürlenen Türkmenistan boýunça meýletin milli hasabatynda çap edilen maglumatlara görä, ýürek-damar kesellerinden soň onkologiýa keselleri Türkmenistanda ilatyň arasynda ölüme esasy sebäp bolup durýar.
Hasabatda bellenip geçilişi ýaly, erkekleriň arasynda traheýa, bronh we öýken, aşgazan, bagyr organlarynyň we öt ýollarynyň rak keseli, aýallarda döş we ýatgy rak keselleri has köp duş gelýär.
Azatlygyň habarçylarynyň we beýleki garaşsyz metbugat çeşmeleriniň habar bermegine görä, soňky aýlarda Türkmenistandaky hassahanalar hassalaryň kabul edilmegini düýpgöter azaltdy we planlaşdyrylan operasiýalary ýatyrýar. Ýurduň saglyk edaralarynda COVID-19 alamatly näsaglaryň sany köpelýär.
Häkimiýetler koronawirusyň ýurtda düýpden ýokdugyny aýdýarka, Azatlygyň habarçylary we beýleki garaşsyz habar serişdeleri Türkmenistanyň saglyk edaralarynda her gün onlarça lukmanyň COVID-19 bilen keselleýändigini habar berýärler.
Mekdeplerde keselleýänleri hem köpeldi. Aşgabatda ene-atalaryň köpüsi çagalaryny öýlerinde galdyrmagy makul bilýärler. Käbir mekdeplerde başlangyç klaslaryň okuwçylaryna mekdebe günaşadan barmak maslahat berilýär. Bu barada Aşgabatdaky habarçymyz 11-nji dekabrda gürrüň berdi.
Türkmen ýolbaşçylary, ýurtda COVID-19 hadysasynyň hasaba alynmandygyny aýdyp, toý-baýramçylyklary ýatyrdy, hereket azatlygyny çäklendirdi we ilatyň ähli ýerlerde maska geýmegini talap etdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär