Bankomat nobatlary: "'Eje öýe gidäýeli' diýip, sowukda ejesine ýalbarýan çagalara nebsiň agyrýar"

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkmenistanyň bankomatlarynda dowam edýän ýiti nagt ýetmezçiliginiň arasynda, ilatyň öz zähmet haklaryny nagtlaşdyrmak bilen bagly kynçylyklary günsaýyn köpelmese azalmaýar. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde howanyň temperaturasy gijelerine -7 gradusa çenli ýetýän şu günlerde adamlar, şol sanda ýaş çagaly eneler bank kartlaryndaky pullaryny nagtlaşdyrmak üçin bankomatlaryň öňünde gijeden nobata durýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 10-njy dekabrda Türkmenabatdan habar berdi.