Temmäki monopoliýasy korrupsiýany, 'türkmen çilimini' we nas atýanlary köpeldýär

Türkmenistanda öýde, elde 'öndürilýän' çilim.

Çilimiň gytlygy ýa bahalaryň yzygiderli gymmatlamagy çilim çeklýänleriň köpçülikleýin azalmagyna getirdi, çilim çekýänler azaldy diýip bolmaz, bu barada resmi metbugatda aýdylýan zatlar hakykata gabat gelmeýär diýip, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen aşgabatly žurnalist aýtdy.

Azatlygyň Türkmenabatdaky habarçysy şu günler hususy dükänlarda satylýan bir çilimiň bahasynyň 16 manada çykandygyny, bir guty çilim üçin 320 manat tölemelidigini habar berdi.

Başga bir maglumata görä, çilimiň gutusyny hususy dükanlarda 270-300 manat aralygynda satyn alyp bolýar. Ýöne 800 manat möçberinde ortaça aýlyk alýan adamlaryň bu çilimi alyp bilmän, soňky döwürde köpelen "türkmen çilimini" çekýändigi aýdylýar.

Çilimiň bahasy henize çenli beýle ýokary galmandy we häzir döwlet dükanlarynda çilim satylsa, nobata durýan adamlaryň sany iki sagat içinde 3-4 müň alyja çenli köpelýär diýip, habarçy aýtdy.

Degişli maglumat Çilim 'jadyly sowgada' öwrülýär

Eger-de çilimiň soňky gezek sentýabrda satylandygy, şondan bäri döwlet dükanlarynda açyk çilim söwdasynyň görülmändigi nazara alynsa, sebit paýtagtynda emele gelen çilim açlygyna düşünmek kyn däl.

Iki-üç gün daňdan nobata durup, sagat 7-de açylan dükandan 32 manatdan iki guty çilim aldym diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Nobata durýanlar diňe çilimkeşler hem däl. Olaryň arasynda çilim alyp, şol ýerde 100 manatdan satyp, gazanç edýän hem az däl diýip, çilim ýetmedik adamlar zeýrenýär.

Aýdylmagyna görä, häzir çilimiň hususy dükanlardaky bahasy döwlet dükanlaryndakydan 11 esse gymmatlady we bu döwletiň çilim söwdasyna girizen monopoliýasynyň köp adam üçin uly çykdaja, käbirleri üçin ullakan girdejä öwrülendigini aňladýar.

Çilim bahalarynyň gymmatlygy onuň bolmazlygy, ýeterlik getirilmeýändigi bilen düşündirilýär.

"Indi bu täze däp diýsek hem bolar, adamlar çilim satylar umydy bilen her aýyň başynda döwlet dükanlarynyň agzynda nobata durýar, çilim ýok diýlensoň bolsa, ýüzlerini sallap gaýdýar" diýip, ýerli synçylar aýdýar.

Çilimiň gytlygy ýa bahalaryň yzygiderli gymmatlamagy çilim çeklýänleriň köpçülikleýin azalmagyna getirdi, çilim çekýänler azaldy diýip bolmaz, bu barada resmi metbugatda aýdylýan zatlar hakykata gabat gelmeýär diýip, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen aşgabatly žurnalist aýtdy.

Degişli maglumat “Merkezdäki bir otagly jaýy [bir guty çilime] çalyşýaryn”

Onuň sözlerine görä, çilimiň gymmatlygy adamlary temmäki diýip satylýan gümürtik önümleri barha köp ulanmaga itekleýär, bu saglyk üçin gowy diýip bolmaz.

Bu aýdylýany Azatlygyň Lebapdaky habarçysy hem tassyklady we adamlaryň ‘mahorka’ diýip, çilim bilen hiç hili dahyly bolmadyk garyndylary satyn alýandyklaryny gürrüň berdi.

"Häzir mahorka söwdasy gyzýar, 16 manatdan çilim alyp bilmeýän adamlar 2-3 manatdan satylýan garyndylary alýarlar. Bu ‘mahorkany’ alyp çekýänler onuň içinde temmäkiden başga hemme zadyň bardygyny aýdýarlar" diýip, habarçy sözüniň üstüni ýetirdi.

Aýdylmagyna görä, elde ýasalan 'mahorkalary' çdekseň, derrew agyr üsgülewük tutýar, onuň tüssesi gara, küli gara, düzümi belli däl.

"Hakyky temmäkini men köp çekdim, bular temmäki däl, başga zat, ýöne çilim alyp çekmäne ýagdaýyň bolmasa, almaly bolýar" diýip, 35 ýyl bäri çilim çekýän türkmenabatly ýaşaýjy Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýty.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan ýerli lukmanyň pikiriçe, çilimiň emeli gytaldylmagy we gymmatladylmagy bilen, köpden bäri çilim çekýän adamlaryň çilim goýmagyna garaşmak dogry däl.

Degişli maglumat Arzan çilim ýene ýok. Döwletiň döreden 'ak we gara' bazarlary kime peýda, kime zyýan?

"Eger döwlet adamlaryň ýaramaz endiklerini azaltjak bolsa, munuň üçin dowamly bejeriş işleri geçirilmeli, zerur dermanlar, ýörite plastirler, sakgyçlar bolmaly. Emma çilime garaşlylygy peseldýän dermanlar Türkmenabadyň dermanhanalaryna azyndan 10 ýyldan bäri gelenok" diýip, ol aýtdy.

Çilimiň bahasynyň aşa ýokarlanmagynyň ýene bir sebäbi manadyň hümmetiniň peselmegi, MHM, IIM gözegçiliginde satylýan dollaryň gara bazar bahasynyň yzygiderli ýokarlanmagy bilen düşündirilýär.

Çilimiň gymmatlygy nas atýanlaryň we "türkmen çilimi" diýilýäni çekýänleriň köpelmegine getirdi. Bu çilimi adamlar öýlerinde ýasap, dükanlara tabşyrýarlar. Olar arzan, hususy dükanlarda, 10 sanysy 8-10 manat aralygynda satylýar, ýöne saglyk üçin erbet hasaplanýar diýip, habarçy aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.