Türkmen režiminiň tankytçysyny "internet terrorçylygynda" günäkärleýärler 

Internet kafe (illýustrasiýa suraty) 

Türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlardaky hökümet tankytçylaryny yzarlamagy we olaryň ýurt içindäki garyndaşlaryna basyş etmegi dowam etdirýärler. Türkmenistanda adam hukuklaryna syn edýän halkar guramalary internetde tankydy guramalary çap edýän aktiwistlere garşy täze basyşlar barada habar berdiler.

Adam hukuklaryny goraýjy guramalar "Türkmen Helsinki fondunyň" we "Memorial" merkeziniň habaryna görä, Karaçaý-Çerkessiýada okan 26 ýaşly aşgabatly Rozgeldi Çoliýew internetde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy tankytlaýan wideo ýazgylaryny Youtube sahypasynda çap etmegi sebäpli Türkmenistanyň ilçihanasynyň, şeýle hem Orsýetiň uniwersitetiniň we Federal howpsuzlyk gullugynyň (FSB) basyşyna sezewar bolupdyr. Onuň Türkmenistandaky garyndaşlary hem basyş astyna düşüpdir.

Rozgeldi Çöliýew

Türkmen häkimiýetleriniň býurokratiýasyna gahary gelen Rozgeldi Çöliýew, soňky aýlarda beýleki köp sanly türkmenler ýaly internetde nägileligini aç-açan aýtdy. Wideolar oppozisiýa kanallarynda we "Türkmenistan birleşeliň!" websaýtynda çap edildi diýlip maglumatda aýdylýar.

“Berdimuhamedowa wideo arkaly ýüzlenmek we hukuklarymy talap etmek kararyna geldim, konsullygyň raýatlarymyza kömek etmeýändigini aýtdym. Bu maý aýynyň ortalaryndady "- diýip, "Memorial" Rozgeldi Çöliýewi sitirleýär.

Çöliýewiň sözlerine görä, ilkinji wideo çykandan birnäçe gün soň, okuw jaýynyň rektorynyň orunbasary umumy ýaşaýyş jaýyna baryp, ony söhbetdeşlige çagyrypdyr.

Degişli maglumat Hukuk goraýjylar aktiwistleri yzarlamagyň, gorkuzmagyň bikanundygyny aýdýarlar

"Onuň bilen bilelikde uniwersitetimizden iki sany türkmen student bardy. Ol näme üçin wideo goýandygymy, köçä çykmaga çagyrandygymy, prezident Berdimuhamedowa garşy çykyş edendigimi we ilçihanany tankytlandygymy sorady. Men Türkmenistanyň häzirki syýasatyna, adam hukuklarynyň, şol sanda öz haklarymyň depelenmegine garşydygymy aýtdym. Muňa jogap beren rektoryň orunbasary, meniň uniwersiteti masgaralap, ýurdumyň abraýyna töhmet atýandygymy aýdyp, zatlarymy ýygnamak üçin 20-25 minut wagt berjekdigini, meni Moskwadaky konsullyga we ol ýerden Türkmenistana iberjekdigini aýtdy. Meniň ýanymda ol türkmen konsullygyna jaň etdi. Görnüşi ýaly, konsullyk eýýäm onuň bilen habarlaşyp, meni terrorçylykda aýyplapdyr. Konsul 'terrorçylyk hereketlerine gatnaşýan bir talyp siziň uniwersitetiňizde okaýar' diýipdir" diýip Çöliýew gürrüň berýär.

Onuň sözlerine görä, talyplar onuň wideosyny rus diline terjime edip, uniwersitet administrasiýasyna munuň diňe Türkmenistandaky ene-atalardan gelýän we çykdajylary tölemek üçin zerur puly almak icin edilen synanyşyk bolandygyny düşündirmeli bolupdyr. Şeýle-de bolsa, ýolbaşçylar wideolaryň internetden aýrylmagyny isläpdir.

"Memorial" guramasynyň websaýtynda çap bolan habara görä, rektoryň orunbasary bilen söhbetdeşlikden 3-4 gün soň, Çöliýew Magometow köçesindäki dükandan çykyp barýarka, özüni FSB-niň işgäri hökmünde tanadan raýat eşikli näbelli bir adam tarapyndan saklanypdyr. Näbelli adamyň awtoulagynda bolup geçen söhbetdeşlik bir sagada golaý dowam edip, Çöliýewe ýene-de şol soraglar berilipdir, onuň näme üçin wideony goýandygy, näme üçin türkmen hökümetini tankytlaýandygy soralypdyr. Söhbetdeş bolan adam hem talypdan Youtube-däki wideolary aýyrmagy talap edipdir.

“Memorialyň” web sahypasyndaky maglumatlara görä, Çöliýew Karaçaý-Çerkess döwlet uniwersitetiniň bedenterbiýe fakultetine 2018-nji ýylyň tomsunda okuwa giripdir. Onuň aýaly Mährijemal Hudaýnazarowa hem şol uniwersitetiň filologiýa bölüminde okaýar. Olryň ikisi-de Türkmenistanyň raýatlary. 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda Çöliýew kafede işläp okuwyna ýetişmändigi sebäpli okuwdan çykaryldy. Soň bolsa taýýarlyk kurslaryna ýazyldy.

Azatlyk Radiosy Aliýew adyndaky Karaçaý-Çerkess döwlet uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen habarlaşmaga synanyşýar.

Degişli maglumat Türkmen aktiwistleri ABŞ-da Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň üýtgedilmegine garşy protest geçirýär

Çöliýewiň aýtmagyna görä, 2020-nji ýylyň maý aýynda onuň dört wideosy internetde peýda bolupdyr. 23-nji maýda neşir edilen birinde ol türkmen talyplaryny birleşmäge we hereket etmäge çagyrdy, türkmen howpsuzlyk işgärlerini tankytlady we prezident Berdimuhamedowy internetde türkmenleriň arasynda giňden ýaýran kemsidiji at bilen atlandyrdy.

Çöliýewiň Türkmenistandaky garyndaşlaryna hem basyş edildi. Bekrewe obasyndaky harby keselhanada işleýän kakasy Annamyrad Çöliýewe oglunyň indi internetde gürlemezligi, daşary ýurtlardaky ýörişlere gatnaşmazlygy hakynda duýduryş berildi. Oňa işde kynçylyk döretmek haýbaty atyldy, ogluny ýurda çagyryp getirmegi talap edildi we onuň Türkmenistana gaýdyp baransoň tussag ediljekdigini duýduryldy.

Adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň maglumatyna görä, Çöliýew haýbatlara garamazdan, protest hereketiniň gatnaşyjylary bilen aragatnaşyk gurmak üçin 2020-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkiýä bardy. Awgustda we sentýabryň ahyrynda “Türkmenistan birleşeliň!" toparynda we Youtube sahypasynda türkmen häkimiýetlerini tankytlaýan we protestlere çagyrýan täze wideolaryny ýerleşdirdi.

Onuň internetdäki soňky çykyşlaryndan soň garyndaşlaryna täze basyşlar başlandy.

Rozgeldi Çöliýewiň sözlerine görä, kakasy "henizem polisiýa bölümine äkidilýär we bir-iki gün sorag edilýär". Ejesi, 60 ýaşly pensioner Ogulmaral Çöliýewa sentýabr aýynyň ahyrynda Aşgabadyň Arçabil etrap polisiýa bölünde soraga çekildi, iki sany raýat eşikli adam ondan oglunyň indi internetde görünmezligini talap etdi.

Degişli maglumat Türkmen aktiwistleri wirtual protest aksiýasyny geçirdiler

Rozgeldi Çöliýewiň dogany Merdanyň iş wezipesi peseldildi, Orsýetde, Ukrainada we Hindistanda okaýan ýene üç dogany maşgalala edilýän basyş sebäpli Türkmenistana gaýdyp barmakdan gorkýarlar. Bu barada adam hukuklaryny goraýjy guramalar "Türkmen Helsinki fondunyň" we "Memoria" merkeziniň 7-nji dekabrda çap eden maglumatynda aýdylýar.

Türkmen jemgyýeti, güýçlenýän ykdysady krizisiň fonunda görlüp-eşidilmedik raýat aktiwligini başdan geçirýär, bar bolan sosial we ykdysady problemalary äsgermezlik edýän we açyk boýun almaýan türkmen hökümetiniň hereketsizligi ilatyň nägileligini artdyrýar.

Dükanlarda azyk ýetmezçiligi, bankomatlardaky nagt pul kemçiligi we bazarlaryň ýapylmagy ýurduň içindäki adamlary bileleşip çykyşlara ýygnanmaga we köçeleri beklemäge mejbur edýär. Häzirki wagtda dürli ýurtlarda ýaşaýan türkmenler bolsa, pikir alyşmak we öz raýat pozisiýasyny beýan etmek üçin sosial ulgamlardan we YouTube, Facebook ýaly meşhur platformalardan işjeň peýdalanýarlar, protest guraýarlar.

Ilatyň öz graždan aktiwligini bildirip başlamagynyň fonunda ýurduň häkimiýetleri aktiwistlere hem olaryň garyndaşlaryna edilýän basyşlaryny artdyrdy. Alty aýyň içinde onlarça türkmen raýaty we olaryň garyndaşlary tussag edildi, soraga çekildi, gorkuzyldy we beýleki basyşlara sezewar boldy.

Türkmenistanyň häkimiýetleri, şol sanda daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň resmileri öz raýatlarynyň problemalary barada resmi maglumat bermekden boýun gaçyrýarlar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.