Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginden Mara ugradylan ýörite komissiýa Baýramaly etrabynyň polisiýa, prokuratura edaralarynda we Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýerli bölüminde barlaglary geçirýär. Bir jenaýat işiniň üstüni ýapmaga ýardam edenleri anyklamak boýunça geçirilýändigi aýdylýan bu derňewleriň çäginde etrabyň milli howpsuzlyk gullugynyň birnäçe işgäri işinden boşadyldy.
20-ä golaý adamdan ybarat komissiýa geçen aýyň ahyrynda Baýramaly etrabyna gelip, ýerli polisiýa we prokuratura edaralarynyň, şeýle-de Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýerli bölüminiň işgärlerini soraga çekip başlady.
Degişli maglumat Häkimiýetler Lebabyň önümçilik kärhanalaryny derňeýär, birnäçe ýolbaşçy tussag edildiResmi taýdan habar berilmeýän bu derňewler, polisiýa we howpsuzlyk işgärleriniň ençemesiniň habarçymyza aýtmagyna görä, geçen aý bir adamyň öldürilmegi we muny amala aşyran adamyň jezalandyrylman, bu işiň üstüniň gizlin ýapylmagy bilen baglanyşykly.
"Geçen aýyň ortalarynda 25-30 ýaşlaryndaky bir oglan pyçaklanyp öldürildi. Bu işi ýapmak üçin jenaýat eden adamyň hossarlaryndan 500 müň amerikan dollaryna golaý pul soralýar we şondan soňra bu işiň ýapyljakdygy barada wada berilýär. Jenaýatçy baý adamyň çagasy bolany üçin ýokardaky agzalan pul gerekli adama eltilip berilýär we bu iş bolmadyk ýaly ýapylýar" diýip, adynyň efirde aýdylmazlygyny soran baýramalyly polisiýa işgärleriniň biri habarçymyza gürrüň berdi.
Ýöne onuň sözlerine görä, bu wakadan soňra ölen adamyň hossarlary Aşgabatdaky baş prokuratura arz etdiler. Bu arzanyň netijesinde etraba Aşgabatdan ýörite komissiýa iberilýär we bu işiň üstüni ýapmaga kömek eden polisiýa, prokuratura hem-de howpsuzlyk işgärlerini anyklamak boýunça derňew işleri geçirilýär.
"Derňewler başlandan soň, bu işi ýapmaga gatnaşandygy aýdylýan howpsuzlyk işgärleriniň ençemesi eýýäm işinden boşadyldy. Biziň ýurdumyzda para bilen hatda ölüm jezasyny hem ýapyp bolýar. Bu bolsa puluň bolmasa adalatyň ýokdugyny, köp meselede adalatsyz çözgüt bolýandygyny aňladýar" diýip, baýramalyly polisiýa işgäri aýtdy.
Baýramalyda alnyp barylýan derňewler, işinden boşadylan howpsuzlyk işgärleriniň soňky ykbaly we öldürilen adamyň ady baradaky jikme-jiklikler häzirlikçe nämälim bolmagyna galýar.
Degişli maglumat Döwlet ýene 'para alan', aglap toba edýän tussaglary görkezdi. Şertler öňküligine galýarAzatlyk Radiosy ýokarda beýan edilen bu ýagdaýlar barada Mary welaýat we Baýramaly etrap häkimliklerinden, polisiýa, prokuratura edaralaryndan we MIlli howpsuzlyk ministrliginiň ýerli bölüminden kommentariý alyp bilmedi.
Bu barada Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi bilen habarlaşyp, goşmaça maglumat almak boýunça edilen synanyşyklar hem netije bermedi. Şeýle-de, barlag komissiýasynyň agzalarynyň wezipelerini anyklamak hem başartmady.
Türkmenistanda para alandygy we iş kesilendigi aýdylýan, "jenaýat etmekde" aýyplanan hem-de eden işine aglap toba edýän öňki emeldarlar wagtal-wagtal ýurduň telewideniýesinde görkezilýär.
Muňa garamazdan, resmi media ýurtda amala aşyrylýan jenaýatlar, para almak hadysalarynyň anyk haçan we nirede bolandygy, derňewleriň we sud seljerişlikleriniň haçan we nirede geçirilendigi barada habar bermeýär.
Ýerli synçylaryň we türkmenistanlylaryň ençemesi hökümet maslahatlarynda korrupsiýa garşy göreş barada durlup geçilse-de, aýdylanlaryň iş ýüzünde amal edilmeýändigini, şol sebäpli bu mesele boýunça üýtgeýän zadyň ýokdugyny aýdýarlar.
Türkmenistan halkara guramalarynyň ýyllyk hasabatlarynda dünýäniň iň korrumpirlenen ýurtlarynyň hatarynda agzalýar.
Degişli maglumat Mara Aşgabatdan barlag geldi, keselhanalarda diwarlar hassalaryň gapdalynda boýaldyGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.