Türkmenistanda ilatyň azyk üpjünçiligi uly mesele bolmagynda galýar. Kesgitlenen nyrhdan çäkli möçberde azyk satýan döwlet dükanlarynda nobatlar we dawa-jenjeller köpelmese, azalmaýar. Adamlar gijeden nobata durup, azyk önümleriniň ýany bilen dürli harytlary satyn almaga mejbur bolýarlar. Munuň bilen bir wagtda, azyk önümleriniň hususyýetçilerdäki bahalary yzygiderli gymmatlaýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurduň dürli sebitlerinden habar berýärler.
18-nji noýabrda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň Gökdepe geňeşliginiň ýaşaýjylaryna 1 litr çigit ýagy satyldy. Ýöne ýaşaýjylar çigit ýagynyň gapdaly bilen rezinden edilen şypbyklary hem satyn almaga mejbur boldular.
1 litr çigit ýagy we 1 rezin şypbyk üçin ýaşaýjylardan 25 manat talap edilýär. Habarçymyz 1 litr ýagyň asyl bahasynyň 15 manatdygyny, ýöne rezin şypbygy satyn almakdan ýüz öwren ýaşaýjylara çigit ýagynyň satylmaýandygyny aýdýar.
Degişli maglumat Gijeki nobatlar, sanawlar we dawalar. Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda basa-baslyk dowam edýär"Biz "Tomus gutarandan soň, bize şypbyk nämä gerek? Gerekmejek zadymyza pul berjek däl" diydik. Ýöne döwlet dükanynyň satyjysy "Ýag gerek bolsa, rezin şypbyk satyn almaly bolarsyňyz" diýdi. Men we men ýaly başga-da köp adam nägile, ýöne nälaç ýagyň ýany bilen rezin şypbyk satyn almaly bolduk" diýip, adynyň efirde aýdylmazlygyny soran bir ýaşaýjy habarçymyza gürrüň berdi.
Üstesine-de, rezin şypbyklaryň ählisi bir ölçegde, 38-nji razmerde bolup, dükan satyjylary ellerine näme düşse, adamlara şony berýärler. "Köplenç rezin şypbyklaryň ikisi-de sag ýa-da çep aýagyň taýy bolýar" diýip, maryly ýaşaýjy habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.
Bu aralykda, 18-nji noýabrda irden sagat 6-da Mary şäheriniň Magtymguly köçesinde ýerleşýän 11-nji döwlet dükanynyň öňünde çörek we ýumurtga satyn almak isleýän 40-a golaý adam, şol sanda ýaş çagaly eneler nobata durup başladylar.
Maryly habarçymyzyň sözlerine görä, howanyň temperaturasy 1 gradusy görkezýän mahaly, käbir eneler dükan satyjylaryndan nobatlary ýetýänçä çagalaryny dükanyň içinde garaşdyrmagy haýyş etdiler. Ýöne olaryň bu haýyşy ýerine ýetirilmedi.
Şeýle ýagdaýlar şäheriň döwlet dükanlarynyň tas ählisinde gaýtalanýar. Adamlar hususyýetçilerde iki-üç esse gymmat nyrhdan bahalanýan harytlary satyn almak üçin gijeden nobata durýarlar.
Degişli maglumat Bankomat nobatlarynda şikeslenen aýallar Lebabyň köp ugurly hassahanasyna eltildi"Bu gün iki çöregiň ýanyndan 6 sany ak ýumurtga satyldy. 1 ýumurtganyň döwlet dükanyndaky bahasy 60 teňňe, hususy dükanlardaky bahasy 1 manat 50 teňňä barabar. Öý ýumurtgasy has-da gymmat. Onuň birini 2 manat 50 teňňeden satyn alyp bolýar" diýip, adynyň efirde aýdylmazlygyny soran şäher ýaşaýjylarynyň biri habarçymyza gürrüň berdi.
Bu aralykda, Aşgabat şäherindäki 32-nji döwlet dükanynda hem towuk ýumurtgasy çäkli möçberde satuwa çykaryldy. Irden sagat 7-de ýumurtganyň satylyp başlanmagy bilen, nobata duran adamlaryň arasynda basa-baslyk we goh-galmagal emele geldi.
Bu ýagdaý dükanyň ýokarsyndaky köp gatly jaýlarda ýaşaýan käbir aşgabatlylarda-da nägilelikleri döretdi. Habarçymyzyň sözlerine görä, dükanyň ýokarsyndaky jaýda ýaşaýan bir aýal "nobatlar sebäpli bir aý bäri kadaly ýatyp bilmeýändigini, bu barada häkimlige şikaýat etjekdigini" aýtdy. Emma bu söz nobatdaky adamlara täsir etmedi.
Azatlygyň başga bir habarçysy paýtagtyň "Teke bazaryndaky" döwlet dükanynda towuk budunyň gapdalyndan tüwi satyn almagyň talap edilýändigini habar berdi. Şeýle-de, ol ösümlik ýagy bilen bagly ýagdaýyň has-da ýaramazlaşýandygyny, onuň satuwda tapdyrmaýandygyny hem aýtdy.
Döwlet dükanlaryndaky nobatlar we goh-galmagallar dowam edýän pursady, bazarlarda we hususy dükanlarda azyk önümleriniň bahasy gymmatlaýar.
Marynyň Baýramaly şäherinde mundan bir hepde çemesi ozal 1 kilogramy 10 manatdan bahalanan pomidor 18-nji noýabrda 16 manatdan satylýar. Öň 1 manatdan satylan ak ýumurtga 1 manat 50 teňňeden, 1 manat 50 teňňeden bahalanan öý towugynyň ýumurtgasy 2 manat 50 teňňeden, 1 kilogramy 20 manatdan bahalanan greçka 24 manatdan, 1 kilogramy 40 manatdan bahalanan sygyr eti 54 manatdan satylýar.
Türkmen häkimiýetleri we mediasy ýurtda üç ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän azyk krizisi barada kelam agyz söz aýtman gelýärler. Muňa derek, ýurtda "azyk bolçulygynyň" üpjün edilendigi, hatda daşary ýurtlara eksport edilýän oba hojalyk önümleriniň möçberiniň ýylyň-ýylyna artýandygy habar berilýär.
Türkmen döwlet habarlar (TDH) agentliginiň 8-nji noýabrda çap eden habaryna görä, 2020-nji ýylda Türkmenistanda geçen ýyldakydan dört esse köp pomidor ýygnalyp, bu görkeziji 30 müň tonna barabar bolupdyr. Şeýle-de, şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Russiýa we GDA ýurtlaryna 19 million amerikan dollaryndan gowrak möçberde ekerançylyk önümleri ugradyldy.
Degişli maglumat Dowam edýän iýmit gymmatçylygynyň fonunda lukmanlar obalara aýlanyp, adamlary sagdyn iýmitlenmäge çagyrýarGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.