Azyk krizisi: Ýagyň gapdalyndan rezin şypbyk satyn almak talap edilýär. Hususyýetçilerde bahalar gymmatlaýar
Türkmenistanda ilatyň azyk üpjünçiligi uly mesele bolmagynda galýar. Kesgitlenen nyrhdan çäkli möçberde azyk satýan döwlet dükanlarynda nobatlar we dawa-jenjeller köpelmese, azalmaýar. Adamlar gijeden nobata durup, azyk önümleriniň ýany bilen dürli harytlary satyn almaga mejbur bolýarlar. Munuň bilen bir wagtda, azyk önümleriniň hususyýetçilerdäki bahalary yzygiderli gymmatlaýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurduň dürli sebitlerinden habar berýärler.