Türkmenistanda koronawirus pandemiýasy bilen bagly görülýän çäreleriň çäginde, Mary şäheriniň aeroportundaky resmiler ilatdan pul almagyň täze usulyny oýlap tapdylar diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabatdan habar berýär.
"Şu günler Mary şäheriniň aeroportunda ujy pagtaly çöpe oksolin mazyny çalyp, ony ýolagçylaryň burnuna sokup çykarýarlar. Olar munuň wirusa garsy öňüni alyş çäreleriň biridigini aýdýarlar. Munuň üçin ýolagçylaryň her birinden 50 manat alýarlar" diýip, habarçy 29-njy oktýabrda Marydan Aşgabat şäherine uçan ýolagçylara salgylanyp, 5-nji noýabrda gürrüň berdi.
Degişli maglumat Türkmenistan içerki koronawirus çärelerini güýçlendirýär we daşary ýurda ynsanperwer kömegini berýärÝolagçylaryň biri anonimlik şertinde habarçymyza beren maglumatynda çagalar üçin ýeňillikli bahanyň göz öňünde tutulmandygyny, olardan doly tölegiň alynýandygyny hem aýtdy.
"Dört agzaly bir maşgala - iki uly we iki çaga - 200 manat töledi. Çagalar üçin arzanladyş ýok. Ýogsa oksolin mazynyň we ujy pagtaly çöpüň bir gutusyny satyn alanyňda-da şonça bahalanmaýar. Durşuna talaňçylyk" diýip, ýolagçy mundan öň şeýle barlaglaryň geçirilmändigini hem belledi.
Onuň sözlerine görä, ýolagçylar uçara goýberilmez öýdüp, muňa garşylyk görkezmändirler. "Gaharlanmak hem peýdasyz. Sebäbi uçara goýbermän bilýärler" diýip, ýolagçy sözüni jemledi.
Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar barada Mary şäheriniň aeroportundan goşmaça maglumat alyp bilmedi. Bu çäre barada welaýatyň saglyk bölümi bilen hem habarlaşyp bolmady.
Türkmenistanda koronawirusyň bardygyny ykrar etmeýän häkimiýetler "onuň ýaýramagynyň öňüni almak üçin" karantin çärelerini girizýändiklerini we "zerur çäreleriň görülýändigini" habar berýärler.
Bu çäreleriň çäginde ýurduň edara-kärhanalary, şol sanda mekdepler hlorly suw bilen ýuwulýar, okuwçylardan dezinfeksiýa serişdelerini ulanmak, oksolin mazyny we beýleki derman serişdelerini satyn almak talap edilýär. Şeýle-de, uçarlardan dezinfeksiýa serişdeleri sepilýär.
Degişli maglumat Türkmenistan ýokanç keseliň 'ýurda getirilmegine' garşy göreşýän lukmanlara goşmaça töleg tölemek kararyna geldiÝöne bu çäreler köplenç raýatlaryň hasabyna amala aşyrylýar. Azatlygyň habarçylary ýurtda dezinfeksiýa serişdelerini, temperaturany ölçemek üçin termometrleri satyn almaga ilatdan pul toplanýandygy barada ençeme gezek habar berdiler.
Bu aralykda, garaşsyz neşir ýokanç keseliň 'ýurda getirilmegine' garşy göreşýän lukmanlara prezident tarapyndan wada berlen goşmaça tölegleriň berilmeýändigi barada habar berýär.
"Lebap welaýatdaky hassahanalaryň lukmanlaryna we şepagat uýalaryna ne sentýabr, ne-de oktýabr aýynda hiç hili goşmaça töleg tölenmedi. Ýogsa bu sebit koronawirusa garşy göreşde esasy ýüki öz üstüne aldy" diýip, "Türkmenistanyň Hronikasy" neşiri öz ýurt içindäki habarçylaryna salgylanyp, 4-nji noýabrda habar berdi.
Ýatlatsak, 25-nji sentýabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýörite karara gol çekdi. Kararda dünýäde ýaýran ýiti ýokanç keseliň "ýurda getirilmeginiň" we ýaýramagynyň öňüni almagyň çäginde işleýän saglyk işgärlerine aýlyk haklarynyň 15 göterimi möçberinde goşmaça hak tölenmelidigi aýdylypdy.
Neşir welaýatyň hassahanalarynda işleýän lukmanlaryň we şepagat uýalarynyň salgytdan soňky zähmet haklary barada hem maglumat berdi.
"Häzirki wagtda lukmanyň salgytdan soňky ortaça aýlygy 1400 manada, şepagat uýalarynyňky 1040 manada, uly şepagat uýalarynyňky 1100 manada we reanimasiýa bölümleriniň lukmanlarynyňky 1500 manada barabar" diýlip, habarda aýdylýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.