Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan ýokanç keseliň 'ýurda getirilmegine' garşy göreşýän lukmanlara goşmaça töleg tölemek kararyna geldi


Hökümet başda bu kesele garşy Gurbanguly Berdimuhamedowyň derman ösümlikler baradaky kitaplary esasynda, ýüzärlik tütetmek bilen göreşmegi maslahat berdi.
Hökümet başda bu kesele garşy Gurbanguly Berdimuhamedowyň derman ösümlikler baradaky kitaplary esasynda, ýüzärlik tütetmek bilen göreşmegi maslahat berdi.

Türkmenistanyň prezidenti, dünýäde ýaýran ýiti ýokanç keseliň "ýurda getirilmeginiň" we ýaýramagynyň öňüni almagyň çäginde işleýän saglyk işgärleriniň aýlyk haklarynyň 15 göterimi möçberinde goşmaça hak tölemek baradaky karara gol çekdi.

Bu karar ýurduň ilatynyň ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlary bilen üpjünçiligini, saglyk işgärleriniň durmuş taýdan goraglylygyny pugtalandyrmak maksady bilen düşündirilýär.

2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, degişli sanawa laýyklykda, ýurduň uzakda ýerleşýän, barmasy kyn bolan obalaryndaky döwlet saglyk edaralarynda işleýän saglyk işgärleriniň aýlyklaryna olaryň aýlyk zähmet haklarynyň 20 göterimi; beýleki obalarda işleýän saglyk işgärleriniň aýlyklaryna olaryň aýlyk zähmet haklarynyň 10 göterimi möçberde hak tölemek bellenildi diýip, habarda aýdylýar.

Şeýle-de kararda Saglyk we derman senagaty ministrligine, häkimliklere degişli saglyk işgärlerine gurulýan hususy ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de hususy ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin mellek ýerleriniň ilkinji nobatda berilmegi tabşyrylýar.

Kararda koronawirus sözi agzalmaýar. Türkmenistan dünýäde ýurt çäginde COVID-19 nasaglarynyň hiç birini resmi taýdan hasaba almadyk az sanly ýurtlaryň biri bolmagynda galýar.

Hökümet başda, degişli çäklendirmeleri we goranyş çärelerini yglan etmezinden öň, bu kesele garşy Gurbanguly Berdimuhamedowyň derman ösümlikler baradaky kitaplary esasynda, ýüzärlik tütetmek, sazak püri we beýleki halk emleri bilen göreşmegi maslahat berdi.

Azatlygyň habarçylary soňky aýlarda ýurtda ýogalýan adamlaryň sanynyň birden ýokarlanandygyny, emma lukmanlaryň hassahana düşen näsaglaryň aglaba köplügine ýiti öýken keseli diagnozyny goýýandygyny aýdýarlar.

Şol bir wagtda, resmi taýdan tassyklanmadyk koronawirus ýokuşmalary sebäpli, saglyk işgärleriniň arasynda hem ölüm hadysalarynyň bardygy habar berilýär.

Şu aralykda, dünýäde koronawirusdan ölenleriň sany 1 milliona golaýlady.

XS
SM
MD
LG