Kaster Musahanuly hem Murager Alimuly 2019-njy ýylda hytaý-gazak serhedini bikanun ýagdaýda kesip geçdiler. Golaýda bolsa olar bir ýyllyk möhlet bilen bosgunlyk statusyny aldylar. Gazagystan hökümeti Hytaýyň Sinjiang welaýatyndan bolup, bikanun ýagdaýda serhedi kesip geçene ilkinji gezek şeýle statusy berdi.
«HYTAÝDAN ÇYKMAGYŇ SEBÄPLERI» NAZARA ALNYPDYR
Bosgunlyk statusyny alan Musahanuly hem Alimuly «Sinjiangdaky lagerde gynalmagyndan heder edip», Hytaýy taşlap çykmaga mejbur bolanlar diýip, olaryň adwokaty Abdulla Bakbergen Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi. Musahanuly hem Alimuly özlerine bosgunlyk statusynyň berlendigini Azatlyk Radiosyna aýtdylar hem komissiýanyň gelen karary bilen bosgunlyk baradaky şahadatnamanyň nusgasyny ýolladylar.
Şol dokumentlerden mälim bolşuna görä, Sinjiangdan bolan gazaklara bosgunlyk statusyny Gazagystanyň Akmola oblast deportasiýa polisiýasynyň migrasiýa gullugynyň ýanynda döredilen komissiýa 16-njy oktýabrda beripdir. «Indi olaryň geljekki hereketlerini maslahat etmeli»diýip, adwokat Bakbergen Azatlyk Radiosyna mälim etdi.
Kaster Musahanuly Azatlyk bilen telefonda gürleşende: «Biz şu berleninden hem gaty razy bolduk. Geljekde näme etjekdigimizi entek bilemzok. Adwokat bilen maslahat ederis» diýdi.
Ol komissiýa Gazagystanyň «Bosgunlar hakdaky» kanunyna esaslanyp, şeýle hem olaryň«Hytaýdan çykmaklarynyň sebäplerini»nazarda tutup, şeýle karara gelip, Musahanuly bilen Alimuly ikisine-de bir ýyllyk möhlet bilen bosgunlyk statusyny beripdir.
Bosgunlar kimler?
Gazagystan Respublikasynyň «Bosgunlar hakda» kanunynyň 1-nji maddasyna laýyklykda, bosgun – daşary ýurtly öz ýurdunda jynsy aýratynlygy boýunça, milleti, dini ynanjy babatda, graždan raýatlygy, aýratyn bir sosial topara degişli bolmagy ýa-da syýasy ynanjy boýunça şol ýurduň kanunyndan başgaça bolan ýagdaýynda we öz ýurdunda goragdan peýdalanyp bilmedik şertinde, ýa-da yzarlanmalara duçar bolanynda, şeýle şertden peýdalanmak islemeýän wagtynda, ýa-da graždanlygy bolmadyk we öz mydamalyk ýaşaýan ýerinden daşarda bolsa, ýa-da graždanlygy bolup, yzyna dolanyp bilmedik, ýa-da dolanmak islemedik ýagdaýynda, hakykat ýüzünde oňa garşy güýç ulanylmagyndan howatyr eden adam bosgun saýylýar.
«Olaryň hemişelik ýaşaýan ýerini taşlap çykmagy» baradaky sebäp, «millet aýratynlygy we dini ynanjy boýunça hytaý hökümeti tarapyndan yzarlanmalar hem-de ikinji gezek lagere salynmak howatyry» migrasiýa komissiýasyna şeýle karara gelmäge esas beripdir.
Mundan öň olaryň ilkinji adwokaty Bauržan Azanow BMG-niň Bosgunlar baradaky Ýokary komissarlygyna Musahanuly bilen Alimulynyň adyndan, bosgunlyk statusyny bermek barada položitel karara gelmeklerini sorap hat ýollandygyny Azatlyk Radiosyna aýtdy.
KASTER BILEN MURAGER KIM BOLMALY?
31 ýaşly Kaster Musahanuly hem 26 ýaşly Murager Alimuly Hytaýyň Sinjiang welaýatynyň Durbuljan uýezdinde dünýä inipdirler. Olaryň ikisi-de maşgalaly. Olar Sinjiangdaky lageri geçip jebir çekendiklerini, gynamalara duçar edilendiklerini, indi bolsa ikinji gezek ol ýere düşmekden gorkup gaçyp çykmaga mejbur bolandyklaryny aýdýarlar.
2019-njy ýylyň oktýabrynda Musahanuly bilen Alimuly Sinjiangy terk edip, Gazagystanyň serhedinden bikanun ýagdaýda geçipdirler. Owal başda olar Gündogar-Gazagystan oblastynda bolupdyrlar, soňra Almaty şäherine gelipdirler. 14-nji oktýabrda Almatyda bolan metbugat-konferensiýasynda «Hytaýda yzarlanma hem gysylyşa duçar bolandyklary üçin gaçyp çykandyklaryny», indi bolsa Gazagystan hökümetinden bosgunlyk statusyny soraýandyklaryny mälim etdiler.
Soňra olar Gazagystan hökümeti tarapyndan jogapkärçilige çekildiler. Ýanwar aýynda Gündogar-Gazagystanyň Zaýsan raýon sudy «döwlet serhedini bikanun bozanlykda» aýyplap, olary bir ýyl azatlykdan mahrum etdi. 22-nji iýunda olar Semeýedäki türmeden azatlyga çykdylar. Şonda Gazagystan hökümeti olara «başpena gözleýäniň şahadatnamasyny» beripdir.
Häzir Kaster bilen Murager Almatyda ýaşaýarlar, sebäbi olar wagtlaýynça bu şähere ýazylypdyrlar.
Kaster bilen Murager Sinjiangdaky yzarlanmadan gaçyp, Gazagystanyň döwlet serhedini bikanun bozup geçenden soň, şeýle şahadatnamany alyp bilen ilkinji etniki gazaklar boldy.
Mundan öň 2018–2019-njy ýyllardaetniki gazaklar Saýragül Saýytbaý, Kaýşa Akan, Tlek Tabarikuly, Bagaşar Mälikuly gazak hökümetine ýüz tutup, «hytaý hökümetleri tarapyndan yzarlanmalara duçar bolany üçin, serhedi bikanun bozup geçendiklerini» aýdyp, özlerine bosgunlyk statusynyň berilmegini soradylar.Gazagystan sudy ol dört adamyň döwlet serhedini bikanun bozandygyny aýtsa-da, olary Hytaýa deportasiýa etmändi. Olaryň dördüsi-de deportasiýa edilen ýagdaýynda, Sinjiangda türmä atyljakdygyny aýdyp, bosgunlyk statusyny sorapdylar.
Almaty oblastynyň deportasiýa polisiýasynyň migrasiýa gullugynyň ýanynda döredilen komissiýa Saýragül Saýytbaýyň işine seredip, onuň haýyşyny kanagatlandyrmakdan ýüz öwürdi, soňra Saýragül Şwesiýa gitdi hem ol ýurtdan başpena aldy. Kaýşa Akanhem-deBagaşar Mälikulyözlerine bir ýyllyk möhlet bilen bosgunlyk statusynyň berlendigini 30-njy oktýabrda Azatlyk Radiosyna mälim etdiler.
Degişli maglumat Şinjiang "lagerinde" bolan etniki gazaklar mejbury zähmetiň nämedigini adýarlarGazagystan-Hytaý serhedini bikanun geçen etniki gazaklaryň köpüsi«gysylyşa duçar bolmakdan hem-de Sinjiangdaky lagere düşmekden»gorkup gaçýandyklaryny aýdýarlar.
Gazagystan hökümetiniň «Hytaýdan gaçyp gelenler»baradaky ýaýdanjaňlygyny ynsan hukuklary baradaky halkara býurosynyň direktory, ýurist Denis Žiwago «Hytaý bilen tersleşmekden gorkmaklyk» diýip düşündirýär.
— Eger Gazagystan olara başpena berip başlasa, munuň özi Hytaýda etniki gazaklaryň gysylyşa duçar bolýandygyny ykrar etmekligi saýylýar. Ol, elbetde, biziň hökümetimize amatly däl. Şonuň üçinem olar başga ýollary gözleýärler, gelenleri wagtlaýyn türme tussaglygyna höküm edýärler... Hökümet resmileri bu meselede öz ýüzüni gyzartmajak, Hytaý bilen gatnaşyklary zaýalamajak başga bir usullary gözleýärler. Şonuň üçinem olar bu meselede wagty yza çekýärler, aýdaly, bäş aýdan soň «göreli, näme bolýar». Gaçyp gelene bosgunlyk statusynyň berilmegi – bu syýasy çäre däl, eýsem ynsanperwer işdigine döwlet mydama düşünip baranok. Onsoňam olar Hytaýda nähili syýasy gurluşyň bardygyna ähmiýet bermeýärler. Elbetde, Hytaý hem muny duşmançylykly kabul edýär, biziň hökümetimiz bolsa onuň ahyrky netijesinden gorkýar – diýip, BMG-niň Merkezi Aziýadaky bosgunlar baradaky agentliginiň bilermeni aýdýar.
SINJIANGDA NÄMELER BOLUP GEÇÝÄR?
Hytaýyň Sinjiangwelaýatyndamusulmanlaryň gysylýandygy baradakyhabarlar 2017-nji ýyldan peýda bolupbaşlady.2018-nji ýylda BMG Sinjiangda musulman dinine uýýan bir milliona golaý uýgurlaryň hem beýleki azlykdaky milletleriň syýasy lagerlere salynýandygyny mälim edipdi.
Hytaý öz gezeginde şeýle «lagerleriň»bardygyny ret etdi, soňra munuň«täzeden terbiýeleýiş lageridigini», onuň adamlara hünär hem hytaý dilini öwredýändigini, munuň terrorizme we ekstremizme garşy göreşmek üçin döredilendigini öňe sürdi.
Ýöne ol merkezden çykyp, Gazagystana we Türkiýä gelen uýgurlar hem-de gazaklar onuň «syýasy taýdan täzeden terbiýeleýiş merkezi»däl-de, eýsem türme edarasydygyny aýtdylar.
24-nji sentýabrda Awstraliýanyň strategiki syýasat institutynyň (ASPI)çap eden barlaglarynda aýdylyşyna görä, Hytaý Sinjiangdaky musulmanlaryň saklanýan lagerlerini ýene 40% giňeldipdir.
Jemgyýetçilik basyşlaryna garamazdan, Gazagystan hökümeti Hytaý bilen ykdysady gatnaşygy ýola goýany üçin, Sinjiangda musulmanlaryň gysylyşyna resmi baha bermän gelýär. Gazagystanyň resmi wekilleri Sinjiangda bolýan ýagdaýa birnäçe gezek «Hytaýyň içerki işi» diýip baha berdiler.
2019-nji ýylyň dekabrynda Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew nemes telekanaly Deutsche Welle interwýu bereninde, Hytaýyň Sinjiang welaýatyndaky türki dilli musulmanlara gysyş edilýändigi barada, halkara guramalarytarapyndan ýaýradylýan maglumatlar hakda:«Ynsan hukuklaryny goraýjy guramalaryň gazak milletinden bolanlaryň täzeden terbiýeleýiş konsentrasiýa lagerlerinde saklanýandygy barada aýdýan faktlaryny barlamak derek. Nähili-de bolsa, etniki gazaklar barada aýdylanda, bu meseläniçişirmek meýliniň bardygyny» aýtdy.Şeýle hem olHytaý bilen ABŞ-yňsöwda söweşinde çaknyşýandygyny mälim etdi.
Pekin Sinjiangda alyp barýan syýasaty barada halkara guramalarynyň tankydyny yzygiderli ret edip gelýär. Bu meselede ABŞ Hytaýa garşy birnäçe gezek sanksiýa girizdi. Pekin Günbataryň Sinjiang baradaky beýanatlarynyň köpüsini ýalana çykarýar.
Ýewropa ýurtlary Sinjiangdaky syýasaty öwrenmek üçin, garaşsyz ekspertleriň ýollanmagyna çagyryş edýär. Pekin bolsa BMG-niň wekilleriniň we Günbatar döwletleriň wekilleriniň Sinjianga barmagyna garşy çykýar.
Material AÝ/AR-nyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.