Jaýlaryny 'sarygarynja alan' raýatlar döwletden gyssagly kömek isleýär

Oba jaýlary. Bezeg suraty

"Näme, jaýyňyza häkim zyýan ýetirdimi?" diýip, häkimlikde arz eden adamlaryň badyny alýarlar. Soňundan bolsa, "Gaýdyp saryngarynja ýa termit diýip, şu gapydan gelmäň" diýip kowýarlar. Raýatlar hökümetden kömek soramaga-da gorkýar diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistanyň oba, etrap ýerlerinde sarygarynja problemasy saklanyp galýar, adamlar indi bu garynjalary "gabyr garynjasy" diýip atlandyrýarlar.

Ýerli hünärmen adamlary ulukjyn açdyrýan garynjalara garşy durmagyň ýyl-ýyldan kynlaşaýndygyny, sebäbi zyýanly mör-möjeklere garşy ulanylýan himiki serişdeleriň bu sebite üç ýyl bäri gelmeýändigini aýtdy.

Degişli maglumat Harasatdan tas iki aý soň: Lebabyň käbir obalaryna günde diňe 2 sagat tok berilýär

Radionyň Lebapdaky habarçysynyň maglumatyna görä, Darganatada, Halkabatda we Gazojakda, azyndan dört posýolokda adamlar öz ýaşaýyş jaýlarynda peýda bolan sarygarynjalardan uly zyýan çekýärler.

Habarçy saryngarynja düşen jaýlaryň birnäçesine baryp, gözi bilen gören zatlaryny gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, garaw görmedik garynjalar jaýlaryň ýokarsyny ýapmak üçin ulanylan sütünleri, şiferiň aşagyndan goýlan agaçlary, hatda potoloklary hem içinden gemrip, tasdan "hiç zat galmandyr" diýen ýaly derejä ýetirýärler.

Gurluşyk üçin agaç önümlerini esasan daşary ýurtlardan import edýän Türkmenistanda adamlar hususy jaý gurjak bolanlarynda hemişe agaç-tagtanyň gytlygy we gymmatlygy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Soňky döwürde gurluşyk materiallarynyň köpüsiniň ýurt içinde öndürilmegi talap edilse-de, her ýyl millionlap agaç nahallary ekilse-de, ýurtda jaý gurjak adamlara ýerli agaç-tagta önümlerini hödrüleýän kärhanalaryň döredilendigi habar berilmeýär.

Şeýle gytçylyk şertlerinde gurlan ýaşaýyş jaýlary we kömekçi hojalyk binalary oba, etrap adamlarynyň esasy emlägi bolup, olary gurmak, saklamak hiç wagt aňsat bolmandy.

Degişli maglumat Aşgabatda onlarça ýaşaýyş jaýy ýere ýegsan edildi

"Ýöne öz jaýyňy gorap saklamak soňky wagtlar has hem kynlaşdy, bu meselede adamlar gyssagly kömege mätäç" diýip, aýry-aýrylykda söhbetdeş bolan ýerli ýaşaýjylar aýtdylar.

Jaýlaryny bejertmek üçin etrap häkimligine kömek sorap baran ýa-da arza ýazan adamlaryň aýtmaklaryna görä, ýerli häkimiýetler bu hili arza-şikaýatlary diňlemek hem islemeýär.

"Näme, jaýyňyza häkim zyýan ýetirdimi?" diýip, häkimlikde arz eden adamlaryň badyny alýarlar. Soňundan bolsa, "Gaýdyp saryngarynja ýa termit diýip, şu gapydan gelmäň" diýip kowýarlar. Raýatlar hökümetden kömek soramaga-da gorkýar diýip, habarçy aýtdy.

Sarygarynjalaryň möwç almagy etrap ýerlerinde iň ýönekeý zyýansyzylandyryjy dermanlaryň hem bolmazlygy bilen düşündirilýär.

Darganata etrabynyň sanitar-epidemologiýa edarasynyň anonim şertde gürleşen işgäriniň tassyklmagyna görä, olarda häzir "ýönekeý hlor hem ýok".

"Sarygarynjalara, tarakanlara, syçanlara we alakalara garşy ulanylýan awuly dermanlar biziň etrabymyza indi üç ýaly bäri gelenok" diýip, radionyň söhbetdeşi aýtdy.

Degişli maglumat Mary, Lebap sebitlerindäki obalar suw joşmasyndan zyýan çekýär, Aşgabat dymýar

Ýöne bu sebitdäki sarygarynja problemasy üç ýyldan has kän wagt bäri dowam edýär we diňe hususy jaýlara däl, mekdep binalaryna hem uly howp salýar. Mysal üçin, Azatlygyň habarçysynyň 2011-nji ýylda beren maglumatyna görä, Halaç etrabynda bir mekdep, penjire-gapylaryna çenli sarygarynja gemrip, doly hatardan çykmak derejesine bardy.

Türkmen häkimiýetleri diňe sarygarynja howpuna däl, maý aýyndaky ýaly, çekirtge howpuna hem ýeterlik taýýarlykly bolup çykmady. Azatlygyň ozal habar berşi ýaly, maý aýynda Kerkiniň Çekir, Daşlyk, Mukrýaryk we Lebap daýhan birleşikleriniň ekin meýdanlaryna, ýetişip oturan bugdaýlara, kartoşkalara we baglara günorta-günbatar sebitden çekirtgeler, mör-möjekler hüjüm etdi.

Bellemeli ýeri, türkmen mediasy oba adamlarynyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada habar bermän, esasan gazanylan üstünlikler, şol sanda Aşgabatda gurulýan binalar barada habar berýär. Mysal üçin, TDH-nyň soňky maglumatyna görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 28-nji oktýabrda Aşgabatda gurlan täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Bu desgalaryň bahalary aýdylmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.