28-nji oktýabrda irden sagat 6:00-6:40 aralygynda Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň 18 we 19 belgili döwlet dükanlarynda ýumurtga, şeker, günebakar ýagy we towuk budy adamlara çäkli möçberde satyldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berdi.
"Çäklendirilen söwda"
“Adamlar irden sagat 4:30-dan başlap nobata durup başladylar. Bir ýumurtga 50 teňňeden satyldy. Her adam başyna 6 ýumurtgadan köp berilmeýär. Ýumurtganyň nobaty 60-dan gowrak adam bolup, ol 15-16 adama ýetdi, soň gutardy. Şeker her adama 1 kilogramdan, bahasy 7 manatdan satyldy. Şeker nobata garaşýanlaryň ählisine ýetdi. Ýag we towuk buduny bilelikde satdylar. Her adam başyna 1 sany towuk budy we 1 litr günebakar ýagy satyldy. Olaryň ikisi bilelikde 25 manat. Ol hem nobata garaşýan adamlaryň hemmesine ýetdi” diýip, habarçy gizlinlik şertinde habar berdi.
Degişli maglumat Aşgabatda ýumurtga nobaty ulalýar. Farapda ilatyň paýok almak işine täze çäklendirme girizilýärOnuň sözlerine görä, degişli döwlet dükanlary diňe nagt görnüşinde töleg kabul etdi. Şonuň üçin hem azyk haryt satyn almak üçin plastik bank kartlary bilen dükana baranlar söwda edip bilmedi.
“Olara hiç zat berilmedi” diýip, habarçy döwlet dükanynda nagt däl söwdanyň kabul edilmändigini habar berdi.
Döwlet mediasy ýurtda bank we söwda ulgamynyň ösdürilýändigini, dükanlara töleg terminallarynyň ornaşdyrylýandygyny gaýtalaýar.
Diňe nagt töleg
“Hany, ‘hemme döwlet dükanlary kartdan söwda etmeli’ diýip eşitdik. Kartdan söwda etmeseň, üstüňizden polisiýa arz ederis” diýip, nobata garaşýan bir ýaşaýjy haýbat atdy.
Nobata garaşýan käbir adamlar öz bank kartlaryndaky pullaryny nagtlaşdyryp bilmeýändiklerini, nagt pul bermäge özlerinde mümkinçiligiň ýokdugyny aýdyp, şikaýat etdiler.
Habarçy nobata bir polisiýa işgäriniň hem-de eli rasiýaly raýat eşiginde bir hukuk goraýjy işgäriň gözegçilik edendigini habar berdi. Habarçynyň tassyklamagyna görä, olar diňe nagt tölegiň kabul edilmeginden şikaýat eden adamyň arzyny diňlemediler.
“Raýat geýimindäki hukuk goraýjy işgär ‘kimde nagt pul ýok bolsa gidibersin, diňe nagt kabul edýär’ diýip, aýtdy” diýip, habarçy gürrüň berdi.
“Adam başyna 2 buhanka çöregi berildi, her biri 1 manatdan. Şony hem alyp bilmän elleri boş öýlerine gaýdan adamlar bar” diýip, ol maglumatynyň üstüni ýetirdi.
Azyk üpjünçiligi hökümetiň "gün tertibinde"
Bu aralykda, 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň hökümet agzalary prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurtda azyk bolçulygyny artdyrmagy maslahat etdi. Bu barada TDH habar berýär. Ýöne iş maslahatynyň dowamynda, döwlet mediasyndan mälim bolşuna görä, ýurduň döwlet dükanlarynda dowam edýän azyk gytçylygy, olarda iýmit önümleriniň adamlara çäkli görnüşde satylmagy baradaky meseleler agzalmady.
Maslahatda ýurduň oba hojalyk pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýew ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinleriniň meýdanyny 2021-nji ýylda ep-esli giňeltmegiň hem-de öndürilýän hasylyň mukdaryny artdyrmagyň meýilleşdirilýändigini habar berdi.
Degişli maglumat Aşgabat: Çörek, et we ýumurtga üpjünçiliginde bökdençlik dowam edýärSöwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Orazmyrat Gurbannazarow ýurduň önüm öndürijilerinden we “zerurlyk bolan ýagdaýynda daşary ýurtlardan harytlary satyn almak boýunça işleriň geçirilýändigini” hem-de ýurduň bazarlarynda we söwda nokatlarynda harytlaryň nyrhlarynyň gündelik “seljerilýändigini” aýtdy.
“Ministrligiň garamagyndaky söwda kärhanalary ýurdumyzyň bazarlaryny we dükanlaryny azyk harytlary bilen bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen, ýerli önüm öndürijilerden azyk harytlaryny satyn alýarlar” diýip, TDH ýokary derejeli söwda resmisiniň sözlerini getirýär.
“...Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň düzümini kämilleşdirmek hem-de mukdaryny azaltmak...boýunça işler amala aşyrylýar” diýip, TDH hökümet maslahatyna salgylanyp habar berýär.
Iş maslahatynda et-süýt, gök-bakja, şeker, ýag we beýleki iýmit önümleriniň ýerli önümçiligini artdyrmak, bu ugurda importy azaltmak maslahat edildi.
Azyk harytlarynyň importy
Bu aralykda, Türkmenistan 2020-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine girýän ýurtlardan hususan-da iýmit önümleriniň importyny artdyrdy. Bu barada “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri guramanyň statistiki hasabatlaryna salgylanyp habar berýär.
Hasabata görä, Türkmenistan 2020-nji ýylda ýurtda gytçylygy yzygiderli emele gelýän önümleriň importyny ep-esli ýokarlandyrdy.
Degişli maglumat Aşgabat bäş aýda tas 6 million dollarlyk ýeralma, sogan-sarymsak we süýt-gatyk import etdiSekiz aýyň dowamynda Türkmenistan Bileleşige agza ýurtlardan bahasy 10,06 million dollara 34,3 müň tonna ýeralma satyn alypdyr. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende mukdar taýdan 8,5 esse, baha taýdan 6,7 esse ýokarydyr diýip, neşir ýazýar.
Türkmenistan Bileleşige agza ýurtlardan satyn alan ýeralmasynyň ep-esli bölegini, 71 %-ni Russiýadan, 23,8 %-ni Gazagystandan we 5,2 %-ni Gyrgyzystandan import edipdir.
Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi
Şeýle-de, ýanwar-awgust aýlarynda Türkmenistan Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine agza ýurtlardan 11,54 million dollara 53,45 müň tonna bugdaý import edipdir. Onuň 81 %-ni Gazagystandan, 19 %-ni Russiýadan satyn alypdyr. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende import edilen bugdaý mukdar taýdan 30 %, baha taýdan 34 % ýokarlanypdyr.
Türkmenistan Gazagystan we Russiýadan sekiz aýda bahasy 9,39 million dollara barabar 28 müň tonna bugdaý ununy satyn alypdyr. Bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende mukdar taýdan 2,4 esse, baha taýdan 2,7 esse ýokarydyr.
Ýanwar-awgust aýlary aralygynda Türkmenistan Russiýadan bahasy 24,6 million dollara barabar 27,7 müň tonna günebakar ýagyny import edipdir. Bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende üç esse ýokarydyr.
Degişli maglumat "Döwlet dükanlary boş". Türkmenistan ilatynyň iýmit hukugyny berjaý etmeýärSekiz aýyň dowamynda Türkmenistan Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi ýurtlaryndan bahasy 23,6 million dollara barabar 63,2 müň tonna şeker satyn alypdyr. Onuň 83,2 %-ni Russiýadan, 15,6 %-ni Belarusdan we 1,2 %-ni Gazagystandan import edipdir.
Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine Belarus, Ermenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Russiýa girýär. Bileleşik 2014-nji ýylda Russiýa, Belarus we Gazagystan tarapyndan esaslandyryldy we 2015-nji ýylyň ýanwarynda öz işine başlady. Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi belli bir derejede Ýewropa Bileleşiginiň hem-de beýleki Günbatar söwda şertnamalarynyň agza ýurtlara ykdysady we syýasy täsirine jogap hökmünde döredildi.
Türkmenistan Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine agza däl.
Içerki önümçilik, import we "gytçylyk"
Bu aralykda TDH azyk üpjünçiligine bagyşlanan hökümet maslahatyna salgylanyp, 2020-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda ýurtda oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň möçberiniň, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 131,2 prosente deň bolandygyny habar berýär.
Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň sanlaryndan çen tutulsa, Türkmenistan hem oba hojalyk we azyk önümleriniň importyny artdyrýar, TDH-nyň maglumatlaryndan çen tutulsa, hem bu önümleriň içerki önümçiligini artdyrýar. Ýöne muňa garamazdan, zerur iýmit önümleri ýurduň käbir döwlet dükanlarynda nobat bilen, çäkli möçberde satylýar.
Degişli maglumat “Açlyk näme iýdirmez...”: Türkmenistandaky krizisGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.