Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 23-nji oktýabrda 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny Mejlisiň garamagyna ibermek baradaky karara gol çekdi.
TDH-nyň hökümetiň giňişleýin mejlisinden beren habaryna laýyklykda, döwlet baştutany “ykdysadyýetiň durmuş ugurlylygy ýörelgesini saklamak bilen”, geljek ýylda “Döwlet býujetiniň umumy çykdajylarynyň 70 göteriminden gowrak möçberini durmuş ulgamyna degişli pudaklara gönükdirmegi” tabşyrdy.
Bu serişdeleriň 28,5% bilimi, 10% saglygy goraýşy we 24,8% durmuş üpjünçilik ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirilmeli diýip, habarda aýdylýar.
Hökümet mejlisiniň dowamynda Döwlet býujetinde ilatyň “abadan, bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmegi göz öňünde tutmagyň zerurdygy”, “ilatyň durmuş goraglylygy, iş bilen üpjünçiligi, durmuş we zähmet şertleriniň mynasyp derejesini üpjün etmek bilen bagly möhüm çäreleriň ýerine ýetirilmegi” barada hem gürrüň edildi.
Degişli maglumat Aliment töläp bilmedikleriň ‘kemsidiji’ suratlary köpçülik ýerlerinde asylýar
Wise-premýer G.Müşşikowyň tassyklamagyna görä, “Maýa goýumlarynyň kesgitlenen möçberleri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygyna gönükdiriler”.
Şeýle-de, wise-premýer geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň merkezleşdirilen düýpli maýa goýumlarynda göz öňünde tutuljak serişdeleri “has wajyp gurluşyklara, welaýatlarda gurulýan täze şäherçelere we obalara gönükdirmegiň göz öňünde tutulýandygyny” habar berdi.
Türkmen hökümetiniň tankytçylary Berdimuhamedowyň hökümetiniň her ýyl kagyzda ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga niýetlenen Döwlet býujetini düzýändigini, emma iş ýüzünde uly döwlet serişdeleriniň gümürtik taslamalara harçlanýandygyny, halk köpçüliginiň bolsa ýyl-ýyldan garyp düşýändigini aýdýarlar.
Resmi maglumatlara görä, Türkmenistanda häzir 37 milliard dollar möçberindäki gurluşyk işleri alnyp barylýar.
Emma ýurtda dowam edýän işsizlik, jenaýatçylygyň dowamly ösmegi netijesinde ýylda onlarça müň adamyň türmä basylmagy, eklenç üçin daşary ýurtlara gitmek isleýänleriň köpelmeginiň sebäpleri barada döwlet derejesinde we metbugatda açyk gürrüň edilmeýär.
Synçylar, şol sanda Şwesiýada ýaşaýan türkmen ykdysatçysy Hudaýberdi Orazow türkmen hökümetiniň mejlislerinde ilatyň ýagdaýy barada aýdylýan sözleriniň “diňe efir, metbugat üçindigini”, düzülýändigi aýdylýan planlaryň halkyň ýagdaýyny gowulandyrmaga az täsir edýändigini aýdýar.
Onuň pikiriçe, Türkmenistanda ilatyň işe ukyply böleginiň ýarysyndan gowragy işsiz, soňky otuz ýylda giň ýaýran korrupsiýa netijesinde ýüz müňlerçe adam türmeden geçirildi we ozaly işsizlik ilatyň iň garyp gatlagy, şol sanda öňki tussaglar we olaryň maşgala agzalary üçin “agyr problema” aýlandy.
Degişli maglumat TDH azyk 'bolçulygyndan' habar berýär, "Trend" import bolçulygyny 'açýar'
Şonuň bilen bir wagtda, Orazowyň pikiriçe, eger-de hökümet halka hakykatdan hem kömek etmek islese, aýdylyşy ýaly, “ykdysadyýetiň durmuş ugurlylygy ýörelgesini” saklajak bolsa, Türkmenistanda muňa “neçe diýseň mümkinçilik-de, şert hem bar”.
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň öňki başlygy ýurtda emele gelen agyr ykdysady ýagdaýyň çözgüdini ozaly milli puluň ýagdaýy, walýutanyň bir kursunyň bolmagy bilen baglaýar. “Nähili kynçylykly ýagdaý bolsa hem, milli puluň bir kursy bolmasa, walýutanyň iki kursy dowam etse, halka, hökümete uly zyýan bolýar” diýip, ykdysatçy pikir edýär.
Ikinji mesele “bolar-bolmaz, halka, ýurda hiç bir peýda getirmeýän desgalara, gurluşyklara pul harçlamagy bes etmeli” diýip, ol pikirini dowam etdirdi.
“Işsizlik meselesini çözmek üçin ýörite programma düzüp, oba, etrap ýerlerinde tozup ýatan ýollary, köprüleri, suw desgalaryny abatlamak işine başlap, täze iş orunlaryny açmaly. Bu işlerde işlejek adamlar üçin birki aýlyk kurslary açyp, hünär öwretmek-de mümkin. Bu işleri ýola salmak üçin kiçi karz usullaryny ulanmaly, oba ýerlerinde, etraplarda iş başarjak adamlara karz pul berilse, bu işleri oňarjak, ekerançylyk önümlerini, maldarçylyk önümlerini döwlete garaşly ýa döwlet planly esasynda el-aýagy daňlan adamlara garanda has gowy etjek, belki baýap gitjek adamlar hem kän bolar” diýip, Orazow aýtdy.
Degişli maglumat Prezident ähli welaýatda "Ak öý" isleýär
Eger-de hökümet hakykatda durmuş ugurly syýasata geçse, köp adam gysga wagtda işli bolar we özüni adam ýaly duýar, ýurt üýtgär, ýöne munuň üçin ozaly hökümetiň üýtgemegi gerek, dilde, kagyzda bir syýasat, iş ýüzünde başga syýasat ýöretmekden el çekmegi gerek diýip, H.Orazow Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.