Lebap welaýatynyň administratiw merkezi Türkmenabat şäherinde we Farap, Çärjew etraplarynda elektrik togy ençeme sagatlap kesildi. Käbir obalarda bolsa, indi iki gün bäri tok ýok. Munuň bilen bir wagtda, agyz suwy hem kesildi. Bu ýagdaý keselhanalaryň işine we ýaşaýjylaryň gündelik durmuşyna oňaýsyz täsir ýetirdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebapdan habar berýär.
"Düýn giçlik sagat 6:00 töwereginde Türkmenabat şäherinde we Farap, Çärjew etraplarynda elektrik toguny kesdiler. Şu gün irden sagat 9:00-9:30 aralygynda ýarym sagatlap tok berdiler. Ýöne şondan soň ony ýene kesdiler" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy aýtdy.
Degişli maglumat Türkmenabatlylar elektrik togunyň ‘dowamly’ kesilmeginden ‘dat’ edýärHabarçy 22-nji oktýabrda ýerli wagt bilen öýlan sagat 3:00 töwereginde beren maglumatynda irden sagat 11-den soň Türkmenabadyň käbir böleklerine we etrap merkezlerine elektrik togunyň berlip başlanandygyny hem belledi.
Ýöne ol Çärjewiň Jeýhun, Garaşsyzlyk, Magtymguly we Farabyň tas ähli obasynda iki günden bäri elektrik togunyň ýokdugyny hem sözüniň üstüne goşdy.
"Bu obalara indi 50 sagat çemesi wagt bäri elektrik togy berilmeýär. Şeýle-de, ady agzalan etraplarda tok bilen bir wagtda kesilen agyz suwy hem heniz berilmedi" diýip, habarçy belledi.
Onuň sözüne görä, elektrik togunyň kesiljekdigi barada adamlara öňünden hiç bir maglumat berilmedi. Şu gün irden Farap etrabynyň elektrik edarasyna baran oba ýaşaýjylarynyň ençemesine bolsa, toguň giçlik sagat 6 töwereginde beriljekdigi wada berildi.
Elektrik togunyň ençeme sagatlap kesilmegi, käbir obalarda heniz hem berilmezligi welaýat we beýleki keselhanalaryň işine ýaramaz täsir ýetirip, ýangyç guýýan beketleriň hem-de köçelerde swetaforlaryň işlemezligine getirdi.
Şeýle-de, bu Lebapda howanyň temperaturasy gijelerine +2, gündizlerine +10 gradusa çenli ýetýän şu günlerde ýaşaýjylaryň gündelik durmuşynda beýleki bökdençlikler bilen bir hatarda, ýylanmak meselesinde kynçylyklary döretdi.
Degişli maglumat Harasatdan tas iki aý soň: Lebabyň käbir obalaryna günde diňe 2 sagat tok berilýär"Welaýat we Farap etrap keselhanalarynda bökdençlikler emele geldi. Esasy enjamlar şu günüň ikinji ýarymyndan soň generatoryň kömegi bilen işledildi. Ýangyç guýýan beketler, swetaforlar we awtoulag ýuwýan kiçi kärhanalar hem işlemedi. Keselhanalaryň we mekdepleriň içi sowuk boldy. Oba mekdepleri heniz-de sowuk. Sebäbi ýyladyş ulgamlary elektrik togy arkaly nasosyň kömegi bilen işledilýär" diýip, habarçy aýtdy.
Habarçy Lebap welaýatynda aprel aýynda bolan harasatdan soň agzalýan etraplaryň aglaba böleginde elektrik energiýasynyň üpjünçiliginiň kesilendigini we onuň şondan üç aýa golaý wagt soň gaýtadan dikeldilendigini hem belledi.
"Elektrik togy mundan 1 ýarym aý çemesi ozal berlip başlandy. Ýöne şondan bäri ýaşaýjylar elektrik energiýasynyň üpjünçiliginiň yzygiderli kesilmeginden ejir çekýärler. Soňky 45 günüň dowamynda azyndan 20 sapar tok kesildi. Ýöne öňki gezeklerde gysga wagt, ýagny diňe 5-7 sagat elektrik energiýasy berilmeýärdi" diýip, habarçy aýtdy.
Degişli maglumat Lebaplylar toguň yzygiderli kesilmeginden şikaýat edýärAzatlyk Radiosy bu aýdylanlar barada Lebap welaýat, Türkmenabat şäher we Farap, Çärjew etrap häkimliklerinden, şeýle-de ýerli elektrik edaralaryndan goşmaça maglumat alyp bilmedi.
Azatlyk Radiosy tomus we gyş aýlarynda Türkmenistanyň dürli künjeklerinde elektrik togunyň üpjünçiliginiň kesilmegi bilen bagly ýagdaýlary ençeme ýyl bäri habar berip gelýär.
Ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi ýurduň regionlarynda gaz, elektrik, suw üpjünçiligi ulgamlarynda soňky ýigrimi ýylda köp problemanyň toplanandygyny aýdýar. Olar elektrik transformatorlarynyň, suw we gaz turbalarynyň onlarça ýyl bäri doly täzelenmeýändigini we olaryň könelip, sandan çykandygyny hem belleýärler.
Türkmen resmileri we media serişdeleri ilatyň bu babatda ýüzbe-ýüz bolýan problemalary barada aç-açan mesele gozgamaýarlar. Muňa derek, Ministrler Kabinetiniň 4-nji sentýabrda geçirilen mejlisinde şu ýylyň sekiz aýynda elektrik energiýasynyň öndürilişinde we ony daşary ýurtlara ibermekde ösüşiň bolandygy habar berildi.
Resmi maglumata görä, energetika ulgamynda önüm öndürmegiň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 118 göterim ýerine ýetirilip, 127,7 göterim ösüş üpjün edildi. Şeýle-de, şu ýylyň başyndan bäri elektrik energiýasynyň öndürilişiniň ösüşi 114,5 göterime barabar boldy. Elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermekdäki meýilnama 210,4 göterim ýerine ýetirilip, 274 göterim ösüş gazanyldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.