Türkiýäniň Stambul şäherinde öz watandaşyny öldürmekde güman edilýän iki türkmenistanly aýal tussag edildi. Bu barada türk media serişdeleri habar berýärler.
Haberler.com neşiriniň 20-nji oktýabrda çap eden maglumatyna görä, Esenýurt etrap polisiýa müdirligine degişli Jemgyýetçilik howpsuzlyk býurosy toparyna Jumhuriýet etrapçasyndaky ýaşaýyş jaýynyň 10-njy gatyndan bir adamyň aşak gaçandygy barada habar gelip gowuşýar.
"Wakanyň bolan ýerine baran polisiýa topary beýiklikden aşak gaçan türkmen raýatynyň ölendigini anyklady" diýip, neşir türkmen raýatyny K.M. diýip ady we familiýasynyň baş harplary bilen köpçülige mälim edýär.
Degişli maglumat Turkiýede öz watandaşyny palta bilen öldürmekde güman edilýän türkmen raýaty tussag edildiHabarda aýdylmagyna görä, polisiýa işgärleri wakanyň bolan ýerinde derňew işlerini dowam etdirýän mahaly, iki aýalyň binadan gyssanmaç çykyp barýan pursatyny görýärler. Aýallaryň hereketlerinden şübhelenen polisiýa işgärleri olary saklap, barlag işlerini geçirýärler.
"Türkmenistanyň raýatlarydygy anyklanan D.A. we S.R. diýlip köpçülige mälim edilýän türkmen aýallarynda plastik gandallar, gaýçy we "burç gazy" diýilýän serişde ele salynda. Şeýle-de, K.M.-niň aşak ýykylyp, jan beren kwartirasyny kireýine alandygy anyklanan şübheliler tussag edildi" diýlip, habarda aýdylýar.
Neşiriň maglumatyna görä, D.A. atly türkmen aýaly polisiýa beren maglumatynda merhum bilen Türkmenistanda wagty gatnaşygynyň bolandygyny gürrüň berdi.
"Şübheli aýal aradan birneme wagt geçensoň K.M. bilen aralaryna tow düşendigini we ony bir günlük kireýine alan kwartirasyna çagyrandygyny aýtdy. Şeýle-de, ol aralarynda dörän dawa-jenjelden soň, gygyryp kömek soramak üçin penjirä çykan K.M-ni aşak itekländigini boýun aldy" diýlip, habarda bellenilýär.
Türkmen aýallarynyň polisiýadaky derňew işlerinden soň, tussag edilendigi hem habarda nygtalýar.
Degişli maglumat Stambulda öz watandaşyny öldürmekde güman edilýän türkmenistanly özüni türk resmilerine tabşyrdyAzatlyk Radiosynyň bu waka barada Esenýurt etrap polisiýa müdirliginden we oňa degişli Jemgyýetçilik howpsuzlyk býurosy toparyndan goşmaça maglumat almak boýunça eden synanyşygy häzirlikçe netije bermedi.
Türkmenistanda üç ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklar, işsizlik bilen baglylykda, Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylarynyň aýtmagyna görä, soňky ýyllarda gazanç gözleginde daşary ýurtlara gidýän raýatlaryň sany görnetin artdy. Türkiýe türkmen migrantlarynyň iň köp ýykgyn edýän ýurtlarynyň başyny çekýär.
Türkiýäniň Göç edarasynyň şu ýylyň iýulynda çap eden maglumatlaryna görä, geçen ýyl bu ýurda göçüp gelen daşary ýurtlularyň iň köp ikinji bölegini, 13,8 göterimini türkmenistanly migrantlar düzýär.
Degişli maglumat Stambulda türkmenistanly bir aýal türk raýaty tarapyndan atylyp öldürildiMunuň bilen bir wagtda, daşary ýurtlara, hususan-da Türkiýä zähmet migrasiýasyna gidýän türkmenistanlylar we olaryň duçar bolýan kynçylyklary, şeýle-de eklenç üçin bikanun işlere ýüz urýan türkmen raýatlary barada häli-şindi habarlar peýda bolýar.
22-nji sentýabrda Türkiýede ten satmakda we oňa araçylyk etmekde güman edilýän türkmenistanly iki aýalyň tussag edilendigi habar berildi. Şeýle-de geçen aýyň başynda Stambulda türkmenistanly bir aýalyň türk raýaty tarapyndan atylyp öldürilendigi mälim boldy.
Awgustyň ahyrynda bolsa, Stambulyň Pendik etrabynda türkmenistanly bir aýaly palta bilen öldürmekde güman edilýän türkmen raýaty tussag edildi.
Türkmenistanyň hökümeti we media serişdeleri hemişelik ýa uzak möhletli esasda daşary ýurtlara giden ýa-da göçen raýatlaryň sany, şeýle-de olar hakda daşary ýurt media serişdelerinde çykýan habarlar barada mesele gozgamaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.