Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambulda öz watandaşyny öldürmekde güman edilýän türkmenistanly özüni türk resmilerine tabşyrdy


Stambul şäheri.
Stambul şäheri.

Türkiýäniň Stambul şäheriniň Maltepe etrabynda Türkmenistanyň bir raýaty bir öýde ýaşaýan watandaşyny öldürenden soň, polisiýa bölümine baryp, özüni türk resmilerine tabşyrdy.

Bu barada habar berýän türk habar beriş serişdeleri wakanyň bolan ýerinde polisiýa işgärleri tarapyndan gözleg işleri geçirilenden soň, türkmen raýatynyň jesediniň Kazyýet işi boýunça lukmançylyk institutynyň morguna geçirildigini aýdýar.​

"Bu waka irden sagat 09.00 töweregi Maltepe etrabynyň "Orta ýol" köçesiniň ugrundaky 4 gatly binada boldy. Türkmenistanly bir adam, özi ýaly türkmen raýaty bolan Döwletmyrat Ballarowy ýenjip öldürdi. Şondan soň şübheli Kadyköy Hasanpaşa polisiýa merkezine baryp, özüni resmilere tabşyrdy" diýlip, "Hürriyet" neşiriniň 2-nji iýunda çap eden habarynda bellenilýär.

Aýdylmagyna görä, polisiýa topary wakanyň bolan binasyna baryp, ýerde ýatan bir adamy görende, saglyk işgärlerini çagyrýar. Saglyk işgärleriniň geçiren barlaglary netijesinde ýerde ýatan adamyň ölendigi anyklanýar.

"Goňşy binada ýaşaýan bir adam daşary ýurt raýatlaryny tanamaýandygyny, ýöne irden bu jaýdan gykylygyň eşidilendigini aýtdy" diýlip, türk metbugatynyň habarynda aýdylýar.

Azatlyk Radiosynyň Döwletmyrat Ballarowy öldürmekde güman edilýän türkmen raýatynyň soňky ykbaly barada Kadyköy Hasanpaşa polisiýa merkezinden kommentariý almak synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklar, işsizlik bilen baglylykda, Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylarynyň aýtmagyna görä, soňky ýyllarda gazanç gözleginde daşary ýurtlara gidýän raýatlaryň sany görnetin artdy.

Türkmen raýatlarynyň hususan-da Türkiýe, Russiýa, Gazagystan, Kipr ýaly ýurtlara we arap döwletlerine iş gözleginde, uzak möhletli ýa-da hemişelik göçüp gitmäge ýykgyn edýändigi aýdylýar.

Munuň bilen bir wagtda, daşary ýurtlara zähmet migrasiýasyna gidýän türkmenistanlylar, şeýle-de eklenç üçin bikanun işlere ýüz urýan türkmen raýatlary barada häli-şindi habarlar peýda bolýar.

Mart aýynyň ikinji ýarymynda Stambulda koronawirusdan goranmak üçin ýasama arak içip, 50-den gowrak türkmenistanly zäherlenip öldi.

Fewral aýynda rus metbugat serişdeleri Russiýanyň Iwanowo şäherinde Türkmenistanyň iki raýatynyň neşe söwdasynda günäli tapylyp, 10,5 ýyl möhlet bilen berk düzgünli koloniýa höküm edilendigini mälim etdiler.

Şu ýylyň başynda bolsa, Stambulda öz watandaşyny ýaralamakda hem-de bir özbegistanlyny öldürmekde güman edilýän iki türkmenistanlynyň, 44 ýaşly Bartalaw bilen onuň aýaly Rozanyň tussag edilendigi habar berildi.

Türkmenistanyň hökümeti hemişelik ýa-da uzak möhletli esasda daşary ýurtlara giden ýa-da göçen raýatlaryň sany barada takyk maglumatlary mälim etmeýär. Ýurduň resmi metbugaty hem, türkmen raýatlary hakda daşary ýurt media serişdelerinde ç​ykýan habarlar barada mesele gozgamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG