Koronawirusyň ýeke ýagdaýy hem resmi taýdan hasaba alynmadyk Türkmenistanda ilatyň gorag maskalaryny dakynmalydygy barada duýduryş sms-leriniiň ugradylyp başlanmagy bilen bir hatarda, polisiýa işgärlerine günde azyndan maskasyz bir adama jerime ýazmalydygy barada görkezme berildi. Bu talap bilen birlikde, maskasyz saklanan adamlaryň mejbury zähmete çekilýändigi, hat-da tussaglyga hem höküm edilýändigi barada dowamly maglumatlar gowuşýar.
19-njy oktýabrda Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginiň adyndan ilata “agyz-burun örtügi dakynmak, köpçülik ýerde aralygy 2 metr saklamak, şahsy gigiýenanyň talaplaryny berjaý etmek” barada sms-ler ugradyldy. Bu barada ministrligiň resmi websaýtynda hem duýduryş ýerleşdirildi.
Bu aralykda, Aşgabatda Içeri işler ministrliginde paýtagtdaky ähli polisiýa bölümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda ýygnak geçirilip, onda maskasyz saklanan adamlara jerime salmak meselesine garaldy.
“Polisiýanyň şahsy düzüminiň her bir gullukçysyna günde maskasyz azyndan bir adama jerime ýazmak tabşyrygy berildi. [Içeri işler] ministriň orunbasary hiç kime, şol sanda aýallara we garrylara dözmezçilik etmeli däldigini, ‘çörek almaga-da pullarynyň ýokdugy’ baradaky nalyşlaryna gulak gabartmaly däldigini buýurdy. ‘[Jerimäni tölär ýaly puly] nireden tapsalar şondan tapsynlar’ diýip, ol sözüne goşdy” diýip, bu ýygnaga gatnaşan ýokary derejeli polisiýa işgärleriniň biri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Maglumata görä, Aşgabatda maskasyz saklanan adamlara 20 manat möçberinde jerime salynýar, şeýle-de bank hyzmatlary üçin goşmaça töleg töletdirilýär.
Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan polisiýa resmisiniň sözlerine görä, gündelik jerime planyny dolyp bilmedik polisiýa işgärleri jerimäni öz jübüsinden töläp, degişli akty hem öz dost-ýarlarynyň adyna düzmeli bolarlar.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri bu talabyň yzy bilen, ýurduň dürli künjeklerinde polisiýanyň maskasyz adamlary ele salmak, olara jerime ýazmak çärelerini göz-görtele güýçlendirendigini belleýärler.
Mary welaýatynda polisiýa ýollardaky ýeňil we ýük ulaglary saklap, maskasyz oturan adamlara, şeýle-de sürüjä garşy temmi çärelerini görüp başladylar.
“Eger-de ulagyň içinde maskasyz biri bar bolsa, onda sürüjiniň sürüjilik şahadatnamasy elinden alynýar we ulagy Marynyň şäher Döwlet ýol gözegçilik gullugynyň ýörite duralgasyna eltilýär. Eger-de sürüji maskasyz ýolagçylar bilen birinji gezek saklanan bolsa, onda ol 17:00-da polisiýada geçirilýän leksiýa gatnaşdyrylýar. Eger-de sürüji maskasyz ýolagçylar bilen ýene ele salynsa, onda oňa 50 manatdan başlap, soňky gezeklerde hem 250 manada çenli jerime töledilýär” diýip, maryly habarçylarymyzyň biri 20-nji oktýabrda maglumat berdi.
Degişli maglumat Jerime töläp bilmeýän raýatlar meýdanlarda ‘gul ýaly’ işledilýärHabarçy ulagyň içinde maskasyz oturan ýolagçylara hem aýratyn temmi çäreleriniň görülýändigini belledi.
“Polisiýa maskasyz saklanan adama protokol düzüp, 50 manat jerime ýazýar. Eger-de, raýat jerimäni tölär ýaly ýagdaýynyň ýokdugyny aýtsa, onda polisiýa onuň ähli şahsy maglumatlaryny ýazyp alýar we ony surata düşürýär, şeýle-de onuň ertir ir sagat 06:00-da bellenilen pagta meýdanyna gelmelidigini aýdýar. Olara 40 kg pagta ýygmalydygy, mundan başga-da ýanlary bilen pagta toplar ýaly öňlükleri we iýjek günortanlyk naharyny hem alyp gelmelidigi tabşyrylýar” diýip, bu ýagdaýlary içginden öwrenen habarçy gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, pagta meýdanyna gelmedik halatynda, raýatlaryň 15 gije-gündiz tussaglyga ýerleşdiriljekdigi, bu halatda-da olaryň mejbury pagta ýygymyna çekiljekdigi duýdurylýar.
Şol bir wagtda, habarçy polisiýa işgärine 20 manat möçberinde para berilse, onda maskasyz saklanan raýatyň, hiç hili protokol düzülman, goýberilýändigini belleýär.
Bu aralykda, atlandyrylmasyzlygyny soran maryly polisiýa işgärleriniň biriniň Azatlygyň habarçysyna aýtmagyna görä, olara administratiw jenaýat jogapkärçiligine çekilen, şol sanda serhoş ýagdaýda saklanan, dawa-jenjel eden, aliment töleglerini wagtynda töläp bilmedik raýatlary hem mejbury pagta ýygymyna çekmek barada dilden görkezme berlipdir.
Degişli maglumat Aliment töläp bilmedikleriň ‘kemsidiji’ suratlary köpçülik ýerlerinde asylýarAzatlyk bu hili ýagdaýlaryň ýurduň beýleki künjeklerinde hem eýýäm birnäçe hepdeden gowrak wagt bäri dowam edip gelýändigi barada habar beripdi.
Azatlyk Radiosynyň dowamly synanyşyklaryna garamazdan, ýokarda beýan edilen ýagdaýlar dogrusynda Içeri işler ministrliginden we onuň ýerli bölümlerinden hiç hili kommentariýa almak başartmady.
Bu aralykda, ýurduň dürli künjeklerinde raýatlara möwsümleýin dümewe garşy sanjymlar edilýär. Azatlygyň habarçylary sanjymyň hökmanydygyny, tutuş maşgalalaryň keselhana çagyrylyp, sanjym edilýändigini habar berýärler. Lebap welaýatynyň Farap etrabynda sanjymlar geçen hepde býujet işgärlerine edilen bolsa, bu hepde tapgyrlaýyn ýagdaýda okuwçylara edilýär. Şol bir wagtda, işsiz adamlara sanjymyň göz öňünde tutulmandygy hem bellenilýär.
Dünýäniň dürli künjeklerinde, şol sanda Ýewropada we Russiýada koronawirusyň täze ýagdaýlarynyň gürelýän pursady, türkmen häkimiýetleri ýurtda häzirki güne çenli hem COVID-19 bilen bagly ýeke ýagdaý barada hasabat bermediler.
Emma muňa garamazdan, Azatlyk Radiosy we beýleki garaşsyz neşirler ýurtda ýüze çykarylýan koronawirus ýagdaýlary barada dowamly maglumat berip gelýärler. Geçen hepde Azatlyk Daşogzuň aýallar koloniýasynda koronawirusyň tutaşandygy barada habar beripdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.