Oba dükanyna gijikdirilen, 'gurçukly' un geldi, Aşgabatda sygyr we goýun etini 'garyp' satýarlar

Lebap sebiti. Azyk nobatlaryna durmak adamlaryň gündelik işine öwrülýär. Iýun, 2020.

"Un paýoklaryny wagtynda bermän, birnäçe aý ammarlarda basyp goýup, gurçuklap başlansoň berýärler, bu bilkastdan, başga bir matlap bilen edilýän işmi ýa iş başarmazlykdan, belli däl, hökümet hiç bir düşündiriş bermeýär" diýip, ýaşuly mugallym aýtdy.

Döwlet eýeçiligindäki metbugatyň azyk bolçulygy baradaky habarlaryndan tapawutlylykda, ýerli çeşmeler ýurtda un, çörek, ýag, ýumurtga... gytçylygy meselesiniň çözülmeýändigini, belki-de, has çuňlaşýandygyny habar berýärler.

"Türkmengala etrabynyň Kemine geňeşliginde iýun aýynyň un paýogy berildi" diýip, Azatlygyň Marydaky habarçysy 15-nji oktýabrda habar berdi.

Halk içinde "un paýogy" diýlip at alan un adam başyna 5 kilogramdan, arzan bahadan berilýär. "Unuň gapdaly bilen möhleti geçen keks almaly etdiler" diýip, habarçy aýtdy.

Geňeşligiň birnäçe ýaşaýjysynyň aýry-aýrylykda beren gürrüňlerine görä, berlen unuň "sorty pes", munuň üstesine adamlar bu gezek "içi gurçukly unuň" berlendigini aýtdylar.

Degişli maglumat Arzan undan we ýagdan kesmek haýbaty mejbury zähmetiň 'atgyr ýaragyna' öwrülýär

"Unuň garalygyna üns bermedik, sebäbi bir zat alsak kaýyldyk, ýöne indi halka içi gurçukly un berip başladylar" diýip, geňeşlikde ýaşaýan 30 ýaşlaryndaky ýaşaýjy Radio bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Azatlygyň ikinji söhbetdeşi, 50 ýaşlaryndaky ýaşaýjy bolsa, berlen undan bişirilen çöregiň tagamynyň ajymtyk gelýändigini gürrüň berdi. Onuň pikiriçe, bu undan bişirilen çöregi "mala bermeseň, özüň iýer ýaly däl".

Adamlar un paýogynyň ilki birnäçe aý gijikdirilmeginden, soň bolsa "zaýa un" berilmeginden nägile bolýarlar.

"Un paýoklaryny wagtynda bermän, birnäçe aý ammarlarda basyp goýup, gurçuklap başlansoň berýärler, bu bilkastdan, başga bir matlap bilen edilýän işmi ýa iş başarmazlykdan, belli däl, hökümet hiç bir düşündiriş bermeýär" diýip, geňeşligiň üçünji bir ýaşaýjysy, ýaşuly mugallym indi özünde ýolbaşçylara diýere sözüň hem galmandygyny aýtdy.

Oba dükanynyň işgäri iýun aýynyň ununyň oktýabrda berilmeginiň sebäbi soralanda, "oba uly, gelýän un hemme kişä ýetenok" diýip jogap berdi.

Döwlet eýeçiligindäki dükanlarda unuň her kilogramy 1 manatdan satylýar, emma bu un uzak wagtlap bolmansoň, adamlar hususy dükanlarda satylýan pes sortly unuň her haltasyna 360-400 manat aralygynda pul tölemeli bolýarlar diýip, habarçy aýtdy.

Şu aralykda Türkmenabatdaky döwlet dükanlarynda 1.5 litrlik "pagta ýagy" satyldy. Dükanlaryň öňünde peýda bolan uly nobatlara goşulan adamlar "ýag üstündäki" dawa-jenjellere, ýakalaşmalara, kemsitmelere şaýat bolýarlar, adam adamyň göwnüne ýag üçin deger öýtmeýärdim diýip, radionyň türkmenabatly söhbetdeşi aýtdy.

Azyk meselesi paýtagt Aşgabatda hem ýiti bolmagynda galýar. Azatlygyň habarçysy şäheriň 42-nji dükanynda alyjy bilen satyjynyň arasynda bolan gürrüňe şaýat boldy.

Degişli maglumat Aşgabat: Çörek, et we ýumurtga üpjünçiliginde bökdençlik dowam edýär

Alyjy aýal 11 sany towuk ýumurtgasyny satyn alyp, satyja haýyş bilen ýüzlendi: "Adamym üçinem bir guty ýumurtga berip bilmezmisiňiz, ol öýde, ýöräp bilmeýän maýyp, maňa her gün gelmek kyn düşýär" diýdi.

Satyjy bu haýyşa "adamyň maýyp bolsa, güwänama hem-de nikaňyz hakynda şahadatnama getir" diýip, gödek jogap berdi.

Azatlygyň habarçysy Teke bazaryna aýlanyp, sygyr we goýun etleriniň garylyp satylýandygyny gördi.

"Iki bölek goýun eti, bir bölek sygyr eti, biraz bagyr we öýken goşulyp, 50 manatdan satylýar. 15 metr uzynlykdaky ýapyk binada ýerleşýän et önümleri bölümine polisiýanyň gözegçiligi astynda bir adamdan goýberýärler. Giren ýeriňde eliňe et salnan paketi berýärler we sen 50 manat töläp, yzyňa çykmaly" diýip, habarçy aýtdy.

Aşgabatda garylyp satylýan et. 15-nji oktýabr, 2020.

Satyn alan etiň nähili etdigini, onuň agramyny diňe öýüňe baraňda bilýärsiň. Ony yzyna getirip, puluňy hem alyp bolmaýar diýip, garyşyk et alan alyjylar gürrüň berýär.

"Nobatda duran göwreli aýal özüne düýe etiniň berilmezligini haýyş etdi, onuň özüne ýaramaýandygyny aýtdy. Emma satyjy onuň diýenini etmän, düýe etini hem goşdy. Ol aýal eti yzyna berip, aglap çykdy" diýip, habarçy aýtdy.

Giň ýaýran işsizlik, aýlyklaryň pesligi sebäpli, Teke bazarynda satylýan miweleri, gök we bakja önümlerini almaga hem köp adamyň ýagdaýy ýok diýip, synçylar aýdýar.

Mysal üçin, naryň kilogramy 12-15 manat, almalar – 8-12 manat, ýeralma – 8 manat 20 teňňe, düýp soganyň ownugy – 1 manat 50 teňňe, irisi 3 manat bahalanýar. Şeýle-de, ownuk limonyň biri 2 manat 50 teňňeden, irisi 5 manatdan satylýar diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 15-nji oktýabrda habar berdi.

Degişli maglumat Babadaýhanlar ýene her dänesiniň müň bolmagyny arzuw etdi. Şertler öňküligine galýar

Türkmen hökümetiniň mejlislerinde ýurtda azyk howpsuzlygynyň döredilendigi, importuň ornuny tutýan önümleri öndürmek üçin ähli şertiň bardygy aýdylýar. Ýöne hökümet tankytçylarynyň käbiri türkmen ýolbaşçylarynyň azat bazar şertlerine geçilmegine yzygiderli päsgelçilik döredip, ýurdy emeli açlyga alyp gelendiklerini öňe sürýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.