Maryda Jemagat hojalygynyň hem-de Jaý dolandyryş müdirliginiň işgärleri bilen ýerli ýaşaýjylaryň arasynda "dawa turdy"

Jemagat hojalygynyň işgäri haşal otlary arassalaýar

Soňky günlerde Mary şäheriniň Jemagat hojalygy müdiriliginiň hem-de Jaý dolandyryş müdirliginiň işgärleri şäheriň köp gatly jaýlarynyň, ýerzeminlerini barlaýar, şäherde arassaçylyk işlerini güýçlendirýär, howlulary haşal otlardan arassalaýar, köp gatly jaýlaryň girelgelerine derman sepýär. Ýöne bir köp gatly ýaşaýyş jaýynyň ýerzeminini zir-zibilden arassalamakçy bolanlarynda, olar ýerli ýaşaýjylaryň garşylygyna şaýat boldular. Munuň jikme-jikligi barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.

Degişli maglumat Aşgabadyň hapa taşlanýan ýerleriniň üstünde dawa köpeldi

“Mary şäheriniň Jemagat hojalygy müdirliginiň işgärlerine howlulardaky otlary çapdyrýarlar, köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň girelgelerine derman sepdirýärler. Jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri bilen bir hatarda Ýaşaýyş jaý dolandyryş müdirliginiň işgärleri öz territoriýalaryndaky köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň girelgelerine girip, ýerzeminleri barlaýarlar. Olar ýerzeminlerdäki agaç, plastik, karton ýaly zatlary çykaryp, traktoryň teleşgesine ýükläp, zibile äkitmekçi bolýarlar” diýip, habarçy 14-nji oktýabrda Marydan habar berdi.

Ýöne bir köp gatly ýaşaýyş jaýynyň ýaşaýjylary ýerzeminlerdäki zatlaryň zir-zibile äkidilmegine razy bolmady. Olar muňa nägilelik bildirdi.

Jemagat hojalygynyň işgärleri ýerzemini ol ýerde üýşürilen plastik gaplardan arassalamakçy boldy. Ýöne ýaşaýjylar ol plastik gaplary özleriniň birnäçe hepdeläp, hatda aýlap zir-zibilleri dörüp çöpländiklerini hem-de olary satyp pul gazanmakçy bolýandyklaryny aýtdylar.

Mary şäherinde Jemagat hojalygynyň işgärleri hem-de Jaý dolandyryş müdirliginiň işgärleri arassaçylygy güýçlendirýär, köp gatly ýaşaýyş jaýlaryň ýerzeminlerini barlaýar, girelgelere derman sepýär

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady çökgünligiň fonunda, Azatlyk Radiosynyň habarçylary maliýe ýetmezçiligi sebäpli ýurduň dürli künjeklerinde zir-zibil dörmäge mejbur galýan, hatda onuň üstünde bir-birleri bilen dawa edýän adamlar barada wagtal-wagtal habar berýärler.

Habarçynyň sözlerine görä, adamlar jemagat hojalygynyň arassaçylyk işgärlerini öz “emläklerine” göz dikmekde aýyplady.

“Biz siziň çöregiňize göz dikemizok, biz ýer zeminlerde ýangyn döremesin diýip, siziň aladaňyzy edýäris!” diýip, arassaçylyk işgärleriniň ýaşaýjylara ýüzlenendigini habarçy aýtdy.

Degişli maglumat Türkmenabadyň käbir sebitlerinde ‘zir-zibil depeleri’ emele geldi

Ýerli ýaşaýjylaryň arasynda ýerzeminlerden çykarylýan plastik materiallary, karton kagyzlary, hem-de paket ýaly zatlary arassaçylyk işgärleriniň özleriniň satuwa çykarmagy göz öňünde tutýandygyny aýdan adamlar hem boldy.

“Biz satyp, bir zatlarymyzy düzederis diýip, umyt baglan zatlarymyzy size şeýle bermeris” diýip, ýerli ýaşaýjylaryň biri aýtdy.

Bu aralykda, olaryň hatarynda bir ýaşaýjy arassaçylyk işgärlerinden özlerine plastik material, karton kagyz ýaly zatlary goýar ýaly ýer berilmegini talap etdi.

“Onuň ýaly biziň aladamyzy edýän bolsalar, bize çöplän zatlarymyzy goýmaga ýer bersinler” diýip, ol aýtdy.

Şeýle-de, şäher ýaşaýjylary Jaý dolandyryş müdirliginiň işgärlerine köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň töwereginde ýerleşýän meýdançadaky hiňňildikleriň we beýleki güýmenjeleriň aýrylandygyny, olaryň deregine oýun meýdançalaryna gury çägäniň dökülendigini aýtdylar.

“Biziň garažlarymyzy aýyrdylar, olaryň ornuna çagalar oýnar ýaly meýdança gurarys diýdiler, hiç bir aýdyp diýen zatlaryny ýerine ýetirmediler” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Jaý dolandyryş müdirliginiň işgärlerine nägilelik beýan etdi.

Şeýle-de, olar gaz üçin, ýyladyş üçin we beýleki hojalyk hyzmatlary üçin edýän töleglerine, şeýle-de gazyň, suwuň hem-de elektrik energiýasynyň töleglerine, galyberse-de, hojalyk hyzmatlarynyň hiline şikaýat bildirdiler.

Degişli maglumat 70 ýaşly aşgabatlynyň 'zibil üstündäki urşuň' pidasy bolan bolmagy ähtimal

Türkmenistanda garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap, ilata mugt berlen gaz, suw we elektrik energiýasy ýaly ýeňillikler üç ýyl töweregi mundan ozal ýatyryldy.

“Gaz ojagymyz döwülse özümiz oňarýarys. Gazçylara telefon etseň, iki hepdeden gelýärler, ýanlarynda hiç zatlary ýok, hemme zady özüň alyp bermeli, hatda gaz açarlary hem ýok, ony hem goňşulardan ýene özümiz sorap, tapyp bermeli” diýip, bir ýaşaýjy aýtdy.

Habarçy ýerli ýaşaýjylaryň arassaçylyk işgärlerine garşylyk görkezip, ýerzemindäki zatlaryny saklap galandyklaryny aýtdy.

“Jaý müdirliginiň işgärleri ‘indiki hepdä çenli aýryň, bize gep gelýär. Biz hem sizden üýtgeşik ýaşamyzok. Ýöne häzir şularyň aýdanyny etmesek, biz hem işsiz galýarys. Biziň hem uzak gün aýlanyp, alýan aýlygymyz hojalyga ýetenok’ diýip, olar hem hökümetden zeýrendiler” diýip, habarçy aýtdy.

Maryda Jemagat hojalygynyň hem-de Jaý dolandyryş müdirliginiň işgärleriniň arassaçylygy güýçlendirip, köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň girelgelerine derman sepmegi koronawirus pandemiýasynyň dowam edýän wagtyna hem-de ýurduň saglyk edaralarynyň ýurtda hiç bir COVID-19 hadysasy barada resmi taýdan habar bermeýän wagtyna gabat gelýär.

Ýerli ýaşaýjylaryň hem-de arassaçylyk işgärleriniň arasynda zir-zibilden çöplenen plastik gaplaryň hem-de beýlekileriň üstünde turan dawa ýurtda ýiti ykdysady çökgünligiň dowam edýän wagtyna hem-de türkmen hökümetiniň muny boýun almaýan wagtyna gabat gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.