Azerbaýjan we Ermenistan ýaraşyk ylalaşygyny bozmakda birek-biregi aýyplaýar

Ýaraşyk ylalaşygyndan soň Tartar şäheriniň ýaşaýjylary zyýan ýeten jaýlaryndan öý-goşlaryny çykarýar.

Halkara jemgyýetçiliginiň Russiýanyň araçylygyndaky ynsanperwer ýaraşyk ylalaşygyna ygrarly galmak babatynda iki tarapa-da eden çagyryşlaryna garamazdan, Ermenistan we Azerbaýjan güýçleri Daglyk-Garabag sebitiniň içinde we töwereginde atyşyga dowam edýär.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi 13-nji oktýabrda konflikt zonasynyň ençeme sebitinde geçen gije ýagdaýlaryň dartgynly galandygyny aýtdy. Ministrlik Ermenistanyň harby güýçlerini şu gün ir bilen Tartar etrabyny oka tutmakda aýyplady.

Ermenistanyň Goranmak ministrligi bu aýyplamany ret edip, öz gezeginde Azerbaýjan tarapynyň front çyzygynyň “günorta, demirgazyk we demirgazyk-gündogar sektorlarynda raketa we artilleriýa toplaryny atmak bilen öz hereketlerini dowam etdirendigini” öňe sürdi.

Taraplar 10-njy oktýabrda Moskwada gelnen ýaraşyk ylalaşygyny bozmakda birek-biregi aýyplaýar. Bu ylalaşyk etniki ermeni güýçleriniň hem-de Azerbaýjanyň iki hepdäniň dowamynda bolan söweşlerde öldürilen adamlaryň jesetlerini we tussaglary alyşmaklaryny göz öňünde tutýardy.

Sebitde 27-nji sentýabrda söweş başlaly bäri ýüzlerçe esger we asuda raýat öldürildi. Bu söweş 1994-nji ýylda Daglyk-Garabag üstündäki konflikt boýunça gelnen ynjyk ýaraşyk ylalaşygyndan bäri ýüze çykan iň uly dartgynlylyk boldy.

Halkara jemgyýetçiligi Daglyk-Garabagy Azerbaýjanyň bir bölegi hökmünde ykrar edýär, ýöne sebit etniki ermeniler tarapyndan dolandyrylýar we ol ýerde etniki ermeniler ýaşaýar.

Ýaraşyk ylalaşygy 90-njy ýyllarda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň howandarlygynda döredilen Minsk toparynyň araçylygyndaky parahatçylyk gepleşikleriniň gaýtadan başlanmagyny hem göz öňünde tutýar.

Degişli maglumat Orsýet, Fransiýa Dagly-Garabagdaky söweşiň bes edilmegine çagyrýar

Ylalaşyk gepleşikleriň häzirki formatynyň saklanyp galmagyny hem-de wagtyň geçmegi bilen onuň üýtgedilmezligini talap edýär.

Minsk toparyna Fransiýa, Russiýa we ABŞ egindeş başlyklyk edýär.

Söweş üznüksiz dowam edýän mahaly, Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 12-nji oktýabrda Moskwada Ermenistanyň daşary işler ministri Zohrab Mnatsakaniany kabul etdi.

“Biz kabul edilen kararlary iki tarapyň hem berk berjaý etmegine garaşýarys” diýip, gepleşiklerden soň Lawrow aýtdy we atyşygyň bes edilmegine gözegçilik etjek mehanizmleri döretmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny sözüne goşdy.

Mnatsakanian ermenileriň “atyşygy bes etmek isleýändigini” aýtdy. “Biz ýerlerde barlag mehanizmlerini isleýäris” diýip, ol belledi.

Şeýle-de, Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň malgumatyna görä, Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Andreý Rudenko Minsk toparynyň ABŞ egindeş başlygy bilen duşuşyp, 10-njy oktýabrda gazanylan ýaraşyk ylalaşygynyň berjaý edilmegi üçin “mümkin bolan ädimleri” ara alyp maslahatlaşdy.

Ministrlik duşuşyga ÝHHG başlygynyň Daglyk-Garabag boýunça şahsy wekili Andreý Kasprzygyň gatnaşandygyny aýtdy.

Fransiýanyň daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Agnes von der Muhll ýaraşygyň “berk” berjaý edilmeginiň “zerur hem gyssaglydygyny” aýtdy.

Degişli maglumat Ermenistan ÝHHG-niň Daglyk-Garabag baradaky parahatçylyk gepleşiklerine gatnaşmak isleýär

Dowam edýän söweşler giň gerimli dartgynlylygyň Azerbaýjanyň iň ýakyn ýarany Türkiýäni hem-de Ermenistan bilen goranmak şertnamasy bolan Russiýany çaknyşyga çekmeginiň mümkindigi barada alada döretdi.

Mnatsakanian Azerbaýjany Türkiýäniň sebitdäki täsirini giňeltmek üçin hereket etmekde hem-de Daglyk-Garabag konfliktinde hakyna tutmalary ulanmakda aýyplady. Bu aýyplamalary Ankara bilen Bakuwyň ikisi-de ret etdi.

Türkiýäniň goranmak ministri Hulusi Akar Russiýanyň goranmak ministri Sergeý Şoýgu bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde Azerbaýjanyň “basylyp alnan ýerlerini yzyna almak üçin” edýän hüjümlerini Ankaranyň goldaýandygyny aýtdy. Bu barada Türkiýe beýanat berdi.

“Baku çözgüt üçin ýene 30 ýyl garaşmaz” diýip, ol aýtdy.

Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew konfliktiň halkara araçylygyna Ankaranyň goşulmagy babatynda eden çagyryşlaryny gaýtalady. “Günbatar ýurtlarynyň köpüsi muny kabul etmek islemese-de, Türkiýäniň sözi uludyr, ol doly garaşsyz” diýip, Aliýew aýtdy.

Halkara jemgyýetçiligi Daglyk-Garabagy Azerbaýjanyň bir bölegi hökmünde ykrar edýär. Ýöne Sowet Soýuzy darganda ýüze çykan separatist urşy 1994-nji ýylda ýaraşyk bilen soňlanaly bäri sebite Ýerewanyň hemaýatyndaky etniki ermeni güýçleri gözegçilik edýär.

Şondan bäri, ol ýerde etniki ermeni ilaty ýaşaýar we sebit etniki ermeniler tarapyndan dolandyrylýar. Bu ýagdaý sebitde ýaşaýan ýüzlerçe müň azerbaýjanlyny çärýek asyrdan gowrak wagt bäri Bakuwda we Azerbaýjanyň beýleki ýerlerinde içerki bosgunlyga sezewar etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.