Türkmenistanyň banklary daşary ýurda pul ibermegi kynlaşdyrýan täze talaplary girizýär

Aşgabadyň banky, sentýabr, 2020.

Türkmenistanyň banklary daşary ýurtlara pul geçirjek bolýan raýatlar üçin talaplaryny üýtgetmegini dowam etdirýärler. Bank üsti bilen pul ugratmak ýa-da daşary ýurtlarda ulanyp bolýan plastik kartlara degişli hasaplara pul salmak isleýän müşderilerden talap edilýän resminamalaryň sanawynyň yzygiderli üýtgemegi, puluň mukdarynyň çäklendirilmegi ýurduň raýatlarynyň, esasanam daşary ýurtlarda okaýanlaryň durmuşyny kynlaşdyrýar. Azatlygyň habarçylary talaplaryň ýene üýtgändigini 13-nji oktýabrda habar berdiler.

Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, Daşoguzdaky "Senagat" banky daşary ýurtlarda, esasanam Orsýet Federasiýasynda, Belarusda we Türkiýede okaýan talyplara pul geçirmek üçin täze talaplary girizdi. Bankyň müşderileri, ýurduň beýleki banklarynda şuňa meňzeş düzgünleriň ýokdugyny belläp, täze talaplary esassyz hasaplaýarlar.

“Ähli banklarda bolşy ýaly, daşoguzly studentleri ene-atalary hem “Türkmentelekomyň” üsti bilen okuw şahadatnamasyny almalydy. Emma Aşgabatda we beýleki ýerlerde "Türkmentelekom" öz websaýtyna şeýle resminamalary kabul edýän bolsa, Daşoguzdaky edara özünde resminamalary kabul etmek üçin işgäriniň ýokdugyny aýdyp, dokumentleri indi hiç ýerde ulanylmaýan faks arkaly ibermegi talap etdi "- diýip, habarçymyz gürüň berdi.

Degişli maglumat Türkmen häkimiýetleri studentlere pul ibermek düzgünlerine täze talap girizdi

Onuň sözlerine görä, käbirler sprawkalaryny faks arkaly ibermek üçin mümkinçilik tapan hem bolsalar, goşmaça maliýe çykdaja galdylar: "Uzak gözlegden soň daşary ýurtlardaky talyplar faks tapýan hem bolsalar, onsuzam pulsuzlykdan kösenýän halyna bu hyzmat üçin Orsýetde 2000 rubl we Belarusda 30 dollar töwereginde çykdajy etmeli bolýarlar".

Azatlygyň Türkmenistandaky habarçysy "Senagat" bankynyň üsti bilen pul geçirmek üçin şeýle usulda kynlyk bilen Türkmenistana ugradylýan okuw jaýynyň resminamasynyň ýeterlik däldigini belleýär. Talap edilýän resminamalaryň sanawynda student biletiniň kopiýasy hem bolmaly, ony ýene-de "Türkmentelekomyň" üsti bilen ibermek talap edilýär. Emma bu talabyň ýerine ýetirilmegini-de, Daşoguzdaky "Türkmentelekomda" beýle hyzmaty üpjün etmäge mümkinçiligiň bolmazlygy kynlaşdyrýar.

"Senagat" bankynyň Daşoguz şahamçalary we “Turkmentelekom” kompaniýasy bu barada resmi düşündiriş bermeýär. Azatlygyň habarçysynyň belleýşi ýaly, gaharly ene-atalar munuň ýurduň daşyna iberilýän walýutanyň mukdaryny azaltmak üçin edilýändigine ynanýarlar.

15-nji sentýabrda türkmen banklarynyň täze talaby girizendigi mälim bolupdy. Oňa laýyklykda talyplar döwlet telekommunikasiýa kompaniýasy bolan "Turkmentelekomyň" ýörite elektron poçta salgysyna okuw resminamalaryny ibermeli edildi. Ondan soň, ene-atalar "Turkmentelekom" tarapyndan tassyklanan resminamanyň her sahypasy üçin 3 manat töläp, ony almaly we banka tabşyrmaly.

Degişli maglumat Türkmen banklary studentlere pul ibermek düzgünlerine täze çäklendirme girizdi

Mundan öň daşary ýurtlaryň okuw jaýlarynda okaýan türkmenistanlylar bilim alýandygy hakyndaky resminamalaryň asyl nusgalaryny ýurda ugratmaly bolupdy. Studentleriň Türkmenistandaky ene-atalary poçta bilen ugradylan kagyzlary alyp, banklara eltýärdi we onuň esasynda çagalarynyň okuwy üçin pul ugradýardy.

Türkmenistanyň banklary çagalary daşary ýurt uniwersitetlerinde okaýan raýatlaryna walýuta çalyşygy üçin belli bir şertleri üpjün edýär. Bu şertlere görä, ene-atalar türkmen banklarynda okuw töleglerini manatda edýärler, banklar bu serişdeleri döwlet kursundan 3,5 manady 1 amerikan dollaryna öwrüp berýärler. Türkmenistanda nagt walýuta dolanyşygyna gadagançylyk 2016-njy ýyldan bäri saklanyp galýar. Daşary ýurt walýutasynyň ýurt içindäki gara bazardaky bahasy şondan bäri bäş esse çemesi artdy.

Şol bir wagtyň özünde, türkmen banklarynyň studentleriň okuwyny tölemek üçin daşary ýurt uniwersitetleriniň hasaplaryna iberilýän puly gijikdirip geçirmegi ýyllarboýy saklanyp galýar.

Şu ýylyň sentýabrynda türkmen studentleriniň ençemesi daşary ýurt uniwersitetlerindäki okuw töleglerini tölemekde ýene gijä galypdy.

Degişli maglumat Täze çäklendirmeden soň, studentlere pul iberjek ene-atalary ne türkmen DIM-i, ne-de Merkezi bank kabul edýär

Şu ýylyň iýul aýynyň ahyrynda Türkmenistanyň häkimiýetleri öz çagalaryna pul ibermäge synanyşýan ene-atalara goşmaça şerti öňe sürdi. Daşary ýurt uniwersitetlerinde okaýan studentler öz ene-atalaryndan pul almak üçin özleriniň maliýe kömege mätäçdigi hakynda bolýan ýurdundaky türkmen ilçihanasyna ýüz tutmaga mejbur edildi. Bu ýagdaý Türkmenistanyň Merkezi bankynyň koronawirus pandemiýasy sebäpli daşary ýurtlardaky raýatlaryna 200 dollar däl-de, aýda 500 dollar ibermek mümkinçiligini döredýändigi barada yglan etmeginden bir aý soň ýüze çykdy.

14-nji awgustda Türkmenistanyň banklary çagalaryna pul ibermek isleýän raýatlardan daşary ýurt uniwersitetleriň resminamalarynda türkmen ilçihanasynyň möhüriniň bolmagyny talap edip başladylar.

Bir aýlap ýurduň müňlerçe raýaty häkimiýetleriň islegini kanagatlandyryp bilmän kösendi. Daşary işler ministrligi-de, Merkezi bank-da bu edaralaryň gapysyny kakan ene-atalaryň arzalaryny kabul etmedi. Bu döwürde türkmen talyplary Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalaryndan düşündiriş almaga synanyşdylar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.