“Öňler irden sagat 7-de döwlet dükanlaryna çäkli mukdarda çörek getirilýärdi. Soňky günlerde çöregiň getirilmeginde bökdençlik bolýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 8-nji oktýabrda Aşgabatdan habar berdi.
Ol bir döwlet dükanynda özi bilen bir hatarda şäher ýaşaýjylarynyň penşenbe güni sagat 9-a çenli çörege garaşandygyny, ýöne munuň netije bermändigini habar berdi.
Degişli maglumat "Döwlet dükanlary boş". Türkmenistan ilatynyň iýmit hukugyny berjaý etmeýär“Çörek gelmedi. Satyjy çöregiň günortan getiriljekdigini aýtdy. Ýaşaýjylar gaharlanyp, dargady” diýip, habarçy aýtdy.
Ol çörek satyn almak üçin döwlet dükanynda garaşyp, tamasy puja çykan ýaşaýjylaryň özara gürrüňlerinde olaryň çörek gytçylygyndan nägile bolýandyklaryny habar berdi.
“Soňra, günortan çörek getirildimi, getirilmedimi ony bilmedim, biz Teke bazaryndan çörek satyn aldyk. Bir çörek bäş manat” diýip, habarçy aýtdy.
Ol bazardaky çörekleriň hem ululygynyň barha kiçelýändigini, unuň hiliniň ýaramazdygyny habar berdi.
Resmiler döwlet dükanlarynyň çörek üpjünçiliginde dörän bökdençlikleri ne inkär edýär ne-de tassyklaýar.
Aşgabatly ikinji habarçy beýleki bir döwlet dükanynda ýüze çykan buhanka çöreginiň gytçylygy barada habar berdi.
“Aşgabat şäheriniň çäginde ýerleşýän döwletiň garamagyndaky dükanlarda ir sagat 7-de halk arasynda buhanka atlandyrylýan çörek çäkli mukdarda, elýeter bahadan, bir çörek 60 teňňeden satylýar. Çöregiň hiliniň pesiräkdigine garamazdan, şäher we oba ýaşaýjylary uzak hem bolsa paýtagta çörek almak üçin gelýärler. Soňky günlerde çörek üpjünçiligi düýbünden ýaramazlaşdy. Ir sagat 7-de getirilýän çöregiň gelmegi togtady. Ýaşaýjylar sagat 7 bolmanka dükanyň gapysyny mejbur garawullamaly bolýarlar” diýip, habarçy habar berdi.
Ol Aşgabadyň çetinde ýerleşýän obalaryň ýaşaýjylarynyň hem çörek satyn almak üçin paýtagta gelýändiklerini aýtdy.
“Sebäbi paýtagtyň merkezindäki we merkeziň golaýyndaky dükanlar elýeter bahadan çörek bilen üpjün edilýär. Şol sebäpden ilat 10-15 kilometr ýol geçip çörek almaga gelýärler. Bu ýagdaý her gün gaýtalanýar. Çörek ýetmeýän halatynda dawa-jenjel hem ýüze çykýar, ýöne salyhatly adamlar ‘olar hem öz ýaşaýan ýerlerinde çörek bolsa, ýol söküp gelmezdiler, olaryň hem ýagdaýyna düşüneliň’ diýip, adamlary ylalaşdyrýarlar” diýip, habarçy gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabadyň bir bazarynda et üpjünçiliginiň ýagdaýyny öwrendi.
Ol 8-nji oktýabrda paýtagtyň 30-njy etrapçasynda ýerleşýän 3 belgili bazarda düýe we geçi etiniň satylandygyny habar berdi.
“30-njy etrapçada ýerleşýän 3 belgili bazarda sagat 10-da bir düýäniň we ýigrimi geçiniň eti [satyldy]. Alyjylar nobata düzülip, garaşyp başladylar. Bir sagadyň dowamynda düýe eti böleklere bölündi hem-de sagat 11-de bäş adamdan ilkinji nobatda düýe etini satyp başladylar” diýip, habarçy aýtdy.
Ýöne ol käbir alyjylaryň soňra satyn alan etini yzyna gaýtarandygyny habar berdi.
“Bir bölek etiň [ep-esli] bölegi ýag, galan bölegi süňk. Şonuň üçin, satyn almak islemediler. Satyjylar eti çalyşmagy ýa-da saýlap almagy gadagan edýärler” diýip, habarçy aýtdy.
Mundan ozal, Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýurduň Ahal we Mary welaýatlarynyň käbir sebitlerinde hojalyk mallarynyň näbelli keselden köpçülikleýin gyrylýandygy barada habar berip, bu maglumatyň fonunda 7-nji oktýabrda Aşgabatyň bazarlarynda arzan bahadan, 1 kilogramy 24 manatdan, mal etiniň peýda bolandygyny habar berdi. Azatlyk Radiosy bu ikisiniň arasynda arabaglanyşygyň bardygyny ýa-da ýokdugyny garaşsyz tassykladyp bilmedi. Sentýabryň ortalarynda Aşgabatda 1 kilogram etiň bahasy hususy söwdada 80 manada çenli çykdy.
Bu aralykda, Aşgabadyň döwlet dükanlarynda ýumurtga gytçylygy heniz hem saklanyp galýar
“Ýumurtga heniz hem gyt. Şäheriň döwlet dükanlarynda irden 11 ýumurtga 5 manatdan satylýar. Nobatlar uly. Çagalara we ýetginjeklere, olar nobata dursalar-da, satylmaýar. Käbir dükanlar gapdalyndan tüwi satyn almak şerti bilen 30 ýumurtgadan berýär. Parahat 2/4 etrapçasynyň 79 belgili döwlet dükanynda bir aýdan gowrak wagt bäri ýumurtga satylmaýardy, düýn (7-nji oktýabrda) irden sagat 7-de ýumurtga peýda boldy. Her adama 11 ýumurtgadan satyldy, ýöne çalt gutardy. Bu gün adamlar ýumurtga satyn almak üçin irden sagat 6-da nobata durdy hem-de her adama 11 ýumurtga, dükanyň arka gapysyndan satyldy” diýip, habarçy aýtdy.
Ol döwlet dükanynda ýumurtga söwdasyna täze şertiň girizilendigini, onuň gapdaly bilen alyjylardan 3 manatdan gara hojalyk sabynyny satyn almagyň talap edilýändigini habar berdi.
“79 belgili dükanda 2 aý töweregi wagt bäri ýumurtga satylmady, ýöne Parahat 1 etrapçasynda ýerleşýän 21 belgili dükanda şunça wagtlap 11 ýumurtga 5 manatdan satyldy we satylýar, gapdalyndan goşmaça haryt satyn almak talap edilmeýär. Dükan dolandyryjysynyň özi tertip-düzgüne we adamlaryň nobatyna gözegçilik edýär” diýip, habarçy aýtdy.
Onuň maglumatlaryna görä, hususy dükanlarda bir ýumurtga 1 manat 10 teňňe – 1 manat 20 teňňe aralygynda bahalanýar.
Hukuk goraýjy guramalar Türkmenistanda dowam edýän azyk krizisine üns çekýär. 23-nji sentýabrda adam hukuklaryny goraýjy "Human Rights Watch" we "Adam Hukuklary boýunça Türkmen Inisiatiwasy guramasy" (TIHR) beýanat çap edip, Türkmenistanda "hökümetiň COVID-19 pandemiýasynyň ykdysady täsirine jogap bermekdäki hereketsizliginiň Türkmenistanda öňden gelýän azyk krizisini hasam güýçlendirendigini" aýtdy.
Türkmen resmileri ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklary, şol sanda esasy iýmit önümleriniň üpjünçiliginde döreýän kynçylyklary aç-açan boýun almaýar. Döwlet mediasyna görä, ýurtda ‘bagtyýarlyk’ höküm sürýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.