Bişkekdäki täze çykyşlarda täze hökümet üçin 'arassa' syýasatçylar talap edildi

7-nji oktýabrda Ala-Too meýdançasynda jemlenen protestçiler Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbaý Jeenbekowa impiçment talap etdiler, Bişkek, 7-nji oktýabr, 2020

Gyrgyzystanda garşydaş oppozisiýa toparlary häkimiýete eýe bolmaga synanyşýarka müňlerçe adam köçelere gaýdyp bardy. Protestler hepdäniň ahyrynda geçirilen saýlawlaryň netijeleriniň ýatyrylmagyna we premýer-ministriň hem beýleki ýokary derejeli resmileriň işinden aýrylmagyna sebäp boldy.

Müňlerçe demonstrant 7-nji oktýabrda paýtagt Bişkekdäki hökümet binasynyň öňünde, şeýle hem merkezi Ala-Too meýdançasynda Merkezi Aziýa döwletiniň indiki hökümetini döretmek üçin "arassa" nesil talap etdiler we öz nägileliklerini mälim etdiler.

Olaryň talaplarynyň arasynda premýer-ministr wezipesine telekeçi Tilek Toktogaziýewiň bellenmegi we parlamentiň bu wezipä 6-njy oktýabrda giçlik hödürlän oppozisiýa syýasatçysy Sadyr Japarowyň kandidaturasynyň ret edilmegi. Japarowy birnäçe sagat oňýany protestçiler tarapyndan türmeden boşadylypdy.

Gyrgyzystanyň habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, bu karar gaharly mähelläniň ýygnagyň geçýän myhmanhanasyna girmegine sebäp boldy we Japarowy arka gapydan gaçmaga mejbur etdi.

Degişli maglumat Oşyň öňki häkimi Gyrgyzystana gaýdyp bardy, ýurt 'howply ýagdaýda' diýdi

Birnäçe oppozisiýa partiýasy tarapyndan döredilen we özüni Halk koordinasion geňeşi diýlip yglan eden topar 7-nji oktýabrda Japarowyň wagtlaýyn kabinetini ykrar etmejekdigini we ähli döwlet ygtyýarlyklaryny öz üstüne alýandygyny parlamenti dargadýandygyny aýtdy.

Premýer-ministr Kubatbek Boronowyň hökümetiniň 6-njy oktýabrda işinden aýrylmagyndan soň izolirlenen Prezident Sooronbaý Jeenbekow, bidüzgünçilikler ýüze çykan gününden bäri eden ikinji çykyşynda araçy bolmaga taýýardygyny aýtdy.

Wakalaryň tizligi köpleri geň galdyrsa-da, Gyrgyzystan syýasy başagaýlyklar bilen öňem tanyş. Soňky 15 ýylda iki prezident agdaryldy we uzak wagtdan bäri ýaran Orsýet protestleriň Hytaý bilen serhetleşýän ýurda ýaýramagyndan alada bildirdi. Bu öňki sowet respublikasynda Orsýetiň harby howa bazasy ýerleşýär.

Bu tolgunyşyk resmiler 4-nji oktýabrda hökümete tarapdar birnäçe partiýanyň ýeňiş gazanmagyndaky parlament saýlawlarynyň netijelerini yglan edenlerinden soň başlandy.

Müňlerçe adam Bişkekiň we beýleki şäherleriň köçelerine çykyp, sesleriň satyn alynmagy bilen netijeleriň galplaşdyrylandygyny öňe sürdi we ret edilmegini talap etdi. Halkara synçylary hem ses berişlikde galplyklara ýol berlendigini pikir edýärler.

Polisiýanyň bilen demonstrantlaryň arasyndaky çaknyşykda 19 ýaşly bir protestçi öldi we demonstrasiýa wagtynda köp adam ýaralandy.

Degişli maglumat "Graždan aktiwligi - gyrgyzystanlylaryň bolçulygy, türkmenleriň ýetmezçiligi"

7-nji oktýabrda geçirilen çykyşlarda demonstrantlar ýaşlar guramalaryna wekilçilik edýändiklerini aýtdylar we "köne korrumpirlenen syýasatçylardan" hökümetden uzak durmagyny isleýärler.

"Köneler gitmeli" -diýip, hökümet binasyna girjek bolan demonstrantlar gygyrdylar.

Japarowyň tarapdarlary binanyň girelgesini petiklemek üçin binanyň öňüne geçip, dartgynlygy hasam güýçlendi. Azatlyk Radiosynyň habarçysy dartgynlylygy güýçli diýip häsiýetlendirdi.

Toktogaziýew Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda "birnäçe syýasy partiýanyň ýaş agzalary tarapyndan wagtlaýyn hökümet baştutany wezipesine hödürlenendigini" aýtdy.

"Esasy maksadymyz, ähli syýasatçylaryň islegini ýöretmek. Häzirki wagtda ýüzbe-ýüz bolýan bu syýasy we ykdysady krizis üçin [Prezident] Sooronbaý Jeenbekowyň ýolbaşçylygyndaky köne häkimiýetler doly jogapkär. Ýaş hünärmenleriň täze hökümetini gurarys. Biz daşary ýurtlarda ýaşaýan ähli gyrgyz ýaşlaryny öýlerine çagyrarys. Biziň esasy problemamyz, Gyrgyzystanda rewolýusiýalar ýaşlar tarapyndan amala aşyrylýar, olar janyny gurban edýär, köne korrumpirlenen syýasatçylar bolsa häkimiýet başynda galýar" - diýip Toktogaziýew aýtdy.

Soňra demonstrantlar binanyň içine girmäge mejbur boldular we Toktogaziýew oppozisiýa partiýalaryna wekilçilik edýän beýleki syýasatçylara goşulyp, täze hökümetiň düzümini we täze premýer-ministriň hödürlenip biljek kandidatlaryny ara alyp maslahatlaşdy.

“Reforma” partiýasynyň öňdebaryjy agzasy Klara Sooronkulowa premýer-ministr wezipesine başga-da iki adama - Jumadyl Egemberdiýewi we Azatlyk Radiosynyň habarçysy Ali Toktakunowy teklip etdi.

Sooronkulowanyň teklibi beýlekiler tarapyndan goldanmansoň, ol ýygnakdan çykyp gitdi.

Japarowy öňe süren 20 töweregi kanun çykaryjylar topary oppozisiýanyň "Bir Bol" partiýasynyň agzasy Myktybek Abdyldaýewiň parlamente ýolbaşçylyk etmegini teklip etdi.

Oppozisiýanyň "Ata-Meken" partiýasynyň lideri Janar Akaýew 7-nji oktýabrda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda myhmanhanadaky gijeki mejlise gatnaşan kanun çykaryjylaryň, nirededigi belli bolmadyk Jeenbekowa ýakyndygyny we olaryň asyl maksadynyň prezidentiň saklanyp galmagyna kömek etmekdigini aýtdy.

Koordinasion geňeş, Abdyldaýewiň we zamun almakda günälenip, tussaglykda bolan we protestleriň dowamynda türmeden boşadylan Japarowyň kandidaturasyny ret edi.

Bütin ýurt boýunça regional häkimiýetler zor bilen ýa-da meýletin işden aýrylýar, Bişkek şäheriniň häkimleri we ýurduň günortasyndaky ikinji uly şäher Oşyň ýolbaşçylary hem çalşyldy.

Oşyň öňki häkimi Melis Myrzakmatow 7-nji oktýabrda şähere gaýdyp geldi we öz tarapdarlaryna ýüzlenip, Gyrgyzystanyň “örän howply ýagdaýdadygyny” we “ogrylar we garakçylar” bulaşyklyk ekmäge taýýardy diýdi.

Içeri işler ministriniň orunbasary Almaz Orozaliýew 7-nji oktýabrda Bişkek polisiýasynyň şäherdäki ýagdaýa gözegçilik edýändigini we içeri işler ministri wezipesini ýerine ýetiriji Kursan Asanowyň paýtagtda kanun we tertip-düzgüni goramak üçin jogapkär ýolbaşçylyk edýändigini aýtdy.

Bu aralykda 7-nji oktýabrda habar beriş serişdeleri näbelli adamlaryň onlarçasynyň Kanadanyň eýeçiligindäki Kumtor Gold kompaniýasynyň Bişkekdäki ofisine girmäge synanyşandygyny habar berdiler. Gyrgyzystanyň altyn öndürýän esasy kärhanasy Kumtor, Kanadanyň “Centra Gold” firmasyna degişlidir.

Bir gün öň birnäçe magdançy ýygnanyşyklar we tolgunyşyklar wagtynda ofislerine we desgalaryna hüjüm edilendigini mälim etdi.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Bişkekde müňlerçe adam parlament saýlawlarynyň netijelerine garşy çykdy

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.